SUMAKOWYŇ GYSGAGANAT ÇEKIRTGESI
короткокрылка Сумакова (Bufonacridella sumakovi) Göni ganatlylar otrýady Çekirtgeler maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi IV. Seýrek görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Urugyň ýeke-täk görnüşi. Türkmenistanyň endemigi. Gysgaça beýany. Ownuk çekirtge. Reňki goňrumtyl-sary, maýdajyk nokatly ýa-da tutuşlygyna diýen ýaly ýaşylymtyl. Yzky injikleri gök reňkli we ownujak garamtyl nokatly, tikenleriniň we dyrnajyklarynyň uçlary gara. Bedeniniň uzynlygy erkekleriniňki 9,5–10,8 mm, urkaçylarynyňky 15,2–18,7 mm. Ýaýraýşy. Ýolöten etraby, Repetek, Bathyzyň demirgazyk çetinden Amyderýa çenli. Ýaşaýan ýerleri. Güneýik, peçek, aşygoty ösümlik toplumly aklaň we ýarym berkeşeň çägeler. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. Iki-ýeke gabat gelýär. Esasy çaklendiriji sebäpler. Ýaşaýan meýdanlarynyň özleşdirilmegi. Öri meýdanlarda malyň köp bakylmagy. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Çägede ösýän ownuk gyrymsy ösümlikleriň arasynda (mikrotamnobiont) ýaşamaga uýgunlaşan çekirtge. Maý aýynyň başynda liçinkalary döreýär, iýun aýynyň başynda — ganatlanýar. Çekirtgäniň jyns taýdan ýetişenleri awgust aýynyň ortasyna çenli duş gelýär. Köpeldilişi. Iş geçirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Repetek döwlet biosfera goraghanasynda goralýar. Gorag üçin zerur çäreler. Ýaşaýan ýerlerini goramaly, şol ýerlerde mal bakylmagyny çäklendirmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Ýaşaýan mesgeninde populýasiýasynyň ýagdaýyny öwrenmeli. Düzüji: E. O. Kokanowa