SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
SSSR-iň Owganystana goşun girizmegi we onuň halkara gatnaşyklaryna täsiri.
Täze owgan hökümetiniň geçirýän çärelerine garşy Owganystanyň ilatynyň esasy bölegi aýaga galdy. Daşdan goldaw bolmasa bu hökümet uzak saklanyp biljek däldi. Ýeri gelende aýtsak bu döwletiň ýolbaşçylary bolan Taraki bilen Hafizulla Aminiň arasynda garşylyklar başlandy. 1979-njy sentýabrynda Amin Tarakini bogup öldürip, döwlet baştutanlygyna özi geçdi.
Syýasy dartgynlylygyň ýitileşen şertlerinde Owganystan ýolbaşçylarynyň bir toparlanyşygyny goldap, 1979-njy ýylyň dekabrynda SSSR Owganystana goşun girizdi (resminama seret!). Bu goşun ilki 50 müň adamdan ybarat bolsa-da, soňra 150 müňe çenli köpeldildi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň adalatly belleýşi ýaly “döwletleriň içerki işlerine başga döwletler goşulyşanda otuşmaýan taraplaryň birini goldan bolup gelýärler”. Bu hakykat hut Owganystan babatda hem şeýle boldy.
SSSR-e Amin ýaramaýardy. Sowet goşunlary özi bilen bilelikde Ýewropa ýurtlarynyň birinde diplomatik işde gezip ýören Babrak Karmaly getirip, Owganystanyň döwlet ýolbaşçysynyň kürsüsinde dikdi. Öňki ýolbaşçy Amin bolsa rus esgerleri tarapyndan atylyp öldürildi. SSSR-iň Owganystana goşun salmagy gohy ýetik dünýäniň ýene bir burçunda onlarça ýyla çeken dawanyň tutaşmagyna getirdi.
SSSR-iň Owganystana goşun girizmegine, owgan halkynyň boýnuna yglan edilmedik urşy dakmagyna garşy dünýä döwletleriniň ählisi diýen ýaly çykyş etdiler. SSSR-i bu hereketinde diňe öz ýaranlary goldady.
Owganystanyň içinde sowet goşunlaryna garşy dürli serkerdebaşylaryň ýolbaşçylygynda harby birikmeler döredilip, azat edijilik urşy başlandy. Olaryň köpüsi özlerini mojahedler (mojahed - hak iş ugrunda göreşiji) diýip atlandyrdylar. Olar diňe sowet goşunlaryna däl, olaryň dikmeleri bolan Kabul hökümetine garşy göreşýärdiler. Göreşmezçe-de däldi. Çünki, sowet goşunlary Owganystanda “Ur diýseň, gözüni çykarar“ edipdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky komissiýasynyň 1985-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Owganystan boýunça taýýarlan hasabatynda sowet goşunlarynyň bu ýeriň parahat ilatyna beren güzaby hakda şeýle maglumatlar getirilýär: 1985-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda sowet goşunlary 32 müň 755 adamy öldüripdirler, 1834 öýi tozdurypdyrlar, 74 obany weýran edipdirler, 3308 sany dürli görnüşli öý haýwanlaryny gyrypdyrlar. Käbir obalary ornunda ýumurtga togalabermeli edipdiler. Garaz, Owganystana harteçjal barana dönüpdi. Owganystanyň halkynyň millionlarçasy daşary ýurtlarda bosgun bolup, ýat illerde mysaplyk çekmäge mejbur boldy (resminamalardaky maglumatlara seret!). SSSR Owganystanda öz hökmüni ýöredip bilmejekdigini duýup, 1988-nji ýyldan başlap bu ýerden goşunlaryny çykarmaga girişdi. 1989-njy ýylyň 15-nji fewralynda iň soňky sowet esgeri Owganystandan çykdy. SSSR-iň beren resmi maglumatlaryna görä onuň Owganystanda 13 müň 310 adamsy öldürilipdi, 35 müň 478 adamsy ýaralanypdy, 311 adam dereksiz ýitipdi.
Owgan urşy türkmen halkynyň hem ýüreginde dagly yz galdyrdy. Çünki, SSSR-iň Owganystana girizen goşunynyň esasy bölegini SSSR-iň musulman ilatly sebitlerinden toplanan esgerler düzýärdi. Sowet ýolbaşçylarynyň öňe süren internasional borç baradaky ham-hyýallary üçin müňlerçe türkmen ýigitleri hem bu manysyz urşuň şarpygyny datmaly boldular. Olaryň köpüsi Watandan alysda, owgan topragynda näumyt halda gözlerini baky ýummaly boldular.