Peýdaly endikler
“Adam özüniň dowamly gaýtalanýan hereketiniň guluna öwrülýär.” - Orison Swed Marden
Endik näme? Birnäçe wagtyň dowamynda dowamly we durnukly gaýtalanylýan islendik hereket endige öwrülýär. Adamlar şol hereketleri dowamly gaýtalap özlerine endik edýärler we bu endikler bolsa, wagtyň geçmegi bilen olaryň häsiýetlerine öwrülýärler. Endikler 2 hili bolýar: peýdaly endikler we zyýanly endikler. Peýdaly endikler üstünlige ýetirýän bolsa, zyýanly endikler şowsuzlyklara duçar edip, durmuşymyzy kynlaşdyrýar. Peýdaly endiklere kitap okamak, sport bilen meşgullanmak, dil öwrenmek, ir turmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly jemgyýetimize peýdaly endikler degişlidir. Zyýanly endiklere bolsa, çilim çekmek, düzgün-tertibi berjaý etmezlik, ýalan sözlemek ýaly adamlary ýaltaçylyga we bidüzgünçilige eltýän endikler degişlidir. Bu endikler jemgyýetimiz üçin howply hereketlerdir. Bu hereketleriň netijeleri bolsa adamlaryň durmuşy üçin howply bolup durýar.
“Milliýon dollarlyk endikler” atly kitapda zyýanly endikleri öwrenmek aňsat ýöne olar bilen ýaşamak kyn, peýdaly endikleri öwrenmegiň kyndygyny, ýöne olar bilen ýaşamagyň aňsatdygyny barada bellenip geçilýär. Bu kitapda endileri özleşdirmegiň 7 sany täsin usuly usullary barada hem nygtap geçýär. Olar şulardan ybarat: 1. Karara gelmek. Mysal üçin ir turmak endigini özleşdirmek üçin jaňly sagadyňyzy belli bir wagta düzmeli we ertir ir oýanmalydygyňyz barada pikir etmeli. 2. Endigiňiziň bozulmagyna ýol bermezlik. Hiç haçan päsgelçiliklere garamazdan özleşdirjek bolýan endigiňiziň bozulmagyna ýol bermeli däl! 3. Beýlekilere gürrüň bermek. Özleşdirjek bolýan endigiňiz barada beýlekilere gürrüň beriň, şeýtmek arkaly sizde endigi özleşdirmäge has hem köpräk höwes dörär. 4. Göz öňüne getirmek. Özüňizi şol ýerine ýetirýän täze hereketiňizde göz öňüne getiriň! 5. Durnukly gaýtalamak. Özleşdirjek bolýan hereketiňizi dowamly we durnukly ýerine ýetiriň! 6. Yza gaýtmazlyk. Hereketiňiz endige öwrülýänçä dowam ediň, yza gaýtmaň! 7. Sylaglamak. Özleşdirjek bolýan hereketiňiz endige öwrülenden soňra özüňizi halaýan zatlaryňyz bilen sylaglap, özüňizi höweslendiriň!
Şu etaplary ýerine ýetirmek arkaly biz özümizde täze endikleri özleşdirip bilýäris. Adamlaryň nähili endikleri kabul etmekligi özüne bagly bolup durýar. Biz endiklere nähili özümizi öwrenişdigimizçe şonçada olar bizi dolandyrmaga başlaýar. Endikler biziň durmuşymyzda esasy orunda durýar. Ýöne biz hemişe peýdaly endileri özleşdirmek we zyýanly endiklerden gaça durmagy unutmaly däldiris!
Jennet Seýidowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby