Premçand
Premçand
(1880-1936)
Ussat hindi ýazyjysy Premçand 1880-nji ýylda, Benares şäheriniň golaýyndaky Lamhi obasynda dünýä inýär. Onuň hakyky ady Dhanpatraý Şriwastaw. Ýaş wagty Premçand mugallym hem mekdep jaýlarynyň gözegçisi bolup işledi. Ýazyjy 13 sany powestdir romanlaryň, 40-a golaý hekaýalar ýygyndylarynyň, birnäçe publisistik eserleriniň ýazary hökmünde meşhurdyr. Hindistanyň milli azat edijilik hereketi ýazyja örän uly täsir etdi.
Premçandyň «Watana bolan söýgi» atly ilkinji hekaýalar ýygyndysy 1909-nji ýylda çap edildi, emma iňlis basybalyjylarynyň häkimýeti bu neşiri gadagan edip, otda ýakdylar.
Premçandyň «Söýgi aramgähi»(1922), «Meýdança»(1925), «Uruş meýdany»(1932), «Gurbanlyk sygyr»(1936) romanlarynda, «Ýedi lotos»(1917), «Söweş ýoly»(1932) hekaýalar ýygyndylarynda hindi halkynyň azatlyk üçin alyp baran göreşi, syýasy gapma-garşylyklar barada gürrüň berilýär. Ýazyjy öz eserlerinde gahrymanlarynyň çuňňur psihologiki häsiýetnamalarynyň üsti bilen ýönekeý halkyň agyr durmuşyny ussatlarça açyp görkezmegi başarypdyr.
Premçand eserlerini hindi hem urdu dilinde döredipdir. Ol 1930-36-njy ýyllarda «Hans» žurnalyna, 1932-34-nji ýyllarda «Jagaran» žurnalyna baştutanlyk edýär. Premçandyň publisistik eserleri hem Hindistanda realistik we demokratik edebiýatyň ösmegine güýçli itergi beripdir. 1936-njy ýylda ýazyjy Hindistanyň progressiw ýazyjylar birleşiginiň döredilmegini gazandy, şol ýyl hem Benares şäherinde aradan çykdy.