Rene Dekart (fr. René Descartes) (1596-1650) — meşhur fransuz matematigi, fizigi, filosofy we fiziology. Rene Dekart ilkinji bolup ylyma üýtgeýän ululyk we funksiýa düşünjelerini girizdi.Ol koordinatalar usulyny döredijidir.Bu usulyň esasynda ol analitiki geometriýanyň esaslaryny ösdürdi. Beýik alym analitiki geometriýany döredijileriň biridir.

Principia philosophiae, 1685

XVII asyrda matematika boýunça ýazylan ylmy işler kitap görnüşünde çap edilip köpçülige ýaýradylypdyr. Şeýle ylmy işleriň biri 1637-nji ýylda çap edilen ReneDekardyň (1596-1656 ýý.) “Usul barada oýlanma” atly kitabydyr. Beýik alymyň bu kitabynyň soňky bölümi “Geometriýa” diýlip atlandyrylýar. ReneDekardyň “Usul barada oýlanma” atly kitabynyň “Geometriýa” atly bölüminde algebraik deňlemeleriň çözülişi, algebraik egrileriň toparlara bölünişi berilýär. Rene Dekardyň bu işi analitiki geometriýadan ilkinji ýerine ýetirilen iş hasaplanylýar. Meşhur alymyň bu işleriniň netijesinde algebranyň we geometriýanyň düşünjelerini özara baglanşdyryp öwrenip boljakdygy subut edildi. Elbet-de, bu matematika ylmynyň has-da ösmegine uly täsir eden uly açyşlaryň biridir.

Dekartyň meselesi. deňlemäni çözmeli. Çözülişi.Berlen deňlemäni aşakdaky görnüşde ýazalyň:

х3(х-4)-19х(х-4)+30(х-4)=0, bu ýerden х1=4. Deňlemäniň galan kökleri х3-19х+30=0 deňlemäni çözüp tapýarys:

х3-3 х2+3 х2-9х-10 х +30=0, х2( х-3)+3 х(х-3)-10(х-3)=0.

Bu ýerden: х2=3. Deňlemäniň galan iki köküni х2+3х-10=0 deňlemäni çözüp, alarys:

х3=2, х4=-5


  • IUHD. Ýañyjumaýewa Mamagül