Poliomiýelit (gad.-grek. πολιός — çal we µυελός — oňurga ýiligi) - wirus arkaly döreýän kesel bolup, adatça 9 - 10 ýaşa ýetmedik kiçi çagalar keselleýär. Ýöne bu keseli uly adamlar hem agyr görnüşde geçirip bilýärler.

100,000 adamdan Poliomiýelit keselden ejir çekýänleriň kartasy.Türkmenistanyň ýagdaýı gaty erbet,Afrika döwletleri ýaly.      maglumat ýok      <0.3      0.3-0.75      0.75-1.2      1.2-1.65      1.65-2.1      2.1-2.55      2.55-3      3-4      4-5      5-7.5      7.5-10      >10
Poliomiýelit keselli adam

Kesel howa, hapalanan azyk önümleri we suw arkaly ýaýraýar. Has köp duş gelýän wagty tomus-güýz (awgust-oktýabr) aýlarydyr.

Poliomiýelidiň wirusy ilki agza, ondan bolsa dem alyş ýa-da iýmit siňdiriş ýollary arkaly (iýmitden geçen bolsa) oňurga we kelle ýiligine düşýär we nerw süýümlerini zayalap, ysmaz edýär.

Keseliň esasy alamatlary – bokurdakda agyry, üsgürme, gaytarma, kelle agyry, bedeniň gyzgynynyň galmagy, arkada, aýaklarda agyry, olaryň titräp ýygrylmagy, myşsalaryň güýjiniň gaçmagy. 3 - 5 günden adatça aýaklarda, seýrek başga myşsalarda ysmaz döreýär. Bu ýagdaý 2 günden 2 hepdä çenli saklanyp bilýär. Boýnuň we diýafragmanyň ysmazy has hem howplydyr, çünki ol dem almagyň bozulmagyna we ölüme eltip biler. Bedeniň gyzgyny gaçandan soň, keselden soňky dikeldiş döwri başlanyp, birnäçe aýdan birnäçe ýyla çenli dowam edip biler. Poliomiýelit keseliň alamatlary ýüze çykanda näsagy ayry otaga ýerleşdirmeli, ony düşekde ýatyryp, aýaklarynyň ýyly bolmagyny gazanmalydyr, agyrsyzlandyryjy we rahatlandyryjy dermanlary, “B“ toparyň witaminlerini bermelidir. Poliomiýelitiň alamatlary ýüze çykanda mümkin boldygyça derrew lukmana ýüz tutuň. Özbaşdak bejergi howply gaýraüzülmelere getirip biler.

Bu kesele garşy ýeke-täk kömek ediji serişde - bu poliomiýelite garşy öňüni alyş sanjymlarydyr. Sanjymlar ýörite kabul edilen meýilnama boýunça, çaga dogulandan soň, ol 2 - 3 günlükkä edilip başlanýär. Soň gaýtadan çaga 2 aýlykda, 3 aýlykda, 4 aýlykda, 18 aýlykda kabul etdirilýär. Daş töweregimizde adatdan daşary howply ýagdaýlar dörände, ýaz-güýz aýlary, goşmaça möwsümleýin sanjym geçirilýär.

Peýdaly eserler

düzet
  • Чумаков М. П., Присман И. М., Зацепив Т. О., Полиомиелит — детский спинномозговой паралич, М., 1953;
  • Эпидемический полиомиелит, М., 1957;
  • Полиомиелит, пер. с англ., М., 1957;
  • Дроздов С. Г., Полиомиелит и его профилактика в различных странах мира, М., 1967.

Daşarky çykgytlar

düzet