Pulsoksimetr
Pulsoksimetr (pulse oximeter iňlis sözünden) — kapillýar ganyň kislorod bilen doýgunlaşdyrma derejesini inwaziw däl usul bilen ölçeýän lukmançylyk abzaly.
Pulsoksimetriň häzirkizaman görnüşi 1974-nji ýyldaTakuo Aoýagi tarapyndan Ýaponiýanyň “Nihon Kohden” kompaniýasy üçin işlenilip düzüldi.[1]
Işleýiş ýörelgesi
düzetPulsoksimetr oňaýly inwaziw däl ölçeg abzaly bolup durýar, ol düzüminde kislorod bar bolan ganyň göterimini görkezýär. Has anyk aýdanyňda, ol oksigemoglobiniň (kislorody geçirýän ganyň belogynyň) düzüminde arterial gemoglobiniň göterimdäki mukdaryny görkezýär. Adatça öýken kesellemesi bolmadyk näsaglar üçin makul bolan diapazonlar 95 göterimden 99 göterime çenli düzýärler.
Bir tipli pulsoksimetr impulslary ugradýan, fotodiodda fokusirlenen uly bolmadyk ýagtylyk diodlarynyň (LED) jübüdi bilen mikroprosessory ulanýar. Düzgün bolşy ýaly, abzal eliň barmagy ýa-da gulagyň ýumşajyk etli ýeri ýaly, ýüzleý gan aýlanyş bilen içinden geçýän ýerde ulanylýar. Bir ýagtylyk diody 660 nm tolkun uzynlygyna (gyzyl), beýlekisi bolsa 940 nm tolkun uzynlygyna eýedir (infragyzyl).[2][3]
Şu tolkun uzynlyklarynda ýagtylygyň çekilmegi kislorod bilen doýgunlaşan gan üçin we kislorody az bolan gan üçin ep-esli tapawutlanýar[4]:
- Okislenen gemoglobin infragyzyl şöhlelendirmäni has köp çekýär we has köp gyzyl ýagtylygy goýberýär – 940 nm.
- Deoksigenirlenen gemoglobin has köp gyzyl ýagtylygy çekýär we has köp infragyzyl şöhlelendirmäni goýberýär – 660 nm.
Çäklendirmeler
düzet- Pulsoksimetr gemoglobiniň haýsy molekula bilen baglanyşyklydygyny kesgitlemäge ýardam bermeýär, şonuň üçin ony bogujy gaz bilen zäherlenende ulanmaly däl;[5]
- Abzalyň ölçemesiniň takyklygyna gipotoniýa, bedeniň aşaklandyrylan temperaturasy, hereket işjeňligi täsir edýär;[6]
- Gandaky metilen gögi möçberleri peseldip, netijeleri ýoýup bler;[7]
- Dyrnaklar üçin gara, gök we ýaşyl lak abzalyň tolkun uzynlygyna täsir edýär.[8]
Bellikler
düzet- ↑ "Takuo Aoyagi, Inventor of the Pulse Oximeter, Dies at Age 84". spectrum.ieee.org. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-16.
- ↑ "Principles of pulse oximetry". frca.co.uk. Archived from the original on 2015-02-24. Retrieved 2021-11-16.
- ↑ "Принцип работы пульсоксиметра". choicemmed.ru. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-16.
- ↑ "Principles of Pulse Oximetry Technology". oximetry.org. Archived from the original on 2015-03-18. Retrieved 2021-11-16.
- ↑ "Pulse oximetry in severe carbon monoxide poisoning". pubmed.ncbi.nlm.nih.gov. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-16.
- ↑ "The correct use of pulse oximetry in measuring oxygen status". nursingtimes.net. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-16.
- ↑ "Пульсоксиметрия". cyberleninka.ru. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-12.
- ↑ "The effect of nail polish on pulse oximetry". pubmed.ncbi.nlm.nih.gov. Archived from the original on 2021-11-11. Retrieved 2021-11-16.