Öçür!

Şol sahypa öçürilmeli. Wikipediýa üçin gowy däl bolsa sebäbini aýdyň.
Sebäp ensiklopedik makala däl

Mowzuk: Polşa XI - XV asyrlarda.

Meýilnamasy:'

1. Polşada iri ýer eýeçilik ganaşyklarynyň ösüşi.

2. Orta asyr Polşa şäherleriniň ösüş aýratynlyklary.

3. Polşa – Wenger we Polşazitwa uniwalary (birleşik).

4. Polşa soýumynyň (ýygnak) ýüze çykmagy.

Maksady: XI – XV asyrlardaky Polşa döwleti barada düşünje bermek.

Wezipesi: Watançylyk terbiýesini bermek.

Mukaddes Ruhnama: “Adamzat döräli bäri Beýik Alla türkmen milletini taryhynyň dürli döwürlerinde uly-uly synaglardan geçirdi. Meniň halkym ol synaglaryň oňünde durup bildi. Aňyrsy 5 müň ýyl mundan ozal milletbaşymyz Oguz han türkmenden gaýdýan türkmen halky Gündogarda Hindistan, Günbatarda Ortaýer deňzi aralygynda döredilen dünýä gymmatlyklaryna dürli ugurlarda saldamly goşandyny goşdy, öz topragynda Änew, Altyndepe, Marguş, Parfiýa şalygyny, Seljuk türkmenleriniň şalyklaryny. Köneürgenç türkmen döwletini, jemi 70-den gowrak döwlet döretdi” sah. 9.

X – X1 asyrlarda Polşanyň daşary syýasaty German imperiýasy bilen baglanyşykly bolýar. Boleslaw Hrabrynyň döwründe Germaniýa bilen 14 ýyllap uruşýarlar. Polşa ýeňiş gazanyp 1025-nji ýylda Polşa Knýazy Korol tutulyp alynýar. Rus bilen Polşanyň ýagdaýy gaty erbetleşýär. Boleslaw Kiýewe ýöriş edýär. Ýeňiş gazanýar, uzak bolmaýar ýene-de ýeňilýär. Menako II (1025-1034) German döwleti Polşa çozýar. Oňa garşy çeh we ruslar uruş yglan edýär. Netijede Boleslaw Hrabrynyň döwründe eýelenen bir topar ýerlerinden dynýar. Yzygider uruşlar polýak döwletiniň ýagdaýyny erbetleşdirýär. 1037-nji ýylda Polşa, Poznon, Gnýow ýerlerinde uly gozgalaňlar turýar. Häkimýete gozgalaň döwründe gaçan Meniko II ogly Kazimir geçýär.

Polşada iri ýer eýeçilik gatnaşyklary ýuwaş össede zähmet öndürijiliginde uly üstünlikler gazanyldy.Öňki özleşdirilmedik ýerler özleşdirildi. Buthana ýerlerine uly üns berildi. Gullar diňe iri ýer eýeleriniň eýeçiliginde oba hojalyk işi bilen meşgullanypdyr. Bu ýerde XII – XIII asyrlarda daýhan zat görnüşinde salgyt töläpdir. Daýhan şäheri dikeltmek, ýollary, köprüleri gurmagada çekilipdir. XIII asyryň Polşa hukuklary diýen kanunda daýhanlaryň ýagdaýy, hukugy beýan edilen. XII – XIII asyrlarda Polşada hünärmentçilik, küýzegärçilik, zergärçilik guýma, tagta önümi öndürilipdir. Şäherde hünärmentçilerde metal işläp bejerýän ussalar, ýarag ýasaýjylar ayylypdyr. Mawut matalar öndürmeklige köp üns berilipdir. Polşa şäheri-de ösüpdir. Olar hünärmentçiligiň merkezine öwrülipdirler. Arap syýahatçysy Idrisi XII asyrda Polşada baryp bu hasylly ýurt, içinden köp derýalar geçýär, Kronow, Naklo uly şäherleri bilen şöhratlanýar. Bu ýeriniň hünärmentçileri tejribeli, öz işine berilen adamlar diýip uly baha berýär. Içki söwda ösüpdir. Hetijede pul gatnaşyklaryda ösýär. Şäherliler hem ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, Oz ýerleri bolupdyr. Öý guşlaryny idedipdirler. Uly şäheriň biri Krakow bolup onda uly ymaratlar, bazarlar, üzümdarçylyk, bagçylyk ösüpdir. Daşary söwdada rus bilen aragatnaşyklar edipdir. Polşada özbaşdaklygyny almak ugrunda şäherler göreşipdirler.Sebäbi olar iri ýer eýelerine tabyn bolupdyrlar.Söwda edende-de söwda üçin salgyt töläpdirler.

40-70-nji ýyllarda XI asyrda 1037-1038-nji Yyllardaky daýhan uruşlary basylyp ýatyrylandan soň knýaz häkimýeti güýçlendi. Gozgalaňdan gorkan iri ýer eýeleri knýazlaryň töweregine jebisleşdiler. Kazimir I Wostonowitel (1039-1058) we onuň ogly Boleslaw II Smeliniň (1058-1079)döwründe olşanyň halkara ýagdaýy gowulaşdy. Imperator Grigoriý IV-iň papa Grigoriý VII bilen bolan göreşinden peýdalanyp Polşa Germaniýa garaşly ýagdaýdan çykaryldy. Boleslaw II güýçlenip 1976-njy ýylda Korol lakamyna eýe bolýar. Boleslaw II daşary syýasatda ençeme ýurtlara ýörişler guraýar. 1069-njy ýylda Kiýewe Yoriş edip, ol ýerde beýik Knýaz edip Izýaslawy goýýar, ony öň Kiýewden kowupdyrlar. Muna garşy Knýazlar dildüwüşik döredýär. Ony çeh imperiýasy-da goldaýar. Hakimýete Boleslawyň inisi Wladislaw I German (1079-1102) geçýär. Onuň döwründe Polşa gowşap maýda eýeçilere bölünýär. Bolewslaw III Kruwousta (1102-1138) ýene-de Polşa yerlerini syýasy taýdan birleşdirmäge mümkinçilik döredýär. German imperatory Genrih V 1109-njy ýylda Polşa Yoriş edýä. Bu ýerde nemes rysar goşunrayda göresýärdi. Genrih V Polşa çozmak planyndan dänýär. Boleslaw III Günbatar Pomariýany özüne birleşdirmek üçin göreşe başlaýar, 1122-nji ýylda ol diňe Pomarýe ýerlerini Wolyk, Kolbžek, Jesin ýerlerini birleşdirmek bilen çäklenmän Pribaltika slawýanlaryň ýerlerinide birleşdirýä. Boleslaw III aradan çykandan soň Polşada iri yer eýeçiliginiň dagynyklygy döwri başlanýar. Polşa ýerleri Boleslaw III ogullarynyň arasynda paýlaşylýar. Wladislaw II Sileziýany Meneko –Beýik Polşanyň Poznan, Kuýawiýa bölegini, Boleslaw Kudrýawyý Mazowiýany, Genrip Sandomir we Lýubin ýerlerini eýeleýär.Ýurtda dagynyklyk döwri başlanýar. Ol ne german iri ýer eýeleriniň agressiýasyna, he-de tatar-mongollaryň çozuşyna gaýtawul berip biljek däldi. Beýik knýazyň tagty ugrunda Boleslaw III ogullarynyň arasynda göreş dowam edip durka, 1157-nji ýylda german dolandyryjysy Fridrih I Barborosskiý oňa garşy göreş guraýar. Polşa knýazlary bu göreşde ýeňilýärler. XII asyryň 60-70-nji ýyllarynda Pribaltika slawýanlary german iri ýer eýeleriniň gol astyna düşýär. Slawýan ýerlerinde Brandenburg şäheri esaslandyrylýar, ol agressiw syýasaty alyp barýar. Bu iri ýer eýeçiligiň dagynylyp Polşanyň halkara ýagdaýyny erbetleşdirýär. Günbatar Polşa ýerleri iň erbet ýagdaýa duçar bolýar. Pomarýe we Sileziýa ýerleri 1181-nji ýylda Primorýa knýazy özüni german imperatorynyň wassaly diýip boýun alýar. Pribaltika, Tewton ordeniniň aralaşmagy bilen ýagdaý çylşyrymlaşýar. Olar Prusiýany hem özüne boýun edipdirler. Şeýdip ol im kurýasynyň we german imperiýasynyň gol astyna düşýär.

XIII asyrdan başlap Polşa ýerlerini ýeke-täk döwlete birleşdirmek üçin ykdysady şertler döredi. Üstesine Tewton ordeni german agressiýasy hem howup salýardy. Emma ýurduň merkezleşmegine Krakow, Wraslaw, Poznan şäherleriniň dini işgärleri we söwdagärleri işi kynlaşdyrdy.Olar garşydy, şeýdip Sileziýa we Polariýa XIV – XV asyrlarda merkezleşen döwlete girmedi. Knýaz Pşemyslaw II döwleti birleşdirmek ugrundaky göreşe ýolbaşçylyk etdi. 1295-nji Yylda ol Polşanyň koroly Brandenburg we çeh koroly Waslaw II bilen bolan göreşde olara Krakow Yerlerini berm,eli bolup 1296-njy ýylda ony dönükler öldürdiler. Wladislaw Loketekbertin Polşa ýerlerini birleşdirip ýeke-täk Polşa koroly dfiýip yglan edildi. Tefton ordeni XIV asyrda Gündogar Pomorýeni, Lýuksenburgy, tefton ordeni basyp aldy. Halk iri ýer eýeleriniň ezilişine çydam edip bilmän gaçýarlar., daýhanlaryň ýerleri boşap galdy. Üstesine eretiki hereketler başlanýar, oňa garşy inowizasiýa 1315-nji ýylda yglan edildi. 100 lerçe eretikleri oda ýakypdyrlar. Ģehiýadaky gusçylyk hereketleri bu ýerede öz täsirini ýetirdi, olara garşy ruhanylar we iri ýer eýeleri, ganly terrora geçip daýhanlar hereketini basyp ýatyrdylar.

XIV – XV asyrlarda hünärmençilik ösüp başlady. Sileziýa dokmaçylary şöhratlandy. Krakowda mawut matalar dokaldy, şonuň bilen şöhratlandy. Ol Ol Gundogar we Gunbatar Ýewropanyň üstünden geçýän söwdadan köp girdeji alýar. Ruslar Wengriýa, Slowakiýa bilen söwda edilip Polşa galaýy, duz, mis, demir, çakyr getirilýärdi, Nowgorod, Flandriýa bilen hem söwda edilýärdi. Içki söwda hem ösdi. Şowhunly bazarlar geçirilýärdi. Köp şäherler XIV – XV asyrlarda özbaşdak dolandyryş hukugyny gazandy. Polşa şäherinde durmuş göreşi ýitileşdi. Korol Kazimir III 1368-nji ýýlda Krakow Saher maslahatyna sehleriň wekilleriniň girmegine hukuk berdi. Ýöne polşalylar nemesleriň şeýle hukukdan peýdalanmagyna garşy çykdylar. Halk täze kanunlaryň çykarylmagyny talap etdi.. tersine 1342-nji ýyldaky edilen kanunlara daýhanlaryň iri ýer eýeleriniň ýerinden gitmezligi talap etdi.

Häkimyet Kazimir III-iň ýegeni Lyudowik Anžuýsks (1370-1382) geçdi. Ol Wengriýanyň hem korolydy. Ol Polşa iri ýer eýelerine ýeňillikler berip öz tarapyna çekmek isledi. 1374-nji ýyldaky karara laýyklykda iri magnatlary,şlýahtalar ähli jerimelerden boşadyldy we hasyldan az-kem salgyt tölemeli edildi. 1454-nji ýyldaky Neşaw statusynyň esasynda şlýahta wajyp üstünlikleri gazandy. Özbaşdak saýlawly sud guramalaryny döretdiler. Korol şlýahta bilen ylalaşman täze kanunlary çykarmajagyna, uruş yglan etjegine söz berdi. XY – XVI asyryň 1 ýarymynda seýimler esli rol oýnady.

Lýudowik Anžuýskiý aradan çykandan soň onuň gyzy Ýadwigany 1384-nji ýylda tagta geçirdiler. Ol Litwa knýazy Ýagoýlo bilen nika baglaşandan soň, Polşanyň hem koroly boldy. Öz adyny Wladislaw II diýp yglan etdi. 1384-nji ýyldan Polşa Litwa unisiýasynyň netijesinde Litwa Polşa degişli edildi.Bu Tefton ordenine garşy göreşmek üçin edilipdi. 1387-nji ýylda Polşa iri ýer eýelerini, pomeşiklerini eýelediler, şeýdip ukrayin, belarus halky olaryň gol astyna düşdi. Litwa iri ýer eýeleriniň Krew unisiýasyny ýatyrmagy talap etdi. Polşa bilen Litwanyň arasyndaky konfliktden peýdalanyp Litwada Jemaýtin ýerlerini aldy.

XIV – XY asyrlarda Tefton ordeni özüniň harby taýdan gülläp ösen derejesine ýetdi. Oňa garşy polýak,rus,litwa halklary göreşe aýaga galdy. 1409-njy ýylda Tefton ordeni bilen Polşa Litwanyň arasynda beýik uruş başlandy. Aygytly söweş Tefton ordeni bilen Polşa litwa-rus goşunlarynyň arasynda 1410-njy ýylyň 15-nji iýulynda Grýunwaldda bolup geçýär. Polşa rysarlygynyň oňat ýaraglanan goşuny, Litwa tarapyndan goşunda rus polklary-da bardy. Uruşa çeh goşunlaryda gatnaşdy, taberitleriň serdary Ýan Žikoda söweşýär. Tefton ordeni Günbatar Ýewropadan 22 döwletden oňat ýaraglanan goşuny alýar. Ýöne söweş Tefton ordeniniň ýeňilmegi bilen gutarýar. Brundold söweşiniň uly taryhy ähmiýeti boldy. german iri ýer eýelerini köp wagtlap saklandy. Polşa Baltika deňzine çykdy. Ģehler gusçylyk urşunyň gidýän döwürlerinde Polşa koroly Wladislaw II Ýagoýlo çeh döletinede ýolbaşçylyk etmegi haýyş etdiler. Olar bilelikde German imperiýasyna garşy göreşjekdi. Emma Polşanyň öz içinde iri ýer eýelerine garşy göreşi başlandy. Iri ýer eýeçiligi katoloko buthananyň töwereginde jebisleşdi. Şeýdip çeh-polşa uniýasy bozuldy. XIV asyrda günorta gündogarda we merkezi Ýewropada täze duşman türk osmanlary peýda boldy. Polşa hem türk soltanynyň goşunyna garşy göreşmeli boldy. Polşa koroly Wladislaw II Ýagoýlonyň ogly Wladislaw III (1434-1444) Wengriýanyň hem koroly diýip yglan edildi. Türklere garşy göreşe wenger uruşyjysy Ýanoş Hunýadi ýolbaşçylyk etdi. 1443-1444-nji ýyllardaky harby hereketlerde türk goşunlary ýeňildi 1444-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Wornanyň golaýyndaky söweşde Wladislaw III öldürilýär. Goşuny türkleriň uly goşunyny derbi-dagyn edýär. Häkimýete Wladislaw III dogany Kazimir IV geçýär.(1447-1492). 1454-nji ýylda täzeden Polşa bilen Tefton ordeniniň arasynda uruş başlanýar.Polşa ýeňýär.Torun şertnamasyna laýyklykda 1466-njy ýylda Helminsk ýerlerini we Pursiýanyň bir bölegini gaýdyp alýar. Polşa ýene-de Baltika deňzine çykýar, Tefton ordeni bolsa oňa wassal bolýar. Polşa litwa uniýasy baglaşylan bolsa, Litwa orden bilen uruşlara gatnaşmady. Şeýdip XV asyrda Polşa Yewropada güýçli doletiň birine öwrüldi.

Ýeke-täk Polşa döwletiniň döremegi ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklarynyň ösmegi, Polşa medeniýetiniň ösmegine getirdi. XIV – XY asyrlarda ylymda uly üstünlikler gazanyldy. 1364-nji ýylda Krakow uniwersiteti açyldy. Progressiw gusçylyk ideýalary Polşada-da ösdürildi. Olar katoliki ruhanylara garşy göreşdiler. XV asyrda Polşada hem gumanistik ideýalar ýaýrady. Poeziýada watançylyk äheňler güýçlendi. Ýan Dlugaş tarapyndan Polşanyň taryhy ýazyldy. Onda rus ýyl ýazgylary peýdalanylypdyr. XIV – XV asyrlarda tebigy bilimler ösdi. Matematika, astronomiýa, Polşada heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk sungaty uly üstünlikler gazandy.

Mukaddes Ruhnamada: “Biz ozalky dostlarymyz bilen saçakly gatnaşýarys, täze dostlar tutunýarys, duşmançylygymyz bolsa ýok, bize-de duşman boljak bolup kömüp ýatan ýok. Onsoň dürli-dürli syýasy, ykdysady, harby bileleşikler näme gerek” sah. 55.