Repetek goraghanasy
Repetek Döwlet biosfera goraghanasy 1927-njy ýylyň 27-nji oktýabyrynda Gündogar Garagumyň ajaýyp gara ojar tokaýlaryny hem-de onuň daş-töweregindäki meýdanlary gorap saklamak üçin döredildi. Goraghananyň wezipesine Garagumyň çägeli çölüniň aýratyn, özboluşly üýtgeşik ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, goramak hem-de dikeltmek işleri girýär. Olardan başga-da demir ýol duralgalaryň, säginelgeleriň we öri meýdanlardaky guýularyň töwereklerini gök-bakjalyga öwürmäge uly üns beriliär.
Repetek goraghanasy Garagumyň merkezi böleginde Lebap welayatynyň Türkmenabat şäherinden 70 km günortada, Amyderýa bilen Garagum derýalarynyň aralygynda, Repetek demirýol stansiýasynyň ýanynda ýerleşýär. Goraghananyň meýdany 34600 gektara deň.
Repetek goraghanasy döredilmezden ozal Repetek çäge-çöl stansiýasy işleýärdi. Onuň düýbi 1912-nji ýylda Rus Imperator Geografiýa jemgyýeti tarapyndan onuň wise-Prezidenti belli geograf we syýahatçy P.P.Semýonow-Týanşanskinyň işjeň gatnaşmagyna tutuldy. Merkezi Aziýanyň çöllerini öwrenmek ylmynyň düýbini tutujy W.A.Dubyanskiý ylmy stansiýanyň düýbini tutmakda ýakyndan kömek eden guramaçydyr we onuň ilkinji direktorydyr (1912-nji ýyldan tä 1928-nji ýyla çenli).
Ylmy stansiia goraghana bilen bilelikde 1998-nji ýyla çenli işledi. Stansiýa ýapylandan soň goraghana Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasyndan Tebigaty goramak ministirligine goşuldy. Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň hasabynda goraghana jemi 1941-nji ýyldan soň, şol şanda 1962-nji ýyldan dünýä belli Çöller institutynyň (häzirki wagtda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty) bölümleriniň hasabynda boldy.
1979-njy ýylda Repetek goraghanasy halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşuldy. Bu goralýan ýerleriň seti, dünýä ekologik ulgamlarynyň esasy tipi bolup, adamlaryň bähbidi üçin tebigaty gorap saklamak we ylmy gözlegleri geçirmek üçin gerekdir.
Soňky maglumatlara görä Repetek goraghanasynda oňurgasyzlaryň 1343 görnüşleri we kiçi görnüşleri hasaba alyndy. Repetegiň mör-möjekleriniň 7 görnüşi 1999-njy ýylda çapdan çykan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara buýnuzganat empuziýa, hinçi murtlak çekirtge, Pawlowskiniň murtlak çekirtgesi, Uwarowyň çölçüsi, Sumakowyň çekirtgesi, wyžžldawuk antia tomzagy we türkmen burunlak tomzagy degişli.
Oňurgaly haýwanlaryň arasynda ýerde-suwda ýaşaýanlaryň (Amphibia) - 1 görnüşi, süýrenjileriň 22 görnüşi, olaryň 2 görnüşi - zemzen we kepjebaş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Kepjebaş Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizildi.
Repetek goraghanasynyň guşlarynyň 202 görnüşinden 13 görnüşi (oturumly, höwürtgeleýän, gyşlaýan, uçyp geçýän, göçüp-gelip yören guşlardan) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Olara bürgüt we çöl serçesi, ýylançy gyrgy, gajar we togdary, gyzgylt gotan, buýraly gotan, adaty syçançy, mazar garaguşy, ütelgi, sähra göwenegi, gyzylbaş bezziltligi, hüwi degişli.gajar, buýraly gotan, mazar garaguşy we sähra göwenegi TGHS Gyzyl kitabyna girizildi.
Goraghananyň süýdemdirijiler faunasy 29 görnüşi öz içine alýar we olardan 3 görnüşi – garagulak, keýik we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Goraghanada kömelekleriň 197 görnüşi we kiçi görnüşi, toprak suwotylarynyň 68 görnüşi, epifit lişaýniklaryň 4 görnüşi, baldagy ýaprakly mohlaryň 4 görnüşi, açyk tohumlylardan gnetopsidleriň 1 görnüşi we gülli ösümliklerden 120 görnüşi bellenildi.
Repetek çäge-çöl ylmy stansiýasynda we Repetek goraghanasynda uly ylmy -barlag işleri geçirildi. Ylmy barlaglaryň esasy netijeleri çap edilen1000-den gowrak ylmy makalalarda, işlerde, ýygyndylarda we monografiýalarda ýazylyp beýan edildi.
Tebigy ösüşinde amatsyz ýagdaýyň bolmagyna garamazdan, ýerli ilatyň we odun taýýarlaýjy edaralaryň päsgel bermegine garamazdan, Repetek goraghanasynda Gündogar Garagumyň ajaýyp garaojar tokaylary, sebitiň biologik dürliliginiň esasy merkezi, kanagatlanarly ýagdaýda goralyp saklanylýar.
Uly çäge uşgamlary, tümmek we aklaň çägeleri garaojarly jülge görnüşli peslikler bilen bilelikde ýeke-täk gorag ýygyndysyny-köp bolmadyk (30 golaý wekil) keýigiň (jereniň) durnukly populýasiýasyny, seýrek guşlar bolan bürgüdiň, ýylançy gyrgynyň we çöl serçesiniň ýaşaýan ýerini emele getirýärler. Seýrek guşlaryň birnäçe görnüşi üçin goraghananyň ýerleri wagytlaýynça gaçalga bolup hyzmat edýär. Repetek goraghanasynda
seýrek mör-möjekleriň hem uly topary ýaşaýar. Bu ýeri türkmen burunlak tomzagynyň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir.
Goraghananyň ekologik-aň-bilim we habar ýaýratmak işiniň esasyny tebigaty goramak barada alnyp barylýan sapaklar, gündelik gazet-žurnallarda çap edilýän makalalar, radiodaky we telewideniýedäki çykyşlar düzýär. Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işçileri, talyplary, mekdep okuwçylary sapaklary diňleýjilerdirler. Goraghana Halkara biosfera statusy berilenden soň bu ýere dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan adamlar gelip gördüler.
1948-nji ýylda goraghanada tebigat muzeýi döredildi, ol 1972-nji ýylda täzelendi we giňeldildi. Muzeýde goraghanada ýaşaýan kebelekleriň 70-den gowragynyň kolleksiýasy we 22 wekilden ybarat bolan tomzaklaryň kolleksiýasy görkezilipdir, olaryň içinde wyžžyldawuk antiýa tomzagy hem bar. Zäherli möýşekillileriň 5, ýylanlaryň 9 görnüşi, şol sanda kepjebaş görnükli ýerde goýlupdyr. Beýleki süýrendirijileriň 14 görnüşi görkezilmek bilen, olaryň içinde zemzen hem bar. Muzeýde 77 sany guşuň garantgylary goýlupdyr we olar biotoparlar boýunça ýerleşdirilipdir. Süýtemdirijileriň biotoparynda 11 görnüşden 14 wekil görkezilipdir. Repetegiň çägeli landşaftlaryna ýer ýüzüniň başga ýerinde gabat gelenok, şonuň üçin hem goraghana halkara statusynyň berilmegi hakykatdan hem dogrydyr.