ROZENIŇ WYŽŽYLDAWUK TOMZAGY

Gatyganatlylar otrýady Wyžžyldawuk tomzaklar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Mimocarabus Gehik, 1985 aşaky urugy 4 görnüşi öz içine alýar. Türkmen-Horasan daglarynyň endemigi. Gysgaça beýany. Göwresiniň uzynlygy 20–25 mm. Örän ýalpyldawuk, gap-gara reňkli. Kellesi sähelçe ýognan, murtjagazlary gysga, kelle çukurjyklary gözleriniň öň çetiniň derejesine ýetmeýär. Kellesiniň suraty (skulpturasy) — ýalpak, näzik nokatlanan keşjagazlar. Arka öňi inli, kelte, onuň gapdal gyralary aýlawly. Ganatüstleriniň uzynlygy ininden 1,5–1,6 esse uzyn, göniburçly diýen ýaly eginli, aram güberçek, gapdal gyralary örän inçe, mese-mälim epilen [1]. Ýaýraýşy. Günbatar Köpetdag (Aýydere, Igdejik, Şywlan, Magtymguly şäherçesiniň töwerekleri). Türkmenistandan daşarda — Demirgazyk Gündogar Eýran. Ýaşaýan ýerleri. Sünt-Hasardag toplumynyň pes daglyklarynyň tokaýlyk dereleri. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Orta hasapdan 1 ga 1–2 sany tomzak duşýar. Esasy çaklendiriji sebäpler. Höwesjeň ýygnaýjylar tarapyndan tutulmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Gysga ömürli ýazky görnüş, gündizine, esasan, günüň birinji ýarymynda işjeň hereketde bolýar. Mart aýynyň ikinji ýarymyndan iýunyň başyna çenli duş gelýär. Ýumurtgalaryny (15 sanysyna çenli) çuň bolmadyk hinjagazlara taşlaýar. Ýumurtgalarynyň ösüşi 5–15 güne barabar; 15–25 günüň dowamynda liçinka ýaşynyň üç tapgyry bolup geçýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Sünt- Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaýrawynda tutmagy gadagan etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Günbatar Köpetdagda görnüşiň biologiýasyny öwrenmeli. Düzüji: O. S. Söýünow