Şablon:Bitaraplyk

Peridun — Parslaryň rowaýatyndaky adybelli şahsyýrtleriň biri hem-de gadymy patyşalary. Ol hakda Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde we Abdyrahman Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysynda giňişleýin agzalyp geçilýär.

Bellenilişine görä, ýürekler Zahhak: dan arkaýyn bolansoň, ýitip giden asudalyklar we salamatlyklar täzelenip, terlenip poslap giden rahatlyk aýnasy arassalanypdyr. Peridun tagta geçýär we soltanlyk kürsüsinde ornaşýar. Şol gün Mehr aýynyň ilkinji güni bolup, bu gün ýylyň salkynlaşyp, howanyň täzelenýän wagty hasaplanýar. Adamlar bu güni baýram belläp, ony şatlyklar möwsümine öwrüpdirler. Şeýle hem, şol güne Mehrijan diýip at beripdirler, ýagny «Zahhagyň sütem edýän döwründäki ýitip giden jan mähri gaýdyp geldi» diýipdirler. Şeýlelikde, Peridun soltanlyk tagtynda ornaşyp, ykbal güneşi onuň gündogaryndan parlap dogýar we öz hak eýesine gowuşýar. Peridun goşunyň tanymallaryny we raýatyň ady bellilerini çagyryp, olary öz kadasy boýunça tertibe salyp, hersine gowy wadalar hem goldawlar berýär. Olary näpäk Zahhagyň golastyndan halas bolandyklary mynasybetli gutlap, ählisini özüniň gowy gözegçiligi we gözel idegçiligi bilen söýünjileýär. Ol patyşalyk esasyny goýup, Zahhagyň döwründe ýola goýlan zulum kadalaryny ýok edýär. Ol Käwe we onuň ogly Karany çagyryp, olara köp hormat we sarpa goýup, olaryň öňünde gözleriň görmedik we gulaklaryň eşitmedik hazynalary açmaklaryny buýurýar. Olar hazynada hergiz oý-pikir we arzuw-hyýal edilmedik nepis göwherleri we gymmatbaha hazynalary görüpdirler. Bularyň içinde lagl bölejikleri, doňan ýa-da lagtalanan gan ýaly gyzyl ýakutlar, deňeşdirmelerde ýagşyzadalaryň dişleri we meňzetmelerde ýagyş damjalary ýaly merwerit däneleri hem bar eken. Peridunyň permany boýunça, şol günde Käwäniň taýagyň ujuna daňan deri öňlügini getirip, oňa her hili nepis göwherleri dakypdyrlar. Ol bu derini gowulyga ýorup, ony uly baýdaga we täsin tuga öwrüpdir we oňa Derefşi Käwiýan (Käwelileriň baýdagy) diýip, at beripdir. Soňky patyşalar hem ony aýap saklap, ähli bol-elinlikler, şatlyklar, ýeňişler we basybalyşlar şunuň bereketinden bolýar diýip ynanar ekenler. Onuň ýerine geçen her patyşa bu tuguň üstüne köp zatlar goşup, ony şeýle derejede gymmatbaha zatlar bilen bezäpdirler welin, ähli baha kesijiler oňa baha kesmekden ejiz bolupdyrlar. Ahyrynda kesra patyşalarynyň döwletiniň gününiň tutulan wagty bolan Kadysyýýe söweşinde Sagdy Wakgasyň leşgerinden bir adam şol baýdagy ele salýar. Ony oljalar bilen bilelikde möminleriň emiri Omar hezretlerine (goý, Alla ondan razy bolsun!) iberýärler. Soňra ony söküp, musulmanlaryň arasynda paýlaýarlar. Allatagala şunça göwherleri Muhammede (Oňa Allanyň salamy bolsun) eýerýänleriň nesibesi edýär.

Hekaýat

Aýtmaklaryna görä, Peridunyň üç aýaly bolupdyr. Olaryň ikisi Jemşidiň gyzlary bolup, biriniň ady Ernowaz, beýlekisiniň ady bolsa Newar eken. Onuň üçünji aýaly Zah-hagyň gyzy eken. Onuň aýallaryndan üç ogly bolupdyr. Olaryň täleý ýyldyzlary dürli bolupdyr. Birinji oglunyň täleý ýyldyzy Hamal bolup, onuň çäre tapyjysy (gönükdirijisi) Zöhre eken. Ikinji oglunyň täleý ýyldyzy Eset bolup, ol musallatlyk we beýiklik nyşany, onuň täleýi Myrryh . Üçünji oglunyň täleý ýyldyzy Seretan , onuň eýesi, hojaýyny bolsa, Aý bolupdyr. Ol bolsa öz öýündedir. Peridun olara hiç at goýman, ýolda aždarha mysalynda bir zat goýup, olary şoňa garşy söweşmäge iberýär. Uly ogly barýar. Ol gaçyp, sag-aman gaýdyp gelýär. Kakasy oňa Selm diýip at goýýar. Ortanjy ogly aždarha mysaly zada hüjüm edip, oňa garşy söweşýär. Kakasy oňa gaýduwsyzlygy üçin Tur diýip at goýýar. Peridunyň Ernowazdan bolan iň kiçi ogly ilki aždarha mysaly zada: – Sen biziň kimiň perzentleridigimizi bilmeýärmiň? Biz şa Peridunyň perzentleri. Eger sen bizi tanaman, bize garşy durmak isleseň, onda men özümizi saňa tanadaýyn. Eger bizi tanap, batyrgaýlyk edýän bolsaň, onda suw ýaly gylyjyň zarby bilen suw ýaly yzyňa gaýtararyn – diýýär. Şeýdip, tilsime delil getirip, özüniň ony öldürmekden bizardygyny yglan edýär. Kakasy oňa Ireç diýip at goýýar. Olar ýetginjeklik öwüsgininden kämillik ýaşlaryna ýetensoň hem-de patyşalyga mynasyp bolansoňlar, kakasy olar barada uly ýalňyşlyk goýberýär. Ulularyň ýalňyşy hem uly bolýar. Ol dünýä sebitlerini olaryň arasynda paýlamagy we olaryň ol ýerleri öz ady bilen gysymyna gysmagy üçin, her birine belli bir yklymy bermegi makul bilýär. Şeýlelikde, Rum deňzini, Magryby we bu ýerleriň daş-töwereklerini Selme, Türk, Çyn, Hint we bu ýerleriň ähli sebitlerini Tura berýär. Soňra bu jahanyň ortasy, ýeriň göbegi, älemiň gaşy bolan bu dünýäniň orta sebitlerini Ireje bagyşlap, tutuş Horasany, Yragy, Parsy, Kermany, Ahwazy, Tabarystany we Şamdyr Rumuň köp böleklerini onuň ygtyýaryna geçirýär. Şeýle hem, ony diwana we öz leşgerlerine emir belläp, ony uly do-ganlaryndan üstün edýär. Perzent hernäçe kiçi bolsa, şonça-da kakasyna söýgüli görünýär. Emma ol esasy usullary we umumy kanunlary ýöredip bilmeýär. Uly ýaşlyny mynasypdan öňde goýmak patyşalyk mertebelerini sakla-makdan nyşandyr . Şeýle ýoluň saýlanmagy bolsa, Peridunyň patyşalygynyň perişanlyga düşmegine sebäp bolýar. Soňra ol iki uly ogluny häzirläp, ýarag, esbapdyr leşger berip, birini Günbatara, beýlekisini bolsa Gündogara iberýär. Öz hökümdarlyk paýtagtyny Ireje tabşyrýar. Ähli işleri Ireç dolandyrýardy. Peridunyň diňe patyşa hökmünde ady ýöreýärdi. Buýruk bermedir gadagan etme, çäklendirmedir gi-ňeltme, çözmekdir baglama işlerini dolulygyna oňa tabşyrypdy. Oňa şeýle derejede ygtyýar beripdi welin, hiç kimiň oňa garşy çykmaga haky bolmandyr. Şeýle bolsa-da, Ireç edil beýleki hyzmatkärler kimin kakasyna tagzym edipdir. Ol hyzmat wezipesini ýerine ýetirmekde kiçijik bir zady hem elden bermeýän eken. Bu habarlar onuň doganlaryna ýetende, olarda göriplik ody tutaşyp, ýigrenç ýüze çykyp, duşmanlyk we kine olaryň gursak sährasyna saýa salyp başlaýar. Şeýdip, iki uly dogan biri-birlerine hatlar ýazyşyp, ilçiler iberip, özleriniň içki syrlaryny paş edip: – Kakama näme boldy, ol bize zulum edip, ulyny goýup, kiçini saýlapdyr! Biz adalatly seretseň Ireçden öňde, biziň hyzmatdyr ululyk hakymyz artyk. Soltanlyk kürsüsi we döwletdir welaýat tagty näme üçin Ireje berilmelimişin?! – diýipdirler. Ilçiler iberilen ýerlerine barýarlar. Uly doganlar birleşip, kakalaryna garşy aýaga galyp, Ireji agdarmagy ýa-da özlerini oňa berlen zatlara şärik etmegi karar edipdirler. Ähtler mäkämleşensoň, olaryň her haýsysy öz ýerlerinden hereket edip, böwsüji leşger bilen aýaga galyp, Töwrizde biri-birleri bilen duşuşýarlar. Soňra bir topar adam ýygnap, kakalarynyň ýanyna ilçi iberdiler we oňa gödek habar ibermek bilen pitnäni ýatyrmak üçin ýa Ireji bir çete iberip, haýsam bolsa bir ülkäni berip, özüniň yzzatly paýtagtyny başga bir ogluna bermegini ýa-da gylyjyny alyp, hakyny talap edýän kişiniň öňünde durar ýaly uruş esbaplaryny toplap taýýar bolmagyny isläpdirler. Ilçiler Peridunyň hyzmatyna gelip, ilçilik şertini we çaparlyk hakyny eda edensoňlar, Peridun diýseň gamlanýar. Bitap bolup, Ireji çagyrýar we bu ýagdaýy düşündirip: – Men seniň uruş esbaplaryny taýýarlap, söweş we uruş maksady bilen olaryň ýanyna barmagyňy maslahat bilýärin. Bu gün höküm seniň hökümiňdir. Men häzir diri, meniň ähli adamlarym seniň baýdagyň astynda giderler we seniň permanyňa boýun bolarlar. Ýüreklerinde gorky bolan we mejburlykdan doganlaryň bilen birleşen adamlar biziň baýdagymyzy gören batlaryna, derhal olardan ýüz öwrerler we seniň hyzmatyňa gelerler –diýýär. Ireç bu sözleri eşidip, edep zeminini ogşaýar.

Beýt

Serwi deý kamatyn çeňňek dek egdi, Ýakut deý leb bilen hala reňk degdi.

Soňra Ireç şeýle diýýär: – Patyşanyň aýdýan sözleri dogrudyr. Emma eger siz maslahat bilseňiz, häzirki wagtda älem perişanlyga düşüp, halaýyk biz sebäpli kösenje duçar bolmaz ýaly ylalaşyk ýoluna eýerip, agzybirlik üçin jogap hökmünde özümize bähbitli zady ýazmak ýerlikli bolar. Onda kakasy: – Seniň akylyň şeýle bolmagyň gerekdigini ündeýär. Emma men olaryň gylyk-häsiýetine belet. Olar ýumşaklyga gatylyk, wepalylyga jepalyk bilen jogap berýärler. Sen ýaş-juwan halyňda, ylalaşmagy makul bilseň, men garry neneňsi urşy ündäýin. Häzir men hat ýazyp, seni birnäçe akyldar adamlar bilen olaryň ýanyna ibereýin, göreli Hudaý nähili höküm edýär – diýýär. Kakasy olara kanagatlandyryjy ötünçleri öz içine alýan bir hat ýazdy. Ol özüniň hatynda şeýle diýýär: «Men doganyňyza berlen artyk haky size tabşyryp, doganlyk ähtini täzelär ýaly Ireji siziň ýanyňyza iberýärin. Ol siziň hormatyňyz we ululygyňyz üçin öz içinde saklap goýan sarpasyny we sylagyny size aýan eder. Siz meniň atalyk ha-kymy saklap, meniň nygmatyma gadyrbilmezlik görkezmersiňiz we atalyk hukugymy boýun bolmazlyk bilen peseltmersiňiz diýip umyt edýärin. Iniňizi ýagşylyk bilen yzyna gaýtaryň». Şeýdip, kakasy Ireji olaryň ýanyna iberýär we onuň ýoluna göz dikip, gulak gabardyp, näme habar bolarka, diýip garaşýar. Ol nyýaz dili bilen şeýle diýer eken.

Beýt

Eý, aý ýüzli, sen bizden daşlaşyp, ara açdyň, Endişäm köp, sabrym az, halym harap kylypdyr. Tenim naý dek, gursak – Nil, ýaňagym göýä saman, Barmak – lebde, gulak – gapyda, gözüm – ýolda bolupdyr.

Ireç doganlarynyň ýanyna ýetende, olar ony garşylap, ýürekden däl-de, ýalandan mähribansyraýarlar. Olar her gün iki-üç sany aldawlyk misini ikiýüzlilik zeri bilen bezeýän ekenler. Olar duşmanlyk zäherini hilegärlik şekeriniň içinde gizleýän ekenler. Bir gün Selm oturlyşyk gurýar we Ireji öýüne getirýär. Olar saçak başynda meý içişlik mejlisini gurnaýarlar. Birnäçe bulgur şerap içensoňlar, Tur inisine ýüzlenip: – Biz diri wagtymyz nämä esaslanyp täji-tagty islediň! Biziň bardygymyza garamazdan, özüňi patyşalyga mynasyp saýdyňmy? – diýýär. Ireç oňa: – Size we siziň egindeşleriňize meniň tagty islemändigim we ony almak üçin tagalla etmändigim aýandyr. Eger ýalňyşlyk bolan bolsa, kakamyz edipdir, meniň bu işde nähili günäm bar?! Indi siz bu işe üns berip, yzarlap başlanyňyzdan soň, siz näme diýseňiz şoňa görä bolup, nirä iberseňiz şol ýer-de mesgen tutmak üçin täji-tagty terk edip hyzmatyňyza geldim – diýýär. Tur bolsa: – Sen bu sözleri bialaçlykdan aýdýarsyň, biziň ýanymyzdan giden badyňa patyşalyk höwesi seni gozgalaňa salar – diýip, altyn kürsä el urup, onuň başyndan aýlap urýar. Ireç oňa şeýle diýýär: – Hergiz sen meniň ganyma we bigünä halyma kast etme. Özüňi Allanyň we kakamyzyň gazabyna duçar etme. Men serwerligi we ýolbaşçylygy taşlandyryn. Öz ygtyýarym bilen siziň gapyňyza gelip, özümi siziň penaňyza atdym. Ähtleşen adamyň bilen ähdiňi bozmak mynasyp däldir. Tur onuň sözlerine üns bermeýär we ädiginden hanjaryny çykaryp, inisiniň kellesini teninden aýyrýar. Ol şol kelläni bir çapar arkaly kakasyna iberýär we oňa: «Şu seniň täç geýmäge mynasyp gören kelläň! Men indi muny saňa iberýärin. Sen onuň kellesine täç geýdirip bilersiň» diýip habar iberýär. Olar şeýle ýaramaz iş edip, nähak gan dökensoňlar dolanyp, biri Türküstana, beýlekisi bolsa Ruma barýar. Bu habar Periduna ýetip, Irejiň kellesini getirenlerinde, älem-jahan onuň gözüne garaňky görnüp, tagtdan düşýär we bihuş bolýar. Ol huşuna gelen wagty, gözýaş dürdäneleri syrygyp, kirpik almazyna siňip gidýärdi. Şondan soň ol bir ýyllap, şeýle ahy-nala edip, zaryn-zaryn aglapdyr welin, guşlar asmanda, balyklar bolsa suwda onuň halyna aglaşyp-dyrlar, raýatlar we goşun hem Irejiň matamynda saçlaryny ütüp, ýas lybasyny geýipdirler. Peridun wagtyny Tura we Selme yzygiderli betdoga etmek bilen geçirer eken. Gije-gündiz Hudaýtagaladan Irejiň aryny olardan alar ýaly, Irejiň neslinden bir perzent bermegini dileýän eken. Ireç wepat bolanyndan birnäçe wagt geçensoň, Peridun Irejiň aýallaryndan göwreli aýal barmy-ýokmy bilmek üçin onuň haremhanasyna adam iberýär. Mah Aferidiň Irejiň bilinden çagasy bardygy mälim bolýar. Ol bäş aýdan soň çagany dünýä inderýär. Bu barada dürli maglumatlar bar. Abu Mansur Sagalybynyň aýtmagyna görä, ol perzent Me-nuçehrdir. Firdöwsiniň «Şanamada» berýän maglumatyna görä, bu dünýä inen çaga bir gyz bolup, oňa Mah Aferit diýip at goýup, ony terbiýeläpdirler. Ol ulalansoň Peridun ony özü-niň doganynyň Seňg atly ogluna berýär. Olardan bir çaga dünýä inýär. Bu çagany Peridunyň ýanyna getirenlerinde, ol oňa syn edýär. Görse, onuň ýüzi özüne meňzeýän eken. Ol bu çaga Menuçehr, ýagny «Meniň keşbim» diýip at goýýar. Garaz, bu çaga Irejiň ogly ýa-da agtygydyr. Aýtmaklaryna görä, aglamakdan ýaňa Peridunyň gözleri kör bolan eken. Emma Menuçehri görüp, gözleri açylýar. Şeýdip, Peridun ony terbiýelemäge başlaýar, onuň kemala gelmeginde janypkeşlik bilen yhlas edýär. Ol ulalansoň ähli hünärleri öwrenýär, mertlik, adamkärçilik, hümmetlilik, merdanalyk, syýasat we rehimlilik Menuçehriň häsiýetinde jemlenýär. Peridun ony öz oruntutary edip, täji-tagty berip, ähli meşhur patyşalary we pälwanlary onuň bilen ähtleşdirýär. Bu habar Tura hem-de Selme ýetende olar biri-birlerine hat ýazyşýarlar we öňki kararlary ýaly ýene-de Töwrizde biri-birleri bilen duşuşýarlar. Olar diňe mekirlik, hilelik, ýalançylyk we aldawçylyk ýoly bilen bu işi ýatyryp, urşuň öňüni alyp bolar diýen karara gelýärler. Şeýdip, olar köp sowgatlar we sansyz pullar bilen, ilçi iberip, şeýle mazmunda hat ýollaýarlar: «Öňki wakalar Allanyň takdyry bilen bolan eken. Şeýtanyň hileleri bize şu işi etdirdi. Indi bolsa biz bu eden işimize ökünýäris. Biz Irejiň neslinden bir çaganyň bardygyny eşitdik. Biz onuň huzurynda ötünç sorap, ýalkaw dilemegi we onuň öňünde bilimizi guşap, ýalbaryp durmagy özümize borç bildik hem-de onuň bizden razy bolmagy üçin şeýle hem kyýamatda jezalandyrylmazlygymyz üçin geregiçe mal pida etmek isledik». Bu habar Periduna baryp ýetende, ol: – Heý, meniň ýaly adam ogluny zere satarmy! Siz eden işiňiziň jezasyny çalt görersiňiz. Men adamlaryň: «Garry halynda oglanlaryna garşy söweşdi» diýip betnam etmezlikleri üçin size hiç zat diýmedim. Ýogsa men bireýýäm siziň mekanyňyzy gum-toprak ederdim. Hudaýa şükür, indi Irejiň neslinden Menuçehr atly perzent dünýä indi. Ol hem şir-leriň haýbatyna, hem edermenleriň merdanalygyna eýedir. Siz onuň jemalyny görmäge şowk edýän bolsaňyz, ol meniň we kakasynyň aryny almak üçin uly goşun we tükeniksiz leşger bilen hatyň yzýany baryp ýeter. Gep köpeldip oturmaga hajat ýok, wessalam – diýip, ilçini yzyna gaýtarýar. Çapar we ilçi bu habary Tura we Selme ýetirensoň, olar mundan gaty ynjap, özlerine bela aýatyny okap: «Olar taýýar bolmazlaryndan ozal biz olaryň üstüne çozmaly» diýen karara gelýärler. Şeýdip, daş-töwerekden leşger toplap, Peridunyň tagtyna tarap ýola düşýärler. Menuçehr hem köplüginden we güýçlüliginden ýaňa asmanyň ýyldyzlary bilen bilelikde, aýa gyýa göz bilen seredýän bezelen goşun bilen olara garşy durýar. Iki leşger biri-birine ýetip, hatarlary düzüp, birnäçe gije-gündizläp söweşýärler. Ýeriň ýüzi adamlaryň gany bilen boýalyp, pelegiň pöwrize – mawy asmany ölenleriň ganynyň şöhlesinden gyzyl ýakut boldy. Gijesine Menuçehriň habarçysy leşgergähden gelip, duşmanyň gijeki çozuş etmek niýetiniň bardygyny habar berdi. Menuçehr leşgeri iki topara böldi. Ol birinji topary urşa çykmak üçin Karana tabşyrdy we özi beýleki leşgeri bilen bukuda durdy. Tur gelip ýetensoň, olary söweşe taýýar halda görüp, gelenine puşman etdi. Emma ol Tura peýda bermedi. Şeýdip, ol umytsyz urşa başlady. Ol az salym söweşensoň ýeňlip, yzyna dolandy. Ýene bir tarapdan Menuçehr bukudan çykyp, mertlerçe söweşe girýär we bir sa-lymyň içinde leşgeri doly derbi-dagyn edýär. Menuçehr şol gije Tura ýetip: «Nirä barýasyň? Täç-tagt gazanmak üçin geldiňmi? Garaş, men seniň kelläňi gandan lagl täjine öwreýin!» diýip gygyrýar. Soňra ol garaňky gijede säheriň ýagtylygy kimin lowurdaýan gylyjy bilen asman ýaly mawy sowudyny bagrynyň gany bilen şapak kimin gyzardyp, bir urgy bilen ony atdan agdarýar. Edil Irejiň kellesini kesişi ýaly edip, onuň kellesini kesýär. Soňra derhal dolanyp, Turuň kellesini Periduna iberýär we bolan wakany hat üsti bilen habar berýär. Selm bu habary eşidip, doganynyň ýasy bilen bilelikde öz ýasyny hem tutýar. Menuçehr oňa möhlet berýär. Selm Zahhagyň neslinden bolan hem-de mertlikde we edermenlikde tanymal bolan Käkewiýe diýen adamdan kömek soraýar. Käkewiýe gelip, uruş esbaplaryny taýýarlaýar we hatar düzýär. Şol ilkinji gün Menuçehr Käkewiýe bilen garpyşýar we birnäçe wagtlap onuň bilen söweşýär. Ahyrynda Menuçehr Käkewiýäni atdan agdarýar we ony öldürýär. Selmiň leşgeri ýeňlişe sezewar bolýar. Menuçehr Selmi ele salýança, olaryň yzyndan kowýar. Menuçehr Selmiň yzyndan ýetende, kaza-takdyryň ýazan ajaly ýetýär we onuň aty ýykylýar. Selm atsyz galýar. Menuçehr bolsa şol bada onuň kellesini teninden aýryp, kakasyna iberýär. Älem-jahan onuň ygtyýaryna geçýär we ähli zalymlar oňa boýun bolýarlar. Şondan soň köp wagt geçmänkä, Peridun wepat bolýar. Ol bäş ýüz ýyl ýaşap, pany dünýäden baky mekana göç edipdir.