Rus imperiýasy XVII-XVIII asyrlarda

Mowzuk : Rus imperiýasy XVII-XVIII asyrlarda

MEÝILNAMA :

1. Russiýa Pýotr-I-iň dolandyran döwründe.

2. Pýotr-I-den soň Russiýadaky köşk agdaryşyklary.

3. XVIII asyryň II-nji ýarymynda Russiýanyň durmuş-ykdysady we syýasy ýagdaýy.

XVIII asyr Russiýanyň taryhynda Pyotryň döwri bilen başlanýar. Pýotr-I-niň özbaşdak dolandyran döwri XVII asyra hem degişlidir, ýagny ol ýurdy 1689-njy ýyldan dolandyryp başlaýar.

Pýotr-I-ň geçiren reformalary jemgyýetçilik, döwlet we hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýar.Onuň ilkinji reformasy goşun bilen baglanyşyklydy. Pýotr-I-re çenli Russiýada kadaly goşun ýokdy, goşun diňe uruş üçin toplanýardy. Ilkinji polklar preobražen we Semýonow polklary 1691-nji ýylda döredildi.

1705-nji ýylda Pýotr-I Ýewropada ilkinji bolup hökmany gullugy girizýär. (rekrutlyga kabul etmek). Ol 1874-nji ýyla çenli hereket edýär. (ýagny 170 ýyl), şol ýyl ähli umumy hökmany harby borçluk girizilýär. XVIII asyryň I-nji çärýeginde Russiýanyň ýaragly güýçleriniň düýpli özgerişi geçirildi. Şoňa laýyklykda goşunyň esasyny pyýada we atly goşun düzüp, ýeke-täk geýim, ýarag, dolandyryş ýola goýuldy.

XVIII asyryň başynda Russiýanyň taryhynda ilkinji gezek harby-deňiz floty döredildi. Ilkinji harby gämiler toplumyny 1703-nji ýylda suwa goýberdiler.

Umuman, Pýotr-I-ň patyşalyk eden döwrüniň ahyrynda, 1725-nji ýylda rus flotunda 28 müňden gowrak gämiler bolup, diňe Kaspi flotunda 100 töweregi gämi bardy. Baltika deňzinde 1000 golaý. 1708-1715-nji ýyllarda guberniýa reformasy geçirilip, şoňa laýyklykda Russiýa jemi 11-guberniýa bölünýär : Moskwa, Sankt-Peterburg, Kiýew, Kazan, Azow, Smolensk, Arhangelsk, Woronež, Riga, Nižegorod, Astrahan. Guberniýalary general gubernatorlar dolandyrýardy. Her guberniýa 50-a golaý prowinsiýa bölünip, olara komendantlar bellenýärdi. 1711-nji ýylda Senat döredilip, onuň 9 agzasy we ober-sekretary bardy. Senatyň esasy wezipesi patyşa ýok wagty ýurdy wagtlaýyn dolandyrmakdan ybaratdy. Umuman Pýotr-I Russiýany dolandyrmagy Ýewropa döwletiniň nusgasy boýunça amala aşyrmagy maksat edinýärdi. Pýotra çenli Merkezi edaralar prikazlar diýlip atlandyrylýardy. 1718-nji ýylda ol kollegiýa ady bilen çalşyrylýar. (häzirki ministrlikler). 1722-nji ýylda prokuratura instituty döredilip, onuň başynda senatyň general-prokurory durýardy. Şeýlelikde, Russiýanyň döwlet dolandyryşyndaky üýtgetmeler onuň syýasy durmuşynda absolýut monarhiýa düzgünleriniň dikeldilemgi bilen tamamlandy. 1721-nji ýýlda Pýotr-I imperator derejesiniň berilmegi Russiýada absolýutizimiň tassyklandygyny subut etdi. 1700-nji ýylda Patriarh Andrian aradan çykdy. Pýotr-I onuň mirasdüşerini saýlamagy gadagan etdi. 1721-nji ýylda Mukaddes dolandyryjy Sinad ýada Ruhy kollegiýa döredilip, ol Senata garaşly bolýar. Umuman, buthana reformasyny geçirip, ol buthananyň özbaşdak syýasy ähmiýetiniň ýok bolmagyna getirdi. Ol gelejekde rus döwletiniň dolandyryş edarasynyň bir bölegi hökmünde hem-de patyşa garşy toparyň emele gelmeginde rol oýnady. Russiýa şertlerinde onuň tehniki ykdysady yzagalaklygyny diňe döwletiň senagatyň ýokardan aralaşmagy esasynda mümkindi.

Indi içerki we daşarky söwdanyň satyn alyjylyk ukubynyň artmagyny ownuk haryt önümçiligi kanagatlandyryp bilenokdy.

Orsýetde monofaktur önümçiliginiň ösüşiniň aýratynlygy ol hem rus monofaktur önümçiliginiň daşary ýurtlara garaşly däldigidi. Döwlet oňa birnäçe ýeňillikler berýärdi. Esasan hem demir magdan, demri gaýtadan işleýän gämi gurluşyk, ýarag öndürmek, dokma, deri senagat pudaklary monofaktur önümçiligi görnüşindedi.

Şeýle bolsa-da demir magdan Uralda kändi. Bu ýerlerde XVIII asyryň ortasynda Russiýada eredilýän demiriň umumy möçberiniň 1/3 bölegi öndürmeýärdi; asyryň ahyryna 40% köprägi öndürilip başlandy. XVIII asyryň ortalarynda Russiýa çoýun eretmek boýunça dünýäde 1-nji orna çykdy. 1712-nji ýylda Pýotryň buýrugy bilen Ýewropada ýarag satyn alamk gadagan edildi. Umuman Pýotryň dolandyran döwrüniň ahyryna rus harytlarynyň daşary ýurtlara çykarlyşy, daşary ýurtlardan getirilişinden 2 esse artykdy. Senagatyň ösüşi galalaryň we şäherleriň döremegine getirdi. 1703-nji ýylda Sankt-Peterburg şäheri esaslandyryldy. (1713-nji ýyldan ol Russiýanyň paýtagty, 1918-nji ýyla çenli). Pýotryň döwründe durmuş syýasaty birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi bilen häsiýetlendirilýär. 1649-njy ýyldaky kanun boýunça daýhanlar ýere berkidilmeýärdi, Pýotr ony has kämilleşdirýär.

1718-1724-nji ýylda geçirilen ilat ýazgysy esasynda jan başyna salgyt tölemegiň sanawy düzülýär. Pýotr-I 1712-nji ýylyň Nowruz aýynyň 23-inde ähli hususy emläkleriň miraslygy barada kanun kabul edýär. (Motorat kanuny – ol doly durmuşa geçirilmeýär).

Absolýutizm şertlerinde ýurduň durmuşynda hünärli adamlaryň taýýarlanmagy hem möhümdi. Bu döwürde dünýewi mekdepler hem açylyp başlady. 1724-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 28-inde Orsýetiň ylymlar Akademiýasy açyldy. 1703-nji ýyldan birinji gazet “Wedomosti” ady bilen çykyp başlady. Pýotr-I-iň geçirýän reformalarynyň garşysyna çykyş edýänler hem bardy.

XVIII asyryň birinji çärýeginde Russiýanyň daşary syýasatynyň häsiýetli aýratynlygy onuň ýokary işjeňlidi. Pýotryň alyp baran işleriniň esasy umumymilli maksady – Baltika we Gara deňizlere çykmakdy. Onuň üçin Orsýet Şwesiýa we Türkmen Osman imperiýasy bilen çaknyşmaly bolýardy.

Şwesiýa garşy uruşa taýýarlyk görüp, Pýotr Daniýa, Saksoniýa, Polşa bilen ýaranlyk baglaşýar. Türkmen bilen hem parahatçylyk şertnamasyny baglaşýar. Demirgazyk urşy 20 ýyl dowam edýär. 1700-1721-nji ýylda Niştad ýaraşygy bilen tamamlanýar. Şoňa laýyklykda Russiýa Liflendiýa, Estlendiýa, Koreliýaň bir bölegini eýeledi. Şu uruşyň netijesinde Pýotr-I “Ýewropa girelge edindi”.

1721-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 22-sinde Sankt-Peterburgda Pýotr-I umumy Russiýa imperatory derejesini alýar. Pýotr-I-iň şahsy hyzmatlary üçin Senat oňa “Watanyň atasy, Beýik Pýotr, umumy rus imperatory” derejelerini berýär.

1722-nji ýylda Pýotryň Persiýa ýörişi başlanýar, ol öňünden Ermen we Gruzin dolandyryjylary hökümdarlary bilen ylalaşyp ilki Derbendi soň Bakuny basyp alýar. Netijede Persiýa Orsýete özüniň eýeçiligindäki Kaspi deňziniň Günbatar we Günorta kenarýaka ýerlerini berdi. Indi Pýotr Kaspiň üsti bilen Gündogar ýurtlara ýol açdy.

Umuman, Pýotr–I we onuň getiren reformalary rus taryhynda üstünlikli we ahyryna çenli amala aşyrylan ýeke-täk çäreleriň (reformalaryň) biridir, ol Orsýetiň iki asyr mundan beýläki ösüşini üpjün etdi we taryhda yz galdyrdy. (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama).

1725-nji ýylda ýagny Pýotryň aradan çykan wagtyndan tä Ýekaterina-II 1762-nji ýylda häkimiýete gelen wagtyna çenli, rus tagtynda 6 patyşa bolup geçdi.

Pýotr-I-iň iki aýaly Ýekaterina tagta geçen soň döwlet edaralarynyň hukuklary çäklendirilip başlanýar. Senatyň ygtyýarlyklarynyň bir bölegi 1726-njy ýylda ýokary gizlin Geňeşe berilýär. 1727-1730-njy ýylda rus tagtynda Pýotr-I-ň agtygy (12-ýaşyndaka ol imperator bolýar). Ol birden ýogalýar. Romanowlaryň ugry boýunça mirasdüşerleriň bolmanlygy üçin ýokary gizlin geňeş tagta Annany çykarýar. Ol 1730-1740-njy ýylda dolandyrýar. Ol ýokary gizlin geňeşi dargadýar. Annanyň döwründe Orsýetde doly derejede eden etdilik we zalymlyk düzgüni dikeldilýär. Onuň nemes oýnaşlary Minih, Osterman, Biron döwletde resmi wezipe alman iş ýüzünde esasy dolandyryjy bolýar. Ol taryhda “Bironowçylar” düzgüni bilen hem tanalýar, ol adaty ýüzlenmelerinde “Siz ruslar” diýmegi halaýardy.

1741-nji ýylyň Sanjar aýynyň 25-i gijesi harbylar döwlet agdarylyşygyny amala aşyrýarlar, tagta Pýotr-I-iň gyzy Ýelezaweta Petrowna gelýär. Ol derrew öňki nemesleri tusag edýär hem-de 1741-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 12-sinde kanun çykaryp, onda Pýotr-I ýolunyň dowam etdirilmegini kesgitleýär. Ol Pýotr-I-iň döwründäki ähli döwlet edaralaryny dikeldýär. Munuň üçin kollegiýaly Senaty, Baş ministrligi, imperiýada maslahaty we ş.m. ýagny ynsanperwerlik ýörelgeleri Ýelizaweta Petrowna öz syýasatynyň esasy hökmünde ulanýar. Taryhda şeýle hem Ýelizaweta Petrownanyň dolandyran döwrüni “Şadyýan Ýelizaweta” döwri diýip hem atlandyrýarlar, sebäbi ol şadyýan agşamlary, teatry, bal-maskarady gowy göryärdi. Ol aradan çykan soň 15 müňden gowrak onuň köýnekleri 2 sandyk ýüpek joraplary 1 müň jübütden gowrak aýakgaplary galýar.

Ýöne onuň dolandyran döwrüniň rus taryhynda yz galdyran wakalary hem bar. Ilki bilen nemesleriň düzgüni ýok edilýär hem-de hemme hereketde ynsanperwerlik bir ýere goýulýar.

1756-njy ýylyň permany bilen imperator aýal Russiýada ölüm jezasyny ýatyrýar. Özüniň daşary syýasatynda Ýelizaweta Petrowna döwründe Russiýa 1741-1743-nji ýylda Şwesiýa bilen uruş alyp barýar, onda ol ýeňiş gazanýar.

1756-1763-nji ýyldaky ýedi ýyllyk uruşda Russiýa Awstriýa, Fransiýa we Şwesiýa bilen bilelikde Prusiýa garşy uruşa gatnaşýar hem-de prus goşunyny derbi-dagyn etmekde esasy rol oýnaýar.

Il üçin diňe rus generaly Saltykowyň ýolbaşçylygyndaky goşunyň prus şasy Fridrih-II-ň 48 müň adamly goşunynyň 45 müňden gowragyny gyrypdyr. 1762-1796-njy ýyllar aralygynda rus imperiýasyny Ýekaterina-II dolandyrýar. Ol rus taryhynda sowatly, aňly-düşünjeli, bilimli magaryflaşan hökümdar hökmünde tanalýar. Ýekaterina-II öz döwletiniň öz halkynyň durmuşyny üýtgedip gurmak maksat edinýärdi. Ol Günbataryň ýagny fransuz magaryfçylary Wolter, Didro bilen hat alyşýardy. Olardan durmuşa ynsanperwerlik derejesinden sseretmegiň nazaryýet esaslaryny öwrenýärdi. Ýekaterina-II imperator hökmünde şu aşakdaky wezipeleri goýdy, ýagny : özüne wepaly adamlardan topar döretmek, dolandyryşyň baş şahalaryny öz elinde jemlemek, hökümdara duşmançylyk edýän adamlary ýok etmek, öňdebaryjy pikirler esasynda Rus kanunlaryna : 1. Täzeden seretmek, esasy maksat Rus absolýutizmi şertlerinde orta asyr düzgünlerini krepostnoýçylygy, samoderžawiýeni saklap galmak Ýekaterina-II patyşalyk eden döwrüniň 1773-1775 ýyllara çenli işjeň çäreleriň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Esasan hem ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin 1762-1763-nji ýyllarda Ýekaterina Ýewropa ýurtlaryna çagyryş bilen ýüzlenýär. Onda daşary ýurtlaryň Orsýete göçüp gelmegi olara birnäçe ýeňillikler briljegi aýdylýar.

Netijede Powožýe ýerlerine köp sanly nemesler göçüp gelip, ekerançylyk ýerleriniň eýesi bolýarlar.

Ýekaterina-II-iň döwründe Rus imperiýasynyň çäklerini täzeden bölmegi reformasy boýunça Orsýet her biri 300-400 müň ilatly 5 guberniýa bölünýär, guberniýalar hem her birinde 20-30 müň ilat ýaşaýan uýezdlere bölünýär.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda uly täzelikleriň biri ol hem kagyz pulunyň dolanyşyga goýberilmegi (1768). Emma onuň gyradeň goýberilmezligi onuň hümmetiniň gaçmagyna getirdi. (ozal kümüş puldy).

Umuman, täze kagyz pulunyň durmuksyzlygy harytlaryň nyrhynyň ýokarlanmagyna getirdi. Şonuň bilen baglanyşykly ilatyň köp böleginiň närazylygy döredi. Birnäçe gozgalaňlar Ýemel. Pugaç (1773-1775) Don, Ural, Powožýe.Rus magaryfy şol döwürde Ýewropa ýurtlarynyň esasynda ösýärdi. A. N. Radişew 1790-njy ýylda ýazan “Peterburgdan Moskwa syýahat” bilen tanyşyp onda fransuz mör-möjekleri bar. Onuň awtory Pugaçewdan hem howply diýen Radişewi tusag etdirýär we Sibire sürgün etdirýär. D.S 1763-nji ýylyň Pariž ýaraşygy boýunça Russiýa bilen Prussiýanyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklaryň emele gelmegine getirdi. Ol Polşanyň ýerleriniň 3 gezek bölünmegi bilen berkleşdirildi.

1-bölünişik boýunça (1772 ý.)

Prussiýa-Primorýe, Polşa bölegi.

Awstriýa-Galisiýa.

Orsýete-Belarus ýerleri.

Polşany 2-nji gezek bölende-1793 ýylda

Prussiýa-Polşa ýerleri

Orsýete-Belarus ýerleriniň köp bölegi hem-de sag kenar Ukraina.

1795-nji ýylda 3-nji bölünişik netijesinde Orsýet Litwany, Günbatar Belarusy we Günbatar Ukraina, şeýle-de Reç Poskolita özbaşdak döwlet hökmünde öz ýaşaýşyny bes etdi. XVIII asyryň 60-njy ýylynda Ýewropada syýasy oýunlar gyzyşýar. Ol hem birnäçe gapma-garşylyklaryň emele gelmegi bilen düşündirilýär.Orsýet Fransiýa we Awstriýa bilen gatnaşyklaryny ýitileşdirýär. 1868-nji ýylda Türkiýe Orsýete garşy uruşy yglan edýär. Rus-türk uruşy (1768-1784 ý.). (Orsýetiň maksady Gara deňze çykmak). Netijede orslar ýeňiş gazanyp 1774-nji ýylyň Gorkut aýynyň 10-unda Güjük-Gaýnarjy (Dunaýyň sag kenary) obasynda ýaraşyk şertnamasy baglaşylyp, Gara deňiz kenar ýakasynda birnäçe ýerleri eýeleýär, Krymyň bir bölegi XVIII asyryň 80-nji ýylynda Krym meselesi Rus syýasatynyň esasy meselesi birnäçe gündelik hereketiniň netijesinde 1783-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 8-inde Ýekaterina-II Russiýanyň düzümine Krym ýarym adasy, Taman adasy we bütin Kuban tarapyny kabul edýänligi barada resminama kabul etdi. (Krym ýarym adasy ozal türkleriňkidi, Türkiýe üçin Orsýete çozmagyň möhüm galasy hökmündedi). Indi Orsýete Zakawkazýe gerek boldy. Ol boýunça hem Türkiýe bilen gapma-garşylyk emele geldi. 1783-nji ýylda Gruzin patyşasy Irakli-II Russiýa tabyn bolmaga razylyk berýär.Ikinji rus-türk uruşy 1787-1791-nji ýylda bolup ol uruş netijesinde Orsýet ýeňýär.1791-nji ýylyň Bitarap Ýassada baglaşylan şertnama boýunça Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky serhet kesgitlendi. Umuman, XVIII asyryň ahyrynda Orsýetiň ykdysady we syýasy durmuşynda birnäçe gapma-garşylykly çäreler geçirilip, olar esasan hem ýurtda ýeke-täk patyşa häkimiýetini pugtalandyrmaga gönükdirilipdi.