Pyýada ýöremegiň peýdasy


Hereketjeňligiň saglyga peýdalylygy dogrusynda aýdylan pähimleri, ýazylan ylmy işleri sanardan köp. Biz bu ýönekeý maşky günüň-gününde birnäçe gezek gaýtalaýarys, özem ýöredigimizçe süňňümiziň ep-esli ýeňleýändigi duýýarys. Ýöne her bir zatda bolşy ýaly, pyýada ýöremegiňem öz kadasy bolmaly. Eýsem, nädip we näçeräk pyýada ýöräniňde saglygyňy has-da  berkidip bolýar?
 Pyýada ýöremeklik bedenterbiýäniň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolup, tutuş süňňüňe doly ýazylganlyk berýär. Munuň üçin aýratyn wagt tapmak hem gerek bolanok: irden örüşip, okuwa ýa-da işe ýola düşeniňde, ulaga münmän, howlukman bag-bossanlyklaryň içinden ýöremekligiň aýratyn lezzeti bar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, pyýada ýöremeklik bedeniň keselçilige garşy immunitetini ýokarlandyrýar, gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, dem alşy kadalaşdyryp, şähdiňi açýar.  Pyýada ýöremeklik beden myşsalaryny pugtalandyrýar hem gurplandyrýar, süňkleriň bognunyň çeýeligini artdyrýar.
 Bilermenleriň aýtmagyna görä, her günde 30 minutyň dowamynda aýaklaryňa ýazylganlyk berseň, ýeterlik. Iş-aladaň arasynda beýle köp wagty tapmak kyn bolsa, azyndan 10 minutlap gezmelemek maslahat berilýär. Bir günüň dowamynda  bary-ýogy 2 km aralygy geçeniňde, energiýanyň 300 kkal, tekiz ýerde ýarym sagatlap howlukman gezmeläňde 50 kkal, belentli-pesli ýerden ýa-da tijenip ýöräniňde bolsa ýarym sagadyň içinde 2000-e  golaý kkal, basgançakdan münüp-düşüp ýörseniz, bir sagatda 1300 kkal sarp edilýänligi anyklanypdyr.
 Pyýada ýöremegiň, aýratyn hem, göwreli zenanlara peýdalydygyny köp gaýtalaýarys. Munuň sebäbi hem adam ýörände beden synalarynyň hemmesine, şol sanda içki beden agzalara barýan ganyň akymy güýçlenip, olarda bolup geçýän madda çalşygy işjeňleşýär.
 Ylgamakdan tapawutlylykda, pyýada ýöremeklik syna asla hiç hili agram salmaýar. Pyýada gezelençler üçin ökjesiz, düýbi düz, rahat aýakgaplary saýlap almaly. Aýakýalaňaç gezelenç etmegiň saglyk üçin peýdasy uludyr. Bilşimiz ýaly, adam dabanynyň aşaky ýüzünde biologik taýdan işjeň zolaklarň birnäçesi ýerleşýär. Aýakýalaňaç ýöräniňde, olaryň işjeňligi ýokarlanýar. Netijede adamyň şähdi açylýar, içki beden agzalarynyň işleýşi kadalaşýar, synalaryň taplylygyny artdyrýar. Çägeli ýa-da çyg toprakly ýerlerde gezmelemegi halaýan adamda ýasydabanlyk juda az bolýar, otuň ýa-da güneşe ýylaşan topragyň  üstünde pyýada ýöremegi endik eden adamlarda bolsa beýnä ganyň inmegi (insult), ýürek-damar keseller kän ýüze çykmaýar. Mundan başga-da, ýygy-ýygydan aýakýalaňaç pyýada gezelençleri edende, dabanlar hem sagdynlaşýar, ökjäniň jaýrylmasy ýaly nähoşluklar ýitip gidýär.
 Pyýada ýöremegiň her ädiminiň bizi sagdynlyga alyp barýandygyna şek ýok. Şol bir wagtyň özünde, kä adamlar az-owlak dik dursalar ýa-da sähelçe aralygy pyýada geçseler, aýaklarynda ynjalykdan gaçyrýan agyrynyň peýda bolýandygyny aýdýarlar. Lukmanlar şeýle ýagdaýýyň ýüze çykmagyna ýöremek sebäp bolman, eýsem, beden agzalarynyň başga ýerinde, ýagny nerw, ýürek-damar, daýanç-hereket ulgamlaryndaky näsazlyk bilen baglanyşdyrýarlar. Şoňa görä-de, ýöremek we sagaldyjy ylgaw bilen hemişe yzygiderli meşgullanmak üçin ilki bilen lukman gözegçiliginden geçmek maslahat berilýär.
Umuman aýdanymyzda, ýöremek-adamyň iň ýönekeý hem-de tebigy beden maşkydyr.
 
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň talyby: Nazarowa Göwher