Süleýman şa
SÜLEÝMAN ŞA (144) – Sefewi türkmenleriniň 8-nji şasy. Ol 7-nji hökümdar Apbas II-niň ogludyr. Ol 1666-1694-nji ýyllarda şa bolupdyr.
Şa Süleýman Eýranyň taryhynda başarnyksyz, gazaply şa hökmünde tanalýar. Onuň döwründe döwlet gowşapdyr. Özbek hanlary Süleýman şanyň döwründe Horasana çapawulçylykly ýörişler gurapdyrlar. Şa Süleýman olaryň ýörişlerine gaýtawul bermegi guramagy başarmandyr. Hut Süleýman şanyň döwründe Gollandiýa Pars aýalgyndaky Eýranyň ýeri bolan Keşm adasyny eýeläpdir.