Pelopannes urşy
Mowzuk: Polonnepes urşy.
Meýilnama:
1. Urşuň sebäpleri
2. Urşuň esasy döwürleri
3. Afinanyň ýeňilmegi. Onuň sebäpleri.
1. B.e.öň 431-nji ýylda başlanan we 27 ýyl dowam eden Afiny bileleşigi bilen Peloponnes bileleşiginiň arasynda bolan urşa Pelopannes urşy diýilýär. Bu iki bileleşigiň ykdysady, durmuşy we syýasy taydan tapawutlary uly bolupdyr. Has-da syýasy garşylyklar ýiti bolupdyr. Afiny Gresiýada demokratiýanyň daýanjy hökmünde görlüpdir. Spartakda bolsa aristokratik topar dolandyrypdyr.
Afinyň esasy bäsdeşiniň biri Korinf bolupdyr. Günbatarda onuň ykdysady bähbitlerine Afiny päsgel beripdir. Şonuň üçinem ol b.e. öň V asyryň 30-njy ýyllarynda Afinyny harby taýdan ýok etmegi talap edipdir. Pellopanes bileleşiginde Afiny bilen uruş hereketlerini alyp barar ýaly ýeterlik güýji, taýýarlygy bolmandyr. Ýöne ol urşa başlamaga mejbur bolupdyr. Korinf, eger uruş yglan edilmese, bileleişikden çykjakdygyny yglan edipdir.
Urşuň hakyky sebäbi Afiny tarapyndn Pelopannes bileleşigine howp abanmagy bolupdyr. B.e.öň V asyryň 30-njy ýyllarynyň ahyrynda urşuň başlanmagyna bahana bolup hyzmat eden üç sany waka bolupdyr. Birinjisi Kerkirada demokrtik we aristokratik toparlaryň arasynda başlanan raýatlyk urşuna Korinf bilen Afiny hem çekilmegidir. Bu işe Afinynyň goşulmagyna Korinfiň juda gahary gelipdir. Ikinjisi Afinynyň Magara şäherine garşy geçiren çäreleridir. Magara öň Afiny deňiz bileleşigine girip, soňra pelopnistileriň tarapyna geçen ekeni. Ol Afinyda söwda etmegini dowam edipdir. B.e.öň 432-nji ýylda Afiny özüniň we bileleşigiň agzalarynyň bazaarlaryna magara harytlaryny getirmegi gadagan edipdir. Bu bolsa Magaranyň ykdysadyýetini uly ugry bolupdyr we ol uruşmagy talap edipdir.
Üçünji bahana bolsa, Afinynyň garşydaşlarynyň Afiny deňiz bileleşiginden Halkidikanyň iri şäherleriniň biri bolan Patideýanyň bölünip aýrylmagyny gazanmaga çalşandyklarydyr. Muny basyp ýatyrmak üçin uly deňiz güýçlerini we güçli goplit goşunyny ibermeli bolupdyr. Polonnepes bileleşigi urşa 60 müňli gowy tälim berlen gury ýer goşunyny, 300 töweregi gämini çykaryp bilipdirler. Afiny bolsa 400 s any gowy enajmalaşdyrylan triýer, 32 müň goplit, 1200 atly goşun çykaryp bilipdirler.
Spartaklylar Afiny çozup girip, afiny goplitlerini galadan çykaryp, aýgytly söweşde ýok etmegi meýilnamalaşdyrdylar. A finy bolsa Pelopanesi deňizde gabap, gury ýere goşunlary düzüp, garaşylmadyk ýerlerden çozmak we goňşy adalary basyp alyp, duşmany ýok etmek meýilnamasyny düzupdirler.
2. Pelopennes urşuny esasy iki d öwre bölýärler:
1. Arhidam urşy (b.e.öň 431-421 ý)
2. Sisiliýa ýöriş we Dekeleýa urşy (b.e.öň 415-404 ý)
Bu urşuň aýratynlygy uruş hereketleriniň bir wagtyň özünde Gresiýanyň dürli ýerlerinde alnyp barylmagydyr.
Pelopannes urşunyň döwri Sparta patyşasy Arhidamyň ady bilen atlandyrylypdyr. Ilki Spartanyň tarapdary fiwulylyar Plateýa çozupdyrlar. Oňa Afiny kömek beripdir. Gabaw bäş ýyllap çekipdir. Arkidam öňki düzülen meýilnama esasynda Attika çozupdyr. Ilatyň köp bölegi Afinynyň diwarlarynyň aňyrsynda gizlenipdirler. Spartalylar Attikanyň oblastyny tozdurypdyrlar. Olar şeýdip duşmanyny aýgytly söweşe çykarjak bolupdyrlar. Afinynyň ilaty Pireý porty arkaly perekli zatlar bilen üpjün edilipdir. Spartalylaryň galany gabamak tejribesi bolmandyr. Arhidan Attikada bir aý bolmansoň, Peloponnese gaýdypdyr. Spartalylar b,eöň 427-nji ýyla çenli her ýyl (diňe b,e,öň 429-njy ýylda däl) Attikany tozduryp maksadyna ýetmäge çalşypdyrlar. Ýöne netije bolmandyr.
B,e,öň 430-njy ýylda Afinyda garaşylmadyk ýagdaýda garahassa keseli ýaýrapdyr. Ilatyň dörtden bir bölegi gyrlypdyr. “Kesel adamlaryň bedenine-de, ruhuna-da zyýanly täsior etdi” diýip Plutark ýazypdyr. Perike hem keselden ölüpdir. Sparta bu ýagdaýdan peýdalanyp. Afiny deňiz bileleşigini dargatmaga synanşypdyr. Potideýada gozgalaň turupdyr, Lesber adasay bölünip aýrylypdyr. Olar Spartadan kömek sorapdyrlar. Ýöne 100 gämiden ybarat afiny deňiz güýçleri Peloponese baryp, spartalylary çykalgada saklapdyrlar. 1000 goplitli beýleki bir Afiny eskadrasy bolsa Lesbasyň esasy şäheri Mitilenyny gabapdyr we boýun egdiripdir. Gozgalaňçylara agyr harby töleg salnypdyr, ýeriniň bir bölegi alnyp, oňa 2700 Afinylyny göçürip eltipdirler. 1000 mitileny aristokratyndan az alnypdyr.
Afiny duşmanyň ähli çozuşlaryny yza serpikdirmegi başarypdyr. Afinylylar Peloponnesi töwerekleýin gabamak işini hem durmuşa geçiripdirler. Baryp Perikliň döwründe b,e,ö 431-430-njy ýyllarda 150 triýel Peloponnesiň kenarlaryny tozdurypdyr, Kefalleniýa, Zakinf adalary, Solliý şäheri eýelenipdir. Korinfiň günbatar deňiz, ýoluna gözegçilik edýän Nawpakt şäheri berkidilipdir. Gresiýanyň günbatar kenarynda Sfinynyň täsir ediş zology emele gelipdir. Şolara daýanyp, Afiny geljekde üstünlikli uruş hereketlerini geçirip biljekdi.
Afinynyň Halk ýygnagynda urşuň ilkinji bäş ýylynyň kynçylyklary döwründe iki toparyň arasynda gazaply syýasy göreş gidipdir. Kleonyň baştutanlygyndaky topar aýgytly hüjüm etnegiň, ähli güýçli, serişdeleri ulanmagyň tarapdary bolupdyr.
Iki ýer eýesi Nikiniň topary bolsa goranyň hereketlerini alyp barmagyň we Spar bilen ýaryşyk baglanşmagyň tarapdary bolupdyr. Iri gan ussahanasynyň eýesi Kleonyň tarapdarlary üstüň çykypdyrlar.
B,e,öň 426-njy ýyldan başlap, Afiny hüjüme geçip ugraýar. B,e,öň 426-424-nji ýyllarda esasy uruş hereketleri Gresiýanyň günbatar welaýatlarynda bolupdyr. B,e,öň 426-njy ýylda afinylylar starteg Demosfeniň baştutanlygynda Solliniň ýanynda pelonneslileriň 3 müň goplitli goşunyny ýeňýär. Sisiliýada käbir üstünlikler gazanylypdyr.
Afinylylar Günbatar Messeniýada Spartany güýçli ýeňlişe sezewar edipdirler (b,e,öň 425ý) Starteg Demosfen Pilos diýen ýerjagazy eýeläpdir. oňa messeniýanyň ilatlary hem gelip goşulypdyrlar. Sparta Attikadan we beýleki ýerlerden hem goşunlaryny çagyryp getiripdir we Pilos duralgasyny bekleýän Sfakteriýa adajygyny eýeläpdir. şeýle-de bolsa afinylylar spartalylaryt zabt edip alypdyrlar. Gresiýanyň taryhynda spartalylar ilkinji gezek ýesir alnypdyrlar. 292 goplit we 120 spartaly begzada Afinä iberilipdir. B.e,öň 424-nji ýylda afinylylar harby taýdan möhüm ähmiýeti bolan Kifery adasyny eýeläpdirler. Spartanyň ýagdaýy ýaramazlaşypdyr.
3. Şeýle-de bolsa, afinylylar Pelopannes bileleşigine kembaha garap, ýalňyşypdyrlar. Baryp b,e,öň 425-nji ýylda afinylylar Korinfiň ýanynda kiçiräk goşuny bilen ýeňlip gaýdypdyr.
Biziň eramyzdan öň 424-nji ýylda Afiny Beotýanyň polislerini Pelopannes bileleşiginden çykarmaga synanşypdyr. Ýöne Deliý obasynyň ýanynda bolan çaknyşykda Afiny Arkidam urşunyň dowamyndaky iň uly şowsuzlygyna uçrapdyr.
Biziň eramyzdan öň 424-nji ýylda Afinynyň Sisiliýadaky goşunlary hem yzyna dolanmaly bolupdyrlar. Sparta-da talantly serkerde Basidiň baştutanlygyndaky goşun bilen Afinynyň gowşak ýeri bolan Halkidikadan zarba urmak karar edilýär.
Ol bütin Gresiýanyň içi bilen geçip , Egeý deňziniň Frakiýa kenaryna gelýär. Ol makedan patyşasyny we ýerli şäherleriň birnäçesini öz tarapyna çekip, Afinynyň bu ýerdäki esasy şäheri – Amfiply gabaýar. Afinydan Kleonyň baştutanlygynda gelen goşun bilen bolsa çaknyşykda afinylylar ýeňilýär. Kleon we Brasid bolsa wepat bolýar (b,e,öň 422). Ýöne Sparta hem güýçden gaçypdyr. Olar Afinydan Pilosy (Spartanyň 75 km golaýynda), Kiterany azat etmelidi, ýesirleri gaýtaryp getirmelidi. Afinynyň ýagdaýy hem gowy bolmandyr. Nikiniň täsiri güýçlenip, b,e,öň 421-nji ýylda ýaraşyk baglaşylýar. Oňa Nikiý ýaraşygy diýlip, onuň şertlerine görä, uruşdan öňki ýagdaýy saklamak barada, bir-birege basylyp alnan şäherleri, ýesirleri gaýtaryp bermek, gaçgak gullary, goçaklary kabul etmezlik barada ylalaşylýar. Ýaraşyk baglanylsa-da urşuň esasy sebäpleri aradan aýrylmandyr, Ýaraşygyň möhleti 50 ýyl bolsa-da, iki tarapam güýç ýygnamaga başlapdyr.
B,e,öň 415-404-nji ýyllarda Peloponnes urşunyň 11 döwrüniň wakalary bolup geçipdir. Uruş hereketlerini Afiny başlapdyr. Harby hereketleriň esasy ugry ýene-de günbatarda bolupdyr. Afiny Nikiý şernamasyny doly ýerine ýetirmändir. Ol Kifera adasyny we Pilos şäherini gaýtaryp bermändir. Afiny Sparta bilen Korinfiň agzalalygyndan peýdalanjak bolupdyr (Korinf we Beotiýa ýaryşyga garşy ekenler).
Afiny amarly pursat arap, b,e,öň 415-413-nji ýyllarda Sisiliýa ýöriş gurapdyr. Ýörişe Afinynyň ökde serkerdeleri Nikiý, Lamah, Perikliň ýegeni Alkwiad baştutanlyk edipdirler. 200 triýerden 10 müň goplitden, 28 müň ýeňilýaragly goşun we küregçilerinden ybarat goşun Sisliýa baranda, bulary Afinynyň tarapdarlary hem (Regiý, Messena, Katana) sowuk garşylapdyrlar. Afinylylar esasy şäher Sirakuzyny gabapdyrlar. Sirakuza Poleronnesden tejribeli baştutan Gilippiň ýolbaşçylygynda kömekçi goşun gelipdir. Afinynyň Demosfeniň baştutanlygyndaky harby deňiz güýçleri b,e, oň 413-nji ýylda bolan deňiz söweşinde ýok edilipdir. Sirakuzyny gabap gury ýer goşunlary hem Afinä dolanmak üçin, Sisliýanyň içine çekilipdirler. Ýöne olary yzarlap ýetip ýok edipdirler we ýesir alypdyrlar. Nikiý we Demosfen jezalandyrylypdyr. Ýesirleri bolsa gul edipdirler. Afinynyň Sisliýada ýeňilmegi uly betbagytçylyk bolupdyr. Sebäbi 200 triýe onuň deňiz güýçleriniň üçden ikisi, 10 müň goplit bolsa, goplit goşunynyň üçden biri bolupdyr. Köp serişde çykdaýjy edilipdir. Şondan soň Sparta hüjüme geçip, Afinynyň 22 km golaýynda ýerleşen Dekeleýany eýeläpdirler. Ony Ozleriniň daýanjy nokadyna öwrüpdirler. Bulara gysga wagta 20 müň töweregi hünärli gullar gaçyp gelipdirler.
Sparta ýeňmek üçin iki meseläni çäzmeli bolupdyr:
1. Spartanyň harby-deňiz güýçlerini döretmeli.
2. Afiny deňiz bilelişiginiň dargamagyny ýa-da gowşamagyny gazanmaly.
Biziň eramyzdan öň 412-nji ýylda spartalylar we onuň tarapdarlary Eýrandan pul kömegini alyp, uly harby-deňizgüçlerini döretmäge girişipdirler. Şol wagtlar Afinynyň şowsuzlygyndan peýdalanyp, Hios, bütin Ioniýa bileleşikden çykypdyr.
Bu ýagdaýdan çykmak üçin Afiny Frosy ýatyrypdyr. Gaznany doldurmak üçin bogazlardan geçýän harytlara 5 göterim salgyt saltypdyr. Deňiz güýçleri gaýtadan dikeldilýär we Ioniýa ýagdaýy kadylaşdyrmak üçin iberilýär.
Biziň eramyzdan öň 411-nji ýylda Afinyda döwlet agdarylyşygy bolupdyr. Häkimýeti 5 adamyň topary tarapyndan saýlanýan 400-leri Maslahaty ele alypdyr. Olar ähli demokratik guramalary gatyrypdyrlar. Sparta ýaraşyk teklip edipdirler, ýöne olaryň teklibi kabul edilmändir.
Deňiz güçleriniň baştutanlary demokratik gurluşyň tarapdarlary bolupdyrlar. Olar 400-leriň Maslahatynyň hökümetini ykrar etmandirler. Olaryň esasy merkezi Samosda ýerleşipdir.
B,e,öň 411-nji ýylda Abidosda, b,e,öň 410-njy ýylda Kizikda pelopaneslileri iki grek afinylylar ýeňlişe sezewar edipdirler. Şondan soň 400-leriň häkimýeti hem agdarylypdyr.
Eýran Sparta köp karz pul kömegini beripdir. Spartalylaryň täze deňiz güýçleri Lisadryň baştutanlygynda Ioniýada afinylylara garşy üstünlikli hereket edipdir. Şonda afinylylar Arginuss adalarynyň ýanynda iň soňky ýeňşini gazanyp (b,e,öň 406ý), Spartalylaryň 70 triýerini ýok edipdir.
Ýöne b,e,öň 405-nji ýylda Lisandr Afiny gämilerini aldowa salyp gabap ýok edipdir. Şondan soň halas bolmak üçin Afinyda gämide, goşun-da, pul-da, umyt-da galmandyr. Afiny şäheri gabalypdyr we boýun egdirlipdir (b,e,öň 404ý). sparta Afinä ýaraşygyň agyr şertelerini dakypdyr; Afiny deňiz bilelişigi dargadylýar, deňiz güýçleri ýok edilýär, berkitmeleri ýykylýar, uzyn diwarlar we goşunyň desgalary ýok edilýär. Afinynyň kowlan demokratlaryň garşydaşlary gaýdyp getirilýär. Demokratlaryň garşydaşlary gaýdyp getirilýär. Demokratik gurluş ýok edilip, häkimiýet Sparta ýaramly 30hökümdary eline geçýär, Afiny ýönekeý grek şäherine öwrülýär.
Afinynyň ýeňilmegine onuň öz gaýçlaerine artykmaç baha bermegi, bileleşigiň işindäki agzalalyklar, grek dünýäsiniň gowşamagyny isläp Eýranyň Sparta pul kömegini bermegiň we ş.m. sebäp bolupdyr.
Mowzuk: B.e. öň IV asyryň I ýarymynda polis ulgamynyň çökgünligi
Meýilnama
I umumy okuw
1. Grek polisleriň halkara ýagdaýy
2. B.e. öň IV asyrda Gresiýanyň durmuş-ykdysady ýagdaýy
3. Sparta b.e. öň IV asyrda
4. Korinf urşy
1.Grek polisleriniň halkara ýagdaýy Peloponnes urşundan soň örän drtgynly bolupdyr. Uruş wagtynda grekleriň içerki islerine gatyşan Eýran Sparta bilen Afiny ýaraşyk baglaşansoň hem, olaryň içerki işlerine gatyşmagy dowam edipdir.
Gresiýada täze agalyk ediji döwlet-Spartanyň bolsa, grek dünýäsinde ýolbaşçylyk etmek üçin, Afinynyňky ýaly durmuş-ykdysady we syýasy tejribesi bolmandyr.
Kiçi Aziýada grek polisleri bolsa Eýranyň gözegçiliginde bolupdyr.
2.Afinynyň ýeňilmegi, ykdysady we syýasy bileleşme bolan Afiny deňiz bileleşiginiň dargadylmagy Gresiýany dagynyklyk ýagdaýa getiripdir. Emele gelen ykdysady gatnaşyklary bökdäpdir. Uruş ägirt uly maddy, adam, pul serişdeleriniň we uly gymmatlyklaryň ýitirilmegine getiripdir. Uruş wagty zeýtun, üzüm baglary çapylypdyr. Ekin meýdanlary otlanypdyr.
Iri ýer we ussahana eýeleri girdejili hojalyk ýöredipdirler. Karz berip, göterim almak giň ýaýrapdyr. Gämi eýelerine berlen karzlarda süýthorçylyk 30 göterime baryp ýetipdir. Käbir iri gul eýeleri guluna aýry ýaşamaga we köp töleg töläp ussahanada işlemäge rugsat berýän ekenler. Şeýle gullaryň käbiri pul toplap öz-özüni satyn alýan ýagdaýlary-da bolupdyr.
Hojalykda önümçiligiň ýokarlanmagy polisleriň içinde we arasynda söwdanyň ösmegine ýardam edipdir. Polisleriň arasynda söwdanyň ösmegi b.e. öň IV asyrda zikgelenen pullaryň artmagyna getiripdir.
Uruş wagtynda Afiny köp köp pul çykdajy edipdir. Sporta bolsa , Eýranyň beren pul kömeginiň hasabyna, grek oratory Isokratyň maglumatlaryna görä, 5 müň talant pul ýygnapdyr. Olar Afinynyň taraplaryny we beýleki şäherleri talanda hem şonçarak pul edinipdirler. Uruş wagty pul zerurlygy bilen ybadathanalardaky gymmat baha zatlar, gaplar her eredilipdir.
Ýer mülkleri bilen birlikde pul hem baýlygyň bir görnüşi hökmünde emele gelipdir.
Indi baýlaryň arasynda metekler we daşary ýurtlular hem bolupdyr.
Çalt baýamagyň bir usuly hem gallanyň bahasyny ýokarlandyryp satmak bolupdyr. Polis häkimýetleri muňa garşy göreşmäge çalşypdyrlar. Afinyda gözegçileriň sanyny 10-dan 35-e ýetiripdirler. Gämide getirilen gallanyň uly mukdaryny söwdagärler gözegçileriň garamagynda gämiden düşürmän, ownuk söwdagärlere satmaly bolupdyrlar. Öň ýuridiki taydan raýatlyk derejesini almagyň esasy şerti ýeriň eýesi bolmak bolan bolsa, b.e. öň IV asyrda bu düzgün ähmiýetini ýitirip başlapdyr. Afiny raýatlarynyň köp bölegi ýerlerini ýitirip, şäherde arassa şäher durmuşynda ýaşap başlapdyrlar. Raýatlaryň orta gatlagy bolan zewgit hojalyklarynyň sany azalypdyr.
Raýat bolmadyk ilata bolsa ýer bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolupdyr.
Raýatlaryň arasynda iň köp sanly gatlak fetler bolupdyr. Olaryň arasynda serişdesiz galan, gedaýçylykda ýaşamaga mejbur bolanlar peýd bolupdyr. Bularyň işläsi gelibem durmnadyr. Sebäbi ýönekeý zähmet gullaryň işi hasaplanypdyr. Olaryň ýaşaýşynyň esasy çeşmeleri Halk ýýgnagyna kazyýet işlerine, magistraturalara harby ýörişlere gatnaşyp alýan tölegi bolupdyr. Olaryň köpüsi daşary ýurt serkerdelerine hakyna durupdyrlar. Gresiýada hakynatutmalaryň öz hyzmatlaryny hödürleýän ýörite bazarlary emele gelipdir (Lakonikada, Arkadiýada, Korinfded, Fessaliýada. Fokidada).
Hakynatutma goşunlaryň giň ýaýamagy, beýleki tarapdan bolsa, uruş wagty raýatlardan düzülýän goplit goşunynyň polisiň harby guramasy hökmünde ähmiýetiniň gaçmagy polis ulgamynyň çökgünliginiň aýdyň mysalydyr.
3.Pelopomus urşundan soň , Afinynyň grek dünýäsindäki agalygynyň ýerine Sparta gelipdir. Spartanyň harby bölümleri harby baştutanlar – garmostlaryň ýolbaşçylygynda ähli öňki afiny bileleşigindäki polislerde ýerleşdirilipdir. Spartanyň Afinyňky ýaly beýleki polisleri dolandyrmak tejribesi bolmandyr. Uruş gutaransoň , Sparta nawarhy Lisandr beýleki “azat edilen” şäherlerde spartaparaz onluklaryň häkimýetlerini ornaşdyrypdyr. Spartanyň içerki işlerine gatyşmagyna garşy çykan polislere jeza beriji ýörişler edilipdir. Meselem, Sparta demokratik Elida garşy Peloponnisiň ähli güýçlerini jemläp, ullakan goşun bilen iki ýyllyk ýöriş edipdir we tozdurypdyr. Sparta hat-da öz güýçli taraplaryny Korinf bilen Fiwä hem ulumsylyk bilen garapdyr. Bu şäherlerde Sparta garşy meýiller güýçlenip ugrapdyr.
Spartada öz täsirini berkitmek Afinyda hem başartmandyr. B.e. öň 4040-nji ýylda ýaraşyk baglaşylan badyna Afinyda häkimýet başyna Oguzlaryň oligarhik hökümeti gelipdir. Olary demokratlara garşy edýän terrorçylygy üçin otuz tiranlar diýip atlandyrypdyrlar. Spartalylaryň hojaýynlyk etmegi demokratik toparl;aryň gaharyny getiripdir. Sürgünlikdäki demokratlaryň topary Strateg Frasibulyň baştutanlygynda otuz tiranklaryň üstüne hüjüm edipdirler we sparta garnizony kömek etse-de , olary ýeňipdirler. Otuz tiranyň häkimýeti ýykylyp, demokratik guramalar dikeldilipdir.
Täze patyşa Aratkserks II (b.e. öň 404-358) spartalylary doganyna kömek edendigi üçin bagyşlamandyr. Sparta bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar juda ýitileşipdir. Sparta Kiçi Aziýa 10 müň goplit goşunyny we Beýik lakamly patyşa Agesilaýyň baştutanlygynda uly flot eltip, parslara garşy uruş hereketlerini başlapdyr. Eýran bilen Spartanyň arasyndaky bu uruş b.e. öň 399-njy 394- ýýllarda bolupdyr. Agesilaý b.e. öň 395-nji ýylda Sardanyň golaýynda uly ýeňiş gazanypdyr. Kiçi Aziýadaky şäherlere-de Sparta öz düzgünlerini ornaşdyryp başlapdyr. Pars satraplary bolsa , ähli ýerlerde Sparta garşy gürrüňler geçiripdirler . Olar Kiçi Aziýada we Balkan Gresiýasynda duşmanyna garşy güýçlere öjükdirmek üçin altyhna gysganmandyrlar. Iolar Afinyda , Argasda, Korinfde, Fiwyda täsirli syýasatçylary satyn alypdyrlar.
Uruş hereketlerini ýene-de Sparta başlapdyr. Ilki ol Beotiýa çozupdyr. Ýöne galiaztyň eteginde goşuny derbi-dagyn edilipdir, serkerde Lisandr wepat bolupdyr.
Şondan soň (b.e. öň 395ý) spartalylara garşy güýçli bileleşik emele gelip, oňa Afiny, Korinf, Argas, Ewbeýa, G.b.Gresiýanyň birnäçe welaýatlary we beýlekiler giripdir.
Bileleşigiň goşunlary Korinfiň günortaragynda ýerleşen Nemeýa diýen ýerde jemlenip başlapdyr. . Sparta howlukmaçlyk bilen 23 müňli goplit goşunyny ýygnap, Nemeýa getiripdir. Kiçi Aziýada ýören patyşa Agesilaýa haýal etmän Sparta dolanmak buýrulypdyr.
Spartanyň töweregi duşmanlarynyň halkasy bilen gurşalypdyr. Spartalylar bileleşikdäkileriň haýal-ýagallygyndan we agzalalykdan peýdalanyp, olary ýeňipdir we Sikion şäherini basyp alypdyr. Agesilaý hem Beotiýa gelip, Koroneýanyň ýanynda ýeňiş gazanypdyr. Ol söweşde agyr ýaralanypdyr. Bileleşigi doly derbi-dagyn etmek Sparta başartmandyr.
Şol ýyl (b.e. öň 394ý) Agesilaýyň Kiçi Aziýada galdyran flot Knidiň eteginde parslar tarapyndan çym-pytrak edilipdir. Sparta Kiçi Aziýadaky we adalardaky Agesilaýyň basyp alan ýerlerini ýitiripdir.
Spartanyň şowsuzlyklara uçrap ýöreninden peýdalanyp, Afiny parslaryň pul kömegi bilen Afinynyň we Pireýiň berkitmelerini , Uzyn dowarlary we Egeý deňziniň demirgazyk kenarynda öz täsirini dikeldip başlapdyr. Söwda ýollarynda we bogazlarda 10 göterimli salgyt girizipdir. Hakykat ýüzünde Afiny deňiz bileleşigi gaýtadan döräp başlapdyr.
Eýran Korinf urşunda grek şäherleri biri-birini güýçden gaçyrar ýaly syýasat alyp barypdyr. Ol Sparta gowşap başlanda oňa kömek edipdir. Korinf urşunda iki tarap hem güýçden gaçypdyr. Şonda Eýran ýaraşyk baglaşmak üçin özüniň araçyllyk hyzmatlaryny hödürl;äpdir.
B.e. öň 387-nji ýylda Antalkid ýaraşygy boýunça Kiçi Aziýanyň köp grek şäherleri Eýrana berlipdir. Peloponnes bileleşiginden başga ähli bileleşikler dargadylypdyr. Grekler üçin masgaraçylykly bolan bu ýaraşyk şertnamasynyň şertlerini gorap saklamak Sparta tabşyrylypdyr.
Sparta ýene-de Gresiýada agalyk ediji ýagdaýa eýe bolup, oligarhik düzgünleri girizip başlapdyr. Şäherlerde öz goşun bölümlerini ýerleşdiripdir, demokratik polislerden öç alyp başlapdyr. Meselem demokratik Mantineýany , kiçijik Fliunt şäherini tozdurypdyr.
B.e. öň 382-nji ýylda duýdansyz Fiwa çozupdyr. Yerli oligarhlaryň goldamagynda Fiwy akropolyny eýeläpdir. Antalkid şertnamasyny gyşarnyksyz ýerine ýetirip ýörende bolsa, Spartanyň oňa çozmagy bütin Gresiýada gahar-gazap döredipdir. Spartanyň eden-etdiligi we parslaryň içerki işlere gatyşmagy Sparta garşylykly meýilleri güýçlendiripdir.
II. Umumy okuw
5.II Afiny deňiz bileleşiginiň döremegi we dargamagynyň sebäpleri
6.Nuisgawy (klassyk) döwürde grek medeniýeti.
5.Afiny kem-kemden güýçlenip başlapdyr. Ol Antalkid ýaraşygyndan netije çykarypdyr. Parslar hem Sparta garşydaş hökmünde , Afinynyň güýçlenmegine päsgel bermändir. Afinä Lemnos , Imbroz , Skiras adalaryny, Wizantiý şäherini gaýtaryp beripdirler. Afiny bogazlarda erkin hereket etmäge mümkinçilik alýar. Ol özüne juda zerur bolan gallany Demirgazyk Garadeňiz kenarlaryndan , esasanam Bospor patyşalygyndan alypdyr. Afiny b.e. öň IV asyryň 80-nji ýyllarynda baý Hios adasy bilen aragatnaşyklary ýola goýupdyr. B.e. öň 378 ýylda Afiny öz aragatnaşyklaryny Simmahiýa (bileleşik) görnüşinde resmi taýdn berkidipdir. Netijede ilkinji Afiny deňiz bileleşigi emele gelýär. Bu bileleşik I Afiny deňiz bileleşiginden tapawutlanypdyr. Ol ykdysady aragatnaşyklary ýeňilleşdiripdir, agzalan deňhukukly we özbaşdak bolup, Afiny olaryň içerki işlerine gatyşmazlyga borçlanypdyr, döwlet gurluşyny hormatlapdyr we ýerlerini alyp kleruhlary göçürip eltmändir. II Afiny deňiz bileleşigi grek dünýäsinde Spartanyň agalygyna garşy gönükdirilipdir. Bileleşigiň ýokary organy ähli agzalaryň ýygnagy-sinedrion bolup, ol Afinyda hemişelik mejlis geçirip, her şäheriň bir sesi bolupdyr. Sinedrion Hlk ýýgnagy bilen bileleikde Bileleşigiň gündelik işlerini çözüpdir. Forosyň ýerine agzalar öz ýagdaýyna görä töleg töläpdirler. II Afiny deňiz bileleşigi deňhukukly özbaşdak döwletleriň birleşigi bolupdyr. Şonuň üçinem b.e. öň 378-nji ýylda bileleşik döränsoň, oňa tiz wagtdan onlarça polis gelip goşulypdyr. Olaryň sany 70-e ýetipdir. Afiny 100 triýerli flot döredipdir we goşunyň hakynatutma esgerler bilen üstüni ýetiripdir. Sparta muňa garşy çäre iberen gämileri b.e. öň 376 ýylda Naksos adasynyň ýanynda derbi-dagyn edilipdir. Şondan soň Afiny Egeý deňzinde agalyk edip başlapdyr we Günbatar Gresiýada birnäçe ýerler onuň tarapyna geçipdir. B.e. öň 371-nji ýylda Sparta bilen Afiny parahatçylyk şertnamasyny baglaşypdyrlar. Sparta II Afiny deňiz bileleşigini resmi taýdan ykrar edipdir we öz goşunlaryny şäherlerinden çykaryp, olara doly özbaşdaklyk bermegi boýun alypdyr.
B.e. öňki 379-njy ýylda Fiwynyň baştutanlygynda Beotiýa Polisleriniň bileleşigi gaýtadan döräpdir. Ol II Afiny bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýupdyr. B.e. öň 378-377-nji ýyllarda Agesilaýyň baştutanlygynda Peloponnesiň goşunlary iki gezek Beotiýa çozupdyr. Ýöne hiç zat edip bilmändirler.
Sparta b.e. öň 371-nji ýyldaky şertnamasy bilen Afinynyň Bitarap boljakdygyna bil baglap, Beotiýa çozupdyr. Lewktry şäheriniň ýanynda bolan söweşde beotiýa serkerdesi Epaminond uruş hereketlerini alyp barmagyň täze usullaryny ulanyp, patyşa Kleombortyň baştutanlygyndaky sparta goşunyny derbi-dagyn edipdir.
Beotiýanyň bu ýeňşi onuň syýasy täsirini artdyrypdyr. Onuň bileleşigine Ewbeýa, Fokida, Etoliýa we beýleki welaýatlaryň polisleri giripdir. Bularda demokratik toparlar häkimýet başyna gelipdirler.
Beotiýalylar Spartanyň harby kuwwatyna zarba urmak üçin birnäçe ýylyň dowamynda Peloponnese çozuşlar edipdirler. Olar ahyry Spartadan bileleşigine agzalarynyň bölünip aýrylmagyny we 200 ýyl dowam eden Peloponnes bileleşiginiň dargamagyny gazanypdyrlar.
Beotiýanyň güýçlenmegi Afinyny we Fessaliýny kanagatlandyrmandyr. Şonuň üçinem olar Spartanyň doly ýok edilmegine ýol berip biljek däldiler. Bu çylşyrymly göreşe eýran patyşasyny hem çekipdirler.
Sparta täzeden goşun ýýgnapdyr. Beotiýa onuň güýçlenmegine ýol bermeli däldi. B.e. öň 3672-nji ýylda Epaminond 30 müň goplit we 3 müň atly bilen Peloponnese giripdir we Mantineýanyň ýanynda gandöküşikli söweş bolupdyr. Spartanyň goşuny 3 esse az ekeni. Ýöne olar gaýduwsyz söweşipdirler. Beotiýalylar ýeňipdir. Ýöne ýeňiş olara juda gymmat düşüpdir. Epaminand wepat bolupdyr. Beotiýa syýasy we harby taýdan gowşapdyr. Onuň bileleşiginden käbir agzalary çykypdyr.
Sparta peloponnisiň bir polisi hökmünde saklanyp galmagy başarypdyr.
Peloponnes bileleşigi dargap, Beotiýa hem gowşansoň, II afiny deňiz bileleşigi ýene-de Afinynyň agalyk ediji täsirine düşüp ugrapdyr. Kleruhlary göçürmek, tölegiň mukdaryny köpeltmek, kazyýet işlerine Afinyda seretmek ýaly çäreler geçirilipdir. Triýerleriň sany 250-ä ýetipdir.
Afinä garşy närazylygyň döremegi “Bileleşik urşy” diýen ady alan gozgalaňyň turmagyna getiripdir (b.e. öň 357-355ýý). Hios, Rodos, Kos, Halhedon, Wizantiý ýaly şäherler 100 triýerli flot döredipdirler. Uruş hereketleri esasan, bogazlarda bolupdyr. Afiny bileleşige girýänleriň köpüsiniň özbaşdaklygyny ykrar etmeli bolupdyr. Iş ýüzünde II Afiny deňiz bileleşigi ýaşamagyny bes edipdir. Ýöne ol resmi taýdan b.e. öň 338-nji ýylda dargadylypdyr.
B.e. öň IV asyryň ortalarynda Balkan Gresiýasy birnäce ululy-kiçili polislerden ybarat bolupdyr. Olaryň içerki işlerine Kiçi Aziýanyň satraplary häli-şindi goşulypdyrlar. Özara uruşlar we duşmançylyk aragatnaşyklaryň polis ulgamynyň çökgünliginiň alamaty bolupdyr. Platon we Aristotel polisiň çökgünligini birnäçe özgerdişler arkaly ýeňip bolar diýip hasap eden bolsalar, Isokrat onuň çozgüdini Eýranyň ýerlerini basp almakda görüpdir. Indi Gresiýany birleşdirip bijek merkez tapylmandyr.
6.B.e. öň V-IV asyrlarda grek medeniýeti gadymy dünýäniň iň ösen medeni ulgamlarynyň birine öwrülipdir.
Gadymy grekleriň dini olaryň dünýşgaraýşynyň , ahlagynyň, edebiýatynyň , binagärliginiň , heýkeltaraşlygynyň , şekillendiriş sungatynyň we pelsepesiniň esaslaryny kesgitläpdir. Arhaik döwürde emele gelen baý grek mifologiýasy b.e. öň V-IV asyrlarda ajaýyp grek edebiýatynyň döremegine esas bolupdyr.
Hudaýlary owadan adamlaryň keşbinde göz öňüne getirmekleri heýkeltaraşlykda , olaryň ýaşaýan ajaýýp jaýlary binagärlikde beýanyny tapypdyr.
Her polisde onuň esasy hudaýynyň baýramçylygyny geçirmek we sadaka bermek dini däp-dessurlaryň esasy bölegi bolupdyr. Bu çärä polisiň güýjüniň we baýlygynyň esasy görkezijisi hökmünde garalypdyr.
Şeýle baýramçylyklara Afinyda geçirilýän Panafineý baýramçylygy , Dionisiň hormatyna geçirilýän Dionisiý baýamçylygy , Olimpiada Zewsiň hormatyna geçirilýän Olimpia baýramçylyklary, Delfyda Apollonyň hormatyna geçirilýän Pifiý baýramçylyklary, Korinfde Poseýdonyň hormatyna geçirilýän Istma baýramçylygy degişlidir.
Olaryň iň meşhury Olimpiýa oýunlary bolupdyr. Oýunlar ilki dini dessuryň bir bölegi hökmünde bolupdyr. Ýöne b.e. öň VI asyrda dini dessurlar sport ýaryşlaryna giriş hökmünde geçirilip ugralypdyr. Pifiýa oýunlarynda bolsa Kifaraçylaryň we awletleriň saz ýaryşy guralypdyr. Panafineý we Dionisiý baýramçylyklary bolsa, komediýa we tragediýa görnüşindäki teatr oýunlarynda meşhur grek teatrynyň emele gelmegine ösüp geçipdir.
Arhaik döwürde teatr oýunlary dürli ýerlerde goýlupdyr. B.e. öň V asyrda sahna üçin ýörite ýer peýda bolupdyr. Şeýle ýeri baýryň eteginde saýlap alyp, ýapgytda tomaşaçylar oturar ýaly daş basgançaklar oňarypdyrlar. Tomaşaçylaryň oturýan ýerine “teatron” (teaomaý – “seredýärin” sözünden) diýipdirler.Basgançaklar ýarymtegelek görnüşinde bolupdyr.
Sahnanyň goýulýan ýerine mermer düşelip, oňa “orkestr” diýlipdir. Aktýorlaryň eşik çalyşýan çadyryna “skene” diýipdirler. Soňra çadyra derek hemişelik beýik jaýlar gurlupdyr. Onuň diwarynda sahnanyň bezxegleri suratlandyrylypdyr. Sahnada bir aktýor bilen hor çykyş edipdir. B.e. öň V asyrda iki aktýor çykyş edip, horuň täsiri peselipdir. Olar maskany çalşyp, birnäce roly ýerine ýetiripdirler.
Grek teatry şäheriň ähli ilaty üçin niýetlenipdir. Afinyda Dionisiň teatry 17 müň , Epidawdaky teatr 20 müň (onda häzirem grek aktýorlary gadymy tragediýalary oýnaýarlar), Megalopoldaky teatr 40 müň, Efesdäki teatr bolsa 60 müň tomaşa niýetlenipdir.
Grek tragediýasynyň atasy Eshiliň 90 tragediýasy bolup, olardan 7-si saklanyp galypdyr. Onuň “Parslar” tragediýasy Salamin söweşinde grekleriň ýeňşi barada ýazylypdyr. Onda grekleriň mertligi , erkliligi, watançylygy Kserksiň ulumsylygyna garşy goýlupdyr.
Eshiliň tregediýalarynda (“Zynjyr bilen baglanan Prometeý, ”, “Agamemnon”, “Hoeforlar”, “Ewmenidler”) grek polisleriniň syýasy, dini we ahlak sypatlary görkezilipdir.
Afinyly Sotokl (b.e. öň 496-406ýý) 120-den gowrak tragediýa ýazypdyr. Olaryň 7-si gelip ýetipdir. Iň meşhurlary “Edip şa” we “Antogona”.
Salaminli Ewripidiň bolsa has şöhrat gazanan tragediýasy “Medeýa” bolup, ol b.e. öň 431-nji ýylda sahnalaşdyrylypdyr. Ewripidiň 92 pýesasynda 18-I saklanyp galypdyr. Onuň çeperçilik usuly Şekspire täsir edipdir.
B.e. öňki V asyrda komediýalar syýasy häsiýetde bolupdyr. Aristofanyň (b.e. öň 450-388ýý) 11 komediýasy gelip ýetipdir. Olarda Afinynyň durmuş hakykaty beýan edilýändigi üçin, gymmatly taryhy çeşme bolup durýarlar.
Gadymy döwürde taryha häzirki manysynda däl-de, çeper beýan edilýän kyssa eseri hökmünde garalypdyr. B.e. öňki V-IV asyrlardaky çeper kyssanyň ajaýýp nusgalary Gerodotyň , Fukididiň , Ksenofontyň taryhy işleri, Isokratyň, Temosfeniň we beýleki oratorlaryň çykyşlary, Platonyň , Aristoteliň Filosofiki işleri degişlidir.
B.e. öň V-IV asyrlar Gresiýada binägärçiligiň we heýkeltaraşlygyň hem ösen döwri bolupdyr. Täze şäherler gurlupdyr we jköne şäherler abadanlaşdyrylypdyr. Öňünden düzülen meýilnama esasynda amatlyklar göz öňünde tutulyp, gurulýan şäherleriň esasy düzgünleriniMiletden bolan Gippodam işläp düžüpdir. Şu hili şäherlere Gippodamyň şäherleri diýilýär. Şäherlerde ybadathanalar, wezipeli adamlar üçin jaýlar, portikler gurlan şäher merkezini, bazar meýdany-agorany, eger, şäher deňiz ýakasynda bolsa gämi duralgasyny , werfleri, beýleki jaýlry gurmak göz öňünde tutulypdyr. Şeýle şäherde teatryň , stadionyň , gimnaziýalaryň bolmagy hökman eken. Suw geçirijiler arkaly şähere suw getirilipdir. Hapa suwlar hem kanalizasiýa arkaly şäherden çykarylypdyr. Şäheriň bayrmçylyk we dini merkezi akropol bolupdyr.
B.e. öň V-IV asyryň şäherlerinde kuwwatly goranyş desglary hem gurlupdyr. Binagärlikde sütünleriň ulgamy ösen derejä ýeten. Dori we ioniýa sütünleri b.e. öň VII-VI asyrlarda ýüze çykan bolsa, b.e öň V-IV asyrlarda has owdan korinf sütünleri ýüze çykypdyr.
Ybadathanalaryň dürli görnüşleri gurlupdyr. Gahrymanlaryň hormatyna gurulýan kiçiräk geoonlardan, esasy hudaýlaryň hormatyna gurulýan ägirt ybadathanalara çenli görnüşleri giň ýaýrapdyr. Afinynyň (binagärleri, Iktin, Kallikrat b.e. öň 443-432ýý) , Lewsiň Olimpiýadaky (binagär Libon, b.e. öň 465-456ýý) ybadathanalary, Erehteýon ybadathanasy, Delfyda Apollonyň ybadathanasy we beýlekiler grek we dünýä binagärliginiň ajaýyp nusgalarydyr.
Olimpiýada gimnasiýalar we türgenleşik üçin palestralar, stadion, basseýn we ş.m. gurlupdyr. Heýkeltaraşlykda Miron we Fidiý uly üstünlikler gazanypdyrlar. Heýkelleri mermerden, hek daşyndan, agaçdan , pil süňkünden, bişirilen toýundan ýasapdyrlar. Heýkeller bilen jaýlary, esasanam ybadathanalary bezäpdirler. Olary şäher meýdanlrynda , mazarlaryň ýanynda hem goýup[dyrlr. Mironyň “Disk zyňyjysy”, Fidiniň Lewsiň ybadathanasyndaky Lewsi”, Parfenondaky “Afina - Dewasy”, afiny Akropolyndaky “Afiny – aýl urşujysy”, Pertenonyň diwarynyň das ýüzündäki 160 metrlik panafineý frizi, uçup barýan “Nika Peoniýasynyň ” şekili-bular dünýä heýkeltaraşlygynyň ajaýýp nusgalarydyr.
Jemgyýet we medeniýet belli bir kämillige ýetende tebigatyň, adamzat jemgyýetiniň we pikirlenişiň umumy ösüş kanunlary baradaky ylym döräpdir.