Realist howpsuzlyk ebeteýi

Realist howpsuzlyk ebeteýi, döwletiň howpsuzlygyny öň planda tutýan howpsuzlyk ebeteýidir. Sowuk uruşdan ozal halk howpsuzlygy öň planda bolan bolsa sowuk uruş dowamynda bu ebeteý halkara howpsuzlyga öwrüldi.

Aýratynlyklary

düzet
  • Realist howpsuzlyk ebeteýi halkara gatnaşyklaryny döwletler arasyndaky gatnaşyk hökmünde çäklendirýär.
  • Döwletlerden daşary aktýor ýokdur we has güýçliniň hökmürowandygy pelsepesine daýanýar.
  • Her döwlet öz güýjüni iň ýokary derejä ýetirmäge dyrjaşýandyr.
  • Döwletiň özi esasy zatdyr we ondan daşary ähli potansiýal güýçler howp hökmünde görülmelidigini aýdýar Realist howpsuzlyk ebeteýi.
  • Realist howpsuzlyk ebeteýine görä bir döwlet güýjüni artdyrýarka ol döwlet tarapyndan howp hasaplanýan beýleki döwletler hem güýjüni artdyrýar we netijede howp gurşawy ýaýbaňlanýar we gatnaşyklar güýjeýär. Muňa howpsuzlyk dilemmasy diýilýär Realist howpsuzlyk ebeteýinde.
  • Döwlet merkezli ebeteýdir.
  • Güýç pellelidir.
  • Halkara gurşawy anarhik saýýar.
  • Çaknyşyk
  • Howpsuzlyk dilemmasy
  • Ählihalk howpsuzlyk düşünjesi = Harby güýç we sygym
  • Realist howpsuzlyk ebeteýiniň nusgawy formulasy: Howp = Niýet x Sygym
  • Dessury realist howpsuzlyk paradigmasy çäkli we dardyr.

Görnüşleri

düzet

Goragçy realizm

düzet

Goragçy realizm (Defensive realizm), bu düşünjedäki howpsuzlyk ebeteýi howpa üns berýär. aktýorlar biri-birini ýok etmäge däl potansiýal howplara garşy çäre görmäge ymtylýar.

Hüjümkär realizm

düzet

Hüjümkär realizm (Offensive realizm), bu düşünjededäki howpsuzlyk ebeteýi döwletleriň öz güýjüni dowamly artdyrmalydygyny ündeýär.