Petir çörek
Petir çörek hem külçe çöregi ýaly bişirilýär. Uny elemeli. Suw, duz salnan hamyr jama uny salyp garmaly. Taýýar bolan hamyry az salym basyryp goýmaly. Soňra hamyry böleklere bölüp, ýaýmaly, ýüzüni dürtgüç bilen dürtmeli we tamdyra ýapmaly. Taýýarlamak üçin 800 gram ýorkary hilli un, islege görä duz gerek bolýar.