Sanawaçlar - şahyrana halk döedijiliginiñ, esasan, çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniñ biridir. Bu görnüşiñ adalgasy "sanamak" sözunden döräp, ol tekst-bentleri ýüzugra sanap çykmaklygy, ýagny aýtmagy añladýar.

Sanawaçlaryñ ýerine ýetirişi düzet

Sanawaçlar çagalaryñ we ýaş ýetginjekleriñ arasynda giñden ýaýran bentler, şygyrlar. Bu şahyrana görnüş üç-dört ýaşdan on dört-on bäş ýaşa çenli döwürde oýnalýar. Sanawaçlar köplenç çeper okaýyş şekilinde ýerine ýetirilýär. Olaryñ arasynda sahnajyk - gepleşik görnüşinde aýdylyp, dürli hereketler bilen utgaşdyrylyp aýdylýanlary hem bar. Sanawaçlar göz öñüne tutýan maksady we aýdylyş aýratynlyklary taýdan iki topara bölünyär. - Oturyp aýdylýan sanawaçlar. - Oýun oýnamak ýa-da oýnalýan wagtynda sanalýan sanawaçlar. Sanawaçlaryñ birinji toparynda: "Bagym, bagym bagymda" "Gar ýagar-a, gar ýagar", "Şarka-şarka bilezik", "Kümüş tapdym", "Ýumalandym, ýumak tapdym", "Hapyz agam", "Babam maña, "haý", diýdi", "Ýagdyrmany gitmerin", "Iki hoz", "Dort geçi"... ýaly şygyrlar aýdylýar. Bu topar sanawaçlar göwrümi taýdan dürli: olaryñ käbirleri az setirli, gysgajyk şygyrlar bolup, ýaş çagalar hem ýat bekläp bilýärler, birentegi bolsa köp setirlerden düzülendir. Şeýle sanawaçlar uly ýaşly çagalara niýetlenendir. Sanawaçlaryñ möçber taýdan dürli bolmagy, onda çagalaryñ ýatkeşligini endigan, etaplaýyn ösdümek maksady göz öñünde tutulýar. Sanawaçlar ýat tutulanda, ululardan yzygiderli kömek alynýar. Ýaş çagalar gysgajyk bentleri ekabyr çagalardan öwrenýär. Кöp setirli sanawaçIary bolsa uly adamlar öwredýär. Bu tebigy ýagdaý. Çünki çaganyñ ýatkeşligi birnäçe gezek eşitmek, öýkünmek arkaly ösýär, berkeýär. Sanawaçlary ulular aýdanda çagalar diñleyji bolup gatnaşýar, ony içinden gaýtalaýar. Birnäçe gezek eşidilen sözler çaganyñ añyna öz-özünden, bilniksiz ornaşyp, kynçylyksyz dile gelip durmak derejede hakydada galýar. Sanawaçlaryñ uly-kiçisi tapawudy ýok, olar çagalaryñ añynyñ täze duşünjeler, täze sözler bilen bilniksiz baýlaşmagyna hem hyzmat edýär. Ýatda galan sözler, düşünjeler kämillik ýaşa ýetende, özüniñ mazmuny bilen çagalaryñ ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, söz sungatynyñ gözelligini duýmak ukybyny ösdürýär. Bu kysym sanawaçlaryñ asyl maksady ýatkeşligi ösdürmek, sözleri ýat tutmak ukyby kämilleşdirmekdir. Çagalara tanyş bolan sözleriñ san bilen owazlaşyp gelmegi, sanlaryñ ýatda galyjylygyny güýçlendirýär. Olaryñ mazmuny bolsa ýokarky bentlerde ikinji derejeli zada öwrülýär. Aslynda mazmunynyñ görnüş bilen ornuny çalyşmagy sanawaçlaryñ köpüsine häsiýetli alamatdyr. Barmaklaryñ adyny öwretmek maksady bilen döredilen sanawaçlarda-da ýagdaý şolara ýakyn. Beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmenlerde-de her barmagyñ öz ady bar: başam barmak, suýem barmak, orta barmak, ogulhajat, külen barmak (ýa-da külenbike). Ýaş çagalara ýat tutdurmak üçin aşakdaky ýaly bent döredilipdir:
Başam barmak baş getir,
Suýem barmak suýt getir,
Orta barmak ot getir,
Ogulhajat ok atar,
Külbikejik kül atar.

Bu sanawaçda-da sesleriñ sazlaşygy esasy orna eýedir. (Çagalaryñ görüp - bilip ýören zatlary (baş, suýt, ot, ok, kül) bilen barmaklaryñ häsiýetlendirilmegi diñe çeperçilik hyzmaty özünde saklaýar, sözleriñ şekil (ses) taýdan sazlaşmagy (owazlaşmagy) ýat tutmaklygy ýenilleşdirýär. Ýogsa bolmanda häsiýetlendirýän zat bilen häsiýeti kabul edýän närsäniñ, ýagny "başam barmak" bilen "baş getirmegiñ", "suýem barmak" bilen "suýt getirmegiñ", "orta barmak" bilen "ot getirmegiñ", "ogulhajat" bilen "ok atmagyñ", "külbikejik" bilen "kül atmagyñ" arasynda hiç hili baglanyşygy ýokdur. Iñ bärkisi, suýt getirilende, diñe suýem barmagyñ ulanylmaýandygyny hem ýatlasak, işiñ diñe howaýy - şertli häsiýete eýedigi düşnükli bolar. Bu sanawajyñ hem şekil owadanlygy, sözleriñ ses meñzeşligi (başam - baş, suýem - suýt, orta - ot, ogulhajat - ok, külembikejik - kül) barmak atlarynyñ çagalaryñ añynda keşpli görnüşde orun almagyna ýardam edýär. Sanawaçlaryñ ikinji toparynda çagalar üýşüşip oýun oýnajak bolanlarynda, oýny alyp barýan /melteçi/ bellejek bolsalar, sanawaç aýdyşýarlar. Mysal üçin, oýna gatnaşýan çagalar tegelenişip, aýaklaryny orta uzadyp oturýarlar. Olaryñ uluragy sanawajy sanap başlaýar: "Iññe - iññe, ujy diññe, bal-balyna, şek-şekine, şatyr geçi, gotur geçi, gola geçi, halalañ, hapbañ, ýaryl, böwsül, çomakaý, çortakaý, tur, sen, çyk ortadan!" we ş.m. Sanawaç kimiñ aýagyna gabat gelende gutarsa, ol ayaga kakylyp goýberilýär ýa-da çümmüklenilýär. Sanawaçlar goşgy düzüliş kadalaryna laýyk gelmelidir. Sanawaçlaryñ käbiri çagalaryñ şahyranalyk ukybynyñ ösmegine kömek edýär. Olaryñ käbirlerinde bolsa many añladýan pikirem bolmayar. Meselem: "Apak, mapak, yagşy, ýaman, ýüpek" diýeniñ bilen onda näme diýiljek bolýany belli däl.

Sanawaçlar gysgajyk sahnajyklar, dialog görnüşli dürli hereketler bilenem utgaşdyryp hem aýdylýar. Sanawaçlaryñ bir topary tebigatdaky dürli närseleriñ atlary, adamlaryñ elleriniñ barmaklary, sanlar, käbiri bolsa haýwan atlary bilen baglanyşykly döredilipdir.

Edebiýat düzet

Türkmen halk döredijiligi. Mugallymçylyk mekdepleri üçin synag okuw kitaby. G.Otdyýew, N.Atdaýewa. Aşgabat 2010ý. Türkmen döwlet neşirýat gullugy.