2007-­nji ýylda Şasenem, Şähri­bossan, Diýarbekir düzlüklerindäki hojalyklaryň esasynda Ruhubelent etraby döredildi. Onuň meýdany 400 müň gektara golaýdyr. Bu ýerde 10 sany daýhan birleşigi ýerleşýär. Ýakyn ýyllarda özleşdirilen meýdanlaryň möç­berini 270 müň gektara çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar. Etrap pagtaçylyga, däneçilige we maldarçylyga ýöriteleşdirilýär. Onuň çäginde 1 şäherçe, 14 geňeşlik we 67 sany oba bar.

Taryhy

düzet

2007-­nji ýylda etrap merkezi Ruhubelent şäherçesiniň düýbi tutuldy. Şäherçe Aşgabat-­Garagum­-Daşoguz demir we awtomobil ýollaryna ýakyn ýerleşýär. Bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän dolandyryş edaralarynyň jaýlary, mekdepler, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, durmuş hyzmaty we söwda kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary guruldy.