Radikulit — daşky nerw ulgamynyň oňurga ýiliginden gaýdýan nerw süýmleriniň çogdamjyklaryny şikeslendirýän keseldir. Radikulitiň iň ýygy duş gelýän sebäpleriniň biri oňurga keseli osteohondrozdyr.

Osteohondrozda oňurgara kitirdewük diskleri çeýelegini ýitirip, nerw çogdamjyklaryny gysýar. Diskleri üýtgän oňurga birikmelerinde duz ýygnanýar. Munuň netijesinde döreýän çykytlar agram salnanda nerw çogdamjyklary gysyp, agyryny döredýärler. Birden çalt hereket edilende, oňurgada ýiti agyrylar döredýär.

Şikeslenen nerw çogdamjyklaryň we olardan emele gelen nerwleriň töweregindäki agyry, duýgurlygyň bozulmagy, käte hereketiň bozulmagy- radikulite mahsus alamatlardyr.Kesel adatça ýiti geçýär. Wagtal-wagtal ýitileşip, dowamly görnüşe geçýär.

Nerw süýmleriniň şikeslenen ýerine baglylykda radikulitiň dürli görnüşleri bolýar.

Bil-türre radikulitikeseliň iň giň ýaýran görnüşidir. Radikulitiň bu görnüşinde agyry bil-türre töwereginde, ýanbaşda bolup, buda, injige, dabana ýaýraýar. Hereket edilende, agyry güýjeýär. Şonuň üçin-de, radikulitden ejir çekýän adam çalt hereketlerden gaça durýar. Ol ýatanda agyry peseler ýaly, aýagyny epýär.

Guýruk nerwini emele getirýän türre bölümindäki çogdamjyklaryň şikeslenmegine işias diýilýär. Işiasda agyry otyrýer nerwiniň ugry boýunça ýaýraýar (guýruga, buduň we injigiň yzky, daşky bölümine, ökjä).

Boýun-egin radikulitinde agyry ýeňsede, eginde, pilçede toplanýar. Kelle öwrülende, el gymyldalanda, üsgülewükde agyry güýjeýär. Agyr ýagdaýlarda eliň derisi ýanýan ýaly bolýar, sanjaýar, guruşýar, duýgurlyk peselýär.

Döş radikulitiseýrek duş gelýär. Radikulitiň bu görnüşinde gapyrgalaryň arasynda agyry ýüze çykýar we hereket edilende, ol has hem güýjeýär.

Radikultiň bejergisini lukman geçirmeli. Ol esasan-da keseliň sebäplerini aradan aýyrmaga çalyşmalydyr. Agyrysyzlandyryjy serişdelerden başga-da fizioemleri, bejeriş maşklary, oňurganyň süýndirilmegi ýaly usullardan peýdalanylýar. Ýyladyş emleriniň we agyrsyzlandyrylyjy dermanlaryň özbaşdak ulanylmagyna ýol bermeli däldir, sebäbi bildäki agyry diňe radikulitde däl-de, eýsem ýylylykdan beterleşýän kesellerde hem ýüze çykyp bilýär.

Tebipçilikde hem bu barada ýatdan çykarman, göz öňünde tutmalydyr. Radikuliti bejermek örän çylşyrymly bolýar, adam muňa uýgunlaşmaly bolýar. Radikulit ýitileşende, düşekde ýatmak maslahat berilýär.

Radikulitiň bejerilişi

Diklofenak, ketorolak, ketoprofen ýaly serişdeleriň ulanylmagy radikulitiň bejerilişiniň esasy usulydyr. Ýöne bu serişdeleriň uly kemçiliginiň bardygyny bellemek örän zerurdyr: olar aşgazanyň nemli bardasyna zyýan ýetirýär. Şol sebäpli hem aşgazany baş keselli adamlar bu dermanlary ulanmakdan gaça durmalydyrlar.

Häzirki döwürde ýaramaz täsiri has az bolan derman serişdeler bar (Nimesulid we Mowalis). Olar aşgazany şikeslendirmeýärler. Uzak wagtyň dowamynda ulanylmasa, adatça hiç hili zyýan ýetirmeýärler. Lukmanyň maslahat beren dermanyny günde 2-3 gezek , nahardan soň içmeli. Şeýle edilse, serişdäniň täsiri artýar we hiç hili kynçylyklar döremeýär.

Agyrysyzlandyryjy serişdeler

Bili, ýagyrnysy agyrýan adamlar agyryny aýyrýan dermanlary aşa köp ulanýarlar. Bu düýbünden nädogrudyr.

Birinjiden , analgetikler keseliň sebäplerini aradan aýyrmaýar-da, diňe agyryny aýyrýar bilen göreşýär. Ikinjiden, derman serişdeleriniň köp mukdarda ulanylmagy saglyk bilen bagly kynçylyklary döredip biler. Mysal üçin, köplenç ulanylýan analginiň bir özüni içmek maslahat berilmeýär. Bu serişdäniň ulanylmagy örän çylşyrymly saglyk kynçylyklaryna uçradyp biler, hatda jana hem howp salyp biler. Hut şol sebäpli analginiň deregine parasetamolyň ýa-da düzümi pentalginli (ýa-da beýleki serişdeli) garyşyk analgetikleriň ulanylmagy maslahat berilýär.

Derman serişdeleriň haýsyny saýlasaňyz-da, ony çenden aşa köp ulanmaly däl. Agyry nähili güýçli bolsa-da, günüň dowamynda 2-3 gerdejikden artyk mukdarda kabul etmeli däl.

Analgetikleriň keseliň sebäplerine hiç hili täsir etmeýändikleri üçin, keseliň dowamlylygyny azaldyp bilmeýär. Munuň üçin ýörite serişdeler ulanylmaly.

Agyrylary köşeşdirmek we aradan aýyrmak üçin derman ösümliklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Köplenç radikuliti bejermek üçin melhemler ulanylýar. Olary hem dogry ulanmagy başarmalydyr: näsagyň agyrýan ýerini melhem bilen owkalajak bolsaňyz, elleriňiz ýyly bolmaly. Bir eliňiziň aýasyna melhemi alyp, agyrýan ýeri emaý bilen 10-20 minudyň dowamynda ýokarlygyna sypalap başlaň, ýiti agyryda 5 minut sypaň. Eliňiz gury bolmasyn, oňa melhem guýup duruň. Soňra ol ýeri ýyly saklamak üçin dolap, sowuklatmajak bolmaly.

Bildäki, arkadaky uzaga çeken agyry böwrek kesellerinde hem ýüze çykyp bilýär. Şol sebäpli haýal etmän lukmana ýüz tutuň.

Fiziki maşklar oýlanyşykly ýerine ýetirilende, oňurganyň biomehanikasyny we hereketleriň kadalaşmagyny dikeltmäge kömek edip biler. Melhemler agyryny köşeşdirse-de, radikulitiň sebäpleri bogunda bolany üçin, radikuliti bejermeýär. Damarlar süýndirilse ýa-da datrgynly bolsa, agyry ýagyrnyňyzyň aşaky böleginde toplanýar. Şeýle ýagdaýlarda melhemler örän oňat peýdasyny ýetirýär.

Adam özüni ýaramaz duýsa, ýyly suwly wannada ýatasy gelýär. Elbetde, suw oňaýly täsir edýär, bedenimiz rahatlanýar, damarlarymyz ýylylykdan giňeýär, gan aýlanyş kadalaşýar. Şeýle bolsa-da, radikulitde gyzgyn ýa-da ýyly suwly wannalary kabul etmek maslahat berilmeýär.

Biliňizdäki agyry ilkinji gezek ýüze çykan bolsa, ýyly zatlardan gaça duruň we lukmana ýüz tutuň. Özbaşdak bejergi geçirmäň.

Radikulitiň halk tebipçiliginde bejerilişi

Asyrlar boýy adamlar derman ösümlikleri giňden ulanyp gelýärler. "Dert bolsa, dermany hem bardyr" diýilýär.

Radikulitde ýüze çykýan agyryny köşeşdirjek emleriň birnäçesini hödürleýäris:

1. Gara turp.

Gara turpy arassalap, gyrgyçdan geçirmeli. Nah ýa-da zygyr matanyň ýüzüne turpy ýukajyk edip ýazyň we üstüne ýene-de bir bölek mata goýuň. Daňyny agyrýan ýere ýapyp, ýagy hem-de öl geçirmeýän kagyza dolaň-da , ýyly ýaglyk bilen daňyň. Daňyny näçe uzak wagt saklasaňyz, şonça-da gowy bolar. Siz biliňiziň ýuwaş-ýuwaşdan gyzýandygyny duýarsyňyz. Bu em 2-3 gezekden soň, agyryny aýryp bilýär.

2. Furasilin, ary baly, gyzdyrgyçlar.

50 ml suwda furasilin gerdejiginiň ¼ bölegini erediň. Derman doly ereýänçä, ony gowy gaýnadyň. Soňra bu ergine ary balynyň 1 nahar çemçesini mazaly garyşdyryň. Ýönekeý gyzdyrgyçlar furasiliniň bally erginine batyryp, biliňize ýapyň. 5-6 minut geçenden soň, gyzdyrgyçlar aýryň, erginiň deridäki galyndylaryny polietilen paket bilen örtüň, berkidiň we ýüň ýaglyk bilen daňyň. Bu daňyny gije aýyrmaň.

Berhiz

Radikulitden ejir çekýän adamlaryň iýmitiniň köp bölegi (2/3) ter ir-iýmişlerden we bakja önümlerinden bolmaly: hyýar, pomidor, kelem , turp, banan, alma we ş.m. Käşiri, ysmanagy bugda taýýarlamak maslahat berilýär. Radikulitde günde 2-3 diş sarymsak iýmek peýdaly. 1 limonyň şiresine biraz duz atyp, günde 2 gezek suw bilen içilse hem örän peýdalydyr. Ýagly, gowrulan iýmitden, kofeden, ajy çaýdan gaça durmaly.

Şu maslahatlara eýerseňiz, Sizden sagdyn adam bolmaz! Bu berhiz semremeklige ýol bermez. Siziň oňurgaňyza duz ýygnanmaz, agram düşmez we ol Sizi biynjalyk etmez.