Rihard Awenarius
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Rihard Awenarius (nem. Richard Heinrich Ludwig Avenarius 19-njy noýabr, 1843, Pariž — 18-nji awgust 1896, Sýurih) — şweýsar filosof-idealisti, empiriokritisizmi esaslandyryjylaryň biri. Awenariusyň filosifiýasy Berkliniň, Ýumuň subýektiw idealizmini täzeden dikeltmäge synanyşykdyr. Onuň pikiriçe tejribe real dünýäniň aňda şöhlelenmesi bolman, aňyň içki mazmunydyr. Ol ruhy we maddy zatlary aňyň dürli elementleri hasaplaýar. Olaryň arasyndaky gatnaşyk adam bilen daşky dünýä arasyndaky gatnaşyk bolman, duýgynyň dürli elementleriniň gatnaşygydyr. Ol üçin aň bolmasa, materiýa ýok. Bu - dünýäniň materiýalaýyndagyny inkär edýär. Onuň tassyklamagyna görä ylym hadysalaryň arasyndaky sebäpli baglanyşygy öwrenmän, subýektiw tejribäniň gazananyny tertipleşdirmelidir.