Rinoplastika (burun plastikasy) – bu burnuň dogabitdi zeperlerini ýa-da burna soň ýeten zeperleri (deformasiýalary) düzetmegi, şeýle hem ýiten burny doly dikeltmegi aňladýar. Rinoplastika şeýle hem burnuň daşky görnüşini üýtgedýän, kosmetiki bolup bilýär.

Rinoplastika açyk ýa-da ýapyk bolup bilýär. Ýapyk rinoplastikada, hirurg her kesimi diňe burnuň içinde ýerine ýetirýär we burnuň daşky dokumalaryny kesmeýär.

Proseduranyň (amalyň) dowamlylygy, onuň görnüşi, narkozyň görnüşi - lukman tarapyndan, ýagdaýa baglylykda, näsag üçin aýratynlykda (indiwidual, ýörite) saýlanýar. Käbir ýagdaýlarda, rinoplastika, ýerli anesteziýa astynda hem geçirlip bilinýär. Şeýle hem operasion däl (hirurgiki däl) rinoplastika bar. Rinoplastikanyň bu görnüşi kollagen ýa-da gialuron turşusyny sanjym etmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Ilkinji rinoplastika operasiýalary köp asyr mundan ozal gadymy Hindistan, Arabystan we Pars döwletlerinde geçirildi.