Russiýa XIX asyrda
Mowzuk : Russiýa XIX asyrda.
MEÝILNAMA :
1. XIX asyryň I-ýarymynda Russiýanyň ykdysady-syýasy ösüşi.
2. 1812-nji ýylyň urşy. Uruşdan soňky döwürde Russiýanyň daşary syýasaty.
3. XIX asyrda 70-90-njy ýylda Russiýanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy.
XIX asyryň başynda Orsýet Ýewropanyň uly döwletleriniň biri boldy, ol beýik döwlet derejesindedi. Onuň çäkleri 18 mln. inerdördül km bolup, ilaty 35,5 mln adamdy.
XIX asyrda Orsýetiň ösüşiniň häsiýetli aýratynlygy ol hem köne orta asyr dolandyryş usuly şertlerinde täze gatnaşyklaryň emele gelmegidi. Bu döwürde dowam edýän krepostnoýçylyk hukugynyň, absolýutizmiň ýok edilmegi zerurlyk hökümine öňe sürüldi.
XIX asyryň I-nji çärýeginde Orsýetiň durmuşyna we syýasy ýagdaýy çylşyrymlydy. Bir tarapdan samoderžaw-krepostnoý düzgüni saklamak ikinjiden ykdysady, syýasy durmuşyň täze görnüşlerini gözlemek ýaly ýagdaýlar ýüze çykypdy. Rus taryhynda bu döwürde Aleksandr- I patyşalyk edipdir. 1801-1825 ýyllarda ol Ýekaterina II-ň agtygydy. Ýekaterina-II 34 ýyl ýurdy dolandyryp (1762-1796) soň, 1796 ýylda tagta onuň ogly Pawel-I gelýär. Tä 1801-nji ýyla çenli. Bu döwürde Orsýetiň ykdysadyýetiniň esasy pudagy oba-hojalygydy. Ilatyň hem 94% golaýy obada ýaşap oba-hojalyk zähmeti bilen meşgullanýardy. Oba ilatynyň esasy bölegi 11 mln. erkek adam krepostnoýdy, olardan başga-da döwlet daýhanlary, ýagny döwlete garaşly daýhanlar 9 mln. töweregidi. Patyşa maşgalalaryna degişli daýhanlar 2 mln. adamdy. Döwletde ýer iri mülkdarlaryň hususy eýeçiliginde galýardy. Krepostnoý daýhanlar özlerine bölünip berilen ýerden peýdalananlygy üçin barşina we obrok görnüşinde töleg töleýärdiler. Bu döwürde senagatyň ösüşi kärhanalaryň sanynyň artmagyna seretmezden ýokary däldi. Ol Orsýetiň Ýewropada beýik döwlet derejesine laýyk gelmeýärdi. Iri senagatda 2 müň töweregi kärhana bolup, olarda demir, reňkli metal ýarag, kagyz we ş.m. önümler ösdürilýärdi. Senagatyň ösen ýeri Ural we Moskwa welaýatlarydy. Söwdanyň merkezleri, ýarmarkalar ýurt boýunça 4 müň töweregidi. Olardan has ululary Nižegorod we Irbit ýarmarkalary. Muňa seretmezden Orsýetiň dünýä söwda dolanyşygyndaky paýy asyryň başynda 3,7% deňdi. Patyşa Aleksandr-I Orsýetiň ykdysady we durmuş ulgamynyň üýtgedilmeginiň zerurlygyna düşünýärdi. Ýurduň içeri syýasatynda ol ilki bilen Pawel I-njiniň tarapdarlaryny hökümetden aýyryp, Ýekaterina-II döwrüniň döwlet işgärlerini wezipelere belledi, bölekleýin günägeçligi geçirdi. Sudsyz wezipesinden aýrylanlary işine dikeltdi. Umuman, Aleksandryň patyşalyk döwrüniň 1-nji 10 ýyllygynda ol birnäçe permanlar çykaryp, olar esasan hem Russiýanyň durmuş ykdysady ösüşine täsir etdi. Ýurduň içinde kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça birnäçe çäreler geçirildi. Döwlet dolandyryşynda kollegiýalaryň ornuna ministrlikler döredilip, onuň boşlygyna ýeke-täk buýruk beriji hukuk berildi. 8 ministrlik – harby – pyýada güýçleriň, harby deňiz güýç, daşary işler, adalat içeri işler, maliýe, täjirçilik, halk magaryfy ministrlikleriň komiteti döredilip döwlet ähmiýeti meseleler şonda seredilýärdi. Senat – kanunlary goraýan edara, ýurtda tertip-düzgüne seredýän edara hökmünde tassyklanyldy.
Emma 1805, 1806-07-nji ýyllarda halkara ýagdaýynyň dartgynlygy şol reformalaryň ahyryna çenli geçirmäge mümkinçilik bermedi. XIX asyryň I-nji on ýyllygynda Orsýetiň daşary syýasaty 2-ugur boýunça kesgitlenýärdi. Günbatar we Gündogar rus-pars (Eýran) gatnaşyklaryny ýitileşmegi 1804-nji ýylda Eýranyň Orsýete garşy urşy başlamagyna getirdi. Ol 1813-nji ýylda çenli dowam edip Russiýanyň ýeňmegi bilen tamamlandy. Şol 1813-nji ýylyň Gülüstan ýaraşygy boýunça Orsýet Demirgazyk Azerbeýjany we Dagystany eýeledi. 1806-njy ýylda Osmanly-Türkmen imperiýasy Fransiýanyň goldawy bilen Orsýete garşy uruş yglan etdi. Buharest şertnamasy boýunça (1812 ý.) Orsýet Dunaý derýasy boýunça erkin söwda etmekligi gazandy. Şeýle hem şertnama boýunça Türkiýäniň, Fransiýanyň Orsýete çozan wagty, bitarap bomagy gazanyldy. 1812 ýylyň urşy netijesinde 1812-nji ýylyň Oguz aýynyň 12-sinde Napoleon goşunlary Russiýa çozýar. Alp Arslan – Ruhnama uruşdan soňky döwürde ýagny patyşa Aleksandr I-iň dolandyran döwrüniň soňky 10 ýylynda Orsýetde harby-krepostnoý düzgüni kämilleşýär. 1825-1855 ýyllarda rus tagtyna imperator Pawel I-iň 3-nji ogly Nikolaý-I gelýär. Onuň 30 ýyllap ýurdy dolandyran döwründe häkimiýet diňe hukuk däl-de şol bir wagtda borçdyr diýen ýörelgeden ugur alyp şonuň üçin onuň döwründe demokratiýa, erkin pikirlenme, azat edijilik hereketler doly gadagan edilýär. 1829-njy ýylda Nikolaý-I döwletiň durmuş-syýasy ulgam pugtalandyrmak rus kanunçylygynyň täze görnüşini tassyklaýar. Ol kanunlar toplumy 15-tomdan ybarat bolup, oňa 1640-njy Sobor uloženiýeninde tä Aleksandr-I-njiniň soňky permanlarynda tamamlanýardy. Dekabristler bilen meseläni çözen soň, Nikolaý-I olaryň görkezmelerini çuňňur öwrenip başlaýar, ýagny Russiýany täzeden gurmak meýilnamalary we proýektleri. Onuň görkezmesi boýunça ýurdy dolandyrmagyň täze ulgamy işlenip düzülýär. Şoňa laýyklykda imperiýa soňky diwanhanasy döredilýär. Şeýle hem 1826 ýylda žandarmlar topary we 3-nji bölüm döredilip, olar ähli döwlet dolandyryş edaralarynyň üstünden berk gözegçiligi üpjün etmelidirler. Nikolaý-I-ň hökümeti zähmetkeş halkyň arasynda sowat öwrenmek, bilim almak hereketinden gorkup 1827 ýylda krepostnoý daýhanlaryň çagalaryny orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul etmegi gadagan edýär. Umuman XIX asyryň ortasynda Orsýetiň ilatynyň bary-ýogy 6% sowatlydy. Kanunlar toplumy esasan ýurtda samoderžawiýeniň daýanjy bolan – harbylylaryň we köp sanly döwlet gullukçylaryň hukuklaryna has giňeltdi. Eger-de XIX asyryň başlarynda 16 müň döwletiň ygtyýaryndaky gullukçylar bolan bolsa, asyryň ortalarynda ol san 100 müňe ýetdi. Dolandyryjy edaralar hiç kim tarapyndan gözegçilik edilmeýärdi. Oba hojalygy babatda oba hojalyk önüleriniň hasyllaryň pes bolmagy, mülkdarlaryň bergileriň artmagy. Netijede 1833-1850 ýyllar aralygynda jemi 127 müň mülk hojalyklaryň 24 müňi dargaýar. 1837-1841 ýylda Döwlet emlägi ministrligi oba reformasyny geçirýär. Şoňa laýyklykda 8,1 mln erkek adamlar ýuridiki taýdan erkin ekerançylar hasap edilipdir. Şeýle hem 1858 ýylda 270 müň daýhana 1 million desýatin ýeri satyn almaklygy rugsat berilýär, sebäbi döwletiň býudžeti çökgünlige düşýär. Emma häli krepostnoýçylyk düzgüni dowam edýärdi. Orsýetde dowam edýän jemgyýetçilik gurluşyna seretmezden XIX asyryň 2-nji çärýeginde senagat ösüp başlaýar. Asyryň ortasynda ýurtda 15 müňden gowrak senagat kärhanalary işleýärdi, olarda 800 müňden gowrak hakyna tutma işçi işleýärdi. 30-40-njy ýyllarda mehaniki stanoklaryň we bug maşynlarynyň ornaşdyrylmagy, el zähmetini gysyp çykarýardy. Umuman Nikolaý-I-njiniň döwründe senagat önümçiligi 2 esse artdy. Angliýada bu döwürde 30 esse artyldy. Demir ýol gurluşygy başlandy. 1836 ýylda Peterburg bilen Pawlow. 1848 ýylda Warşawa- Wena, 1851 ýylda Nikolaýew demir ýollary guruldy. Wolga, Dnepr derýa, Azow, Gara deňizlerinde gämi gatnawy ösüp başlady. Nikolaý-I hökümetiniň daşary syýasaty Ýewropada rewolýusion herekete garşy göreşmek, orta gündogar bogazlaryny basyp almak, hem-de Kaspiniň kenar ýaka ýerlerini eýelemelidi.
1826-njy ýylda başlanan ors-eýran urşy 1828 ýylda Türkmensaraý şertleriniň baglaşylmagy bilen tamamlandy. Orsýet Ýerewan we Nahiçewan hanlyklaryny özüne birikdirdi.
1828-1929 ýylda bolup geçen rus-türk urşunda hem orslar ýeňiş gazandy. Adrianopl şertnamasy boýunça Russiýa, Anapa, Poti, Ahalsih, Alhalkalaki ýerlerini özüne tabyn etdi. Indi ruslar bütin Kawkazy eýelemegi maksat edindi. Ol 1821 ýyldan 1864 ýyllar aralygynda dowam etdi. Netijede bütin Kawkaz Orsýet tarapyndan basylyp alyndy, şol sanda çegenýon Dagly Dagystan hem. Imam Samimiň daglaryň Ruslara garşy 25 ýyllap urşy 1834-1859 ýyllar aralygynda XIX asyryň ortalarynda bolup geçen Krym urşy esasan Ýewropa ýurtlaryň Angliýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň Ortaýer deňzine çykmak ugrundaky syýasatynyň dowamydy. Bu urşa gatnaşýan her bir döwlet meseläni özüçe çözjekdi. Orsýet Türkiýäni derbi dagyn edip öz maksadyna ýetjekdi. Türkiýe bolsa Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň goldawy bilen Krymy we Kawkazy basyp aljakdy. Uruş 1853 ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 20-sinde Orsyýetiň Türkiýe çozmagy bilen başlanýar. Ol ilkinji ýeňişi Gara deňizde türk goşunlaryny derbi-dagyn etmegi bilen başlanýar. 1854 ýyllaryň başynda Türkiýe bilen ýaranlyk baglaşyp Angliýa we Fransiýa Orsýete garşy uruş yglan edýär. Netijede bu uruşda Russiýa ýeňilýär. 1856 ýylyň Nowruz aýynyň Pariže parahatçylykly kongresi boýunça Orsýet Türkiýä Bessarabiýanyň bir bölegini, Karşy gaýtaryp berdi, oňa Gara deňizde flot saklamak gadagan edildi.
Umuman, bu uruş Orsýetiň ykdysady we tehniki yzagalaklygyny subut etdi. Harby harajatlar ors gaznasyny boşatdy. Şeýle hem Orsýetiň Krym urşunda ýeňlmegi, onuň syýasy gurluşynyň Ýewropa ýurtlaryndan has yzdadygyny subut etdi. 1855-1881 ýylda Rus imperatory Aleksandr-II birnäçe reformalar getirýär. Olaryň biri hem 1861 ýylaryň Baýdak aýynyň 19-ynda kanun esasynda krepostnoýçylygyň ýatyrylmagy. Bu reformanyň geçirilmegi bilen Orsýetde täze gatnaşyklaryň ösmegi üçin ýol açylýar.