Platon

düzet

Platon (Eflatun: b.e. öň 427-347) Platon (427-347), Afinynyň aristokrat maşgalalarynyň birinden gelip çykypdyr. Ýigrimi ýaşlaryndaka Sokratyň şägirtlerinden biri bolup tälim almaga başlan wagty, ep-esli derejede filosofiki malumata eýe bolupdyr. Emma Sokrat bilen tanyşmagy onuň durmuşynyň aýalwly pursatlaryndan birini emele getiripdir, garaýyşlarynda bu halypasynyň uly goşandy bolupdyr. Çünki Platon, ikitaraplaýyn söhbetdeşlik (dialog) görnüşinde ýazan eserlerinde söz nobatyny hususan-da öz halypasy Sokrata berýär, öz garaýyşlaryny bolsa onuň dilinden beýan edýär. Sokratyň aradan çykmagy bilen geljegiň bu uly sistemçi filosofy, öňi bilen Demirgazyk Afrika we Müsüre, has soň günorta Italiýa bilen bir hatarda üç ýyllap syýahata çykypdyr. Müsürde güzeranlary ekerançylyga bagly köneçil özgermezligi, günorta Italiýada bolsa söwdanyň möhüm orun eýeleýän şäherlerdäki işjeňligi we özgermäni synlama, terjirbe etme mümkinçiligi tapypdyr. Şol sanda matematika, medisina we tabigata degişli malumatlary jemläpdir. Günorta Italiýada Pifagorçylar bilen ýakyn arabaglanyşyk saklapdyr. Kyrk ýaşlaryny dolduranda Afiny şäherine dolanyp gelen wagty şol ýerde söweş we syýasy dartgynly ýagdaý dowam edýän döwrüne gabat gelipdir. Bu hili birek-birekden parhly medeniýet we sosial gurşawlardan ýygnan bilimi we tejribeleri, akyldaryň filosofiki sistemasynda görmek mümkin Ömrüniň galan bölegini eser döretmäge we tälim bermäge bagyşlan filosof, belkäm dünýäniň ilkinji uniwersiteti bolan Akademiýany 387-nji ýylda Afinyda düýbüni tutupdyr. Ardan çykýança çenli şol okuw jaýynyň ýolbaşçylygyny alyp barypdyr. Bu ýer ilkinji guramaçylykly tälim we bilim guramasy bolupdyr. Filosofiýa bilen bir hatarda matematika we aýdym-saz esasy derslerden birnäçesi hasaplanypdyr. Platon, gadymy döwür filosoflarynyň arasynda eserleriniň hemmesi diýen ýaly häzirki döwrümize çenli gelip ýeten ilkinji filosof hökmünde tanalypdyr.

Çeşmeler

düzet

[Nejip Taýlan]

Edebiýat

düzet

Nejip Taýlan

Goşmaça

düzet

Bellikler

düzet