Terjimäniň özi bir özboluşly sungatdyr. Edilýän terjime eseriň naýbaşy bolmagy üçin terjimeçi owadandan-owadan, şirinden-şirin, şireliden-şireli sözleri ulanmaga çalyşýar. Käbir terjimeçileriň eser terjime edendigini ýa-da özi ýazandygyny bil- dirýän terjime eserinde şol ýurda degişli birzadyň üsti bilen aňaýmasaň aňsat-aňsat saýgarmaga hem

mümkinçilik goýmaýarlar. Şol terjimeçiler hem “ussat terjimeçi” diýen ada eýe bolýandyrlar.  Ussat terjimeçileriň
biri bolan Sapargeldi Annasähedowyň ýa-da onuň ýörgünli ady bolan Sapargeldi Annasähet Iner ogly meşhur türkmen ýazyjysy 

we ussat terjimeçisi barda ýazmagy makul bildim. Sapargeldi Annasähedow türkmen edebiýatynda we türkmen terjimeçiliginde uly yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Türkmen edebiýatynda uly yz galdyran diýmegimiň hem sebäbi bar, çünki ol özüniň “Ykbal”

romany, “Bagt hakynda rowaýat” we “Gökdere ýaýlasynda” atly kitaplary, “Göroglynyň gözleginde” powesti ýaly birnäçe
bahasyna ýetip bolmajak kitaplary türkmen edebiýatyna sowgat eden ýazyjydyr. 
Ussat terjimeçi özbek ýazyjysy Şraf  Raşydowyň “Gudratly tolkun”, täjik ýazyjysy Jelal Ikramyň “Günämi boýun alýaryn”,
hytaý ýazyjysy Çžao Şi-liniň “Lisžýandaky özgerişler” romanlaryny rus ýazyjysy N. Korolenkonyň hekaýalar kitabyny,
meşhur “Müň bir gijäniň” bir goşgularyny terjime edipdir. Görşümiz ýaly, onuň terjime eden ýazyjylary hersi bir
döwletiň meşhur ýazyjylary. Bu diýmek bolsa, Sapargeldi Annasähedowyň şol ýurtlaryň medeniýetinden, taryhyndan 

we edebiýatyndan başy çykandygyny aňladýar. Terjimäniň naýbaşy bolmagy üçin terjime etýän zadyň haýsy ýurda degişli

hem şol ýurduň medeniýetini we ýaşaýyş-durmuşyny bilmek hökmandyr. Eger-de, sen öz terjime etýän zadyňa düşünmeseň, 

terjime ýalňyş bolmaga ýykgyn bolýar. Men bu işimde Sapargeldi Annasähedowyň ömri we döredijiligi barada, eden terjimeleri barasynda çuňňur durup geçmekçi.

               Sapargeldi Annasähedowyň ömri we döredijiligi   
   Meşhur ýazyjy we ussat terjimeçi Sapargeldi Annasähedow 1930-njy ýylda Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşýän Köşi obasynda
dünýä inýär. Orta mekdebi tamalandan soň, oba ýerinde işe durýar. 1948-1951-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki Demir 

ýol tehnikumynda bilim alýar. Bu okuw jaýyny tamamlan ýyly, häzirki Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk

fakultetine okuwa girip, ony 1956-njy ýylda tamamlaýar. S. Annasähedow “Türkmenistan” neşirýatynda terjime bölüminiň redaktory
bolup işläpdir. Şol döwürlerde hem onuň Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik ýyllary hakynda “Göroglynyň gözleginde” atly powesti
okyýjy köpçüligine ýetirildi. Sapargeldi aga “Türkmenistan” neşirýatynda terjime bölüminiň redaktory bolup 1960-njy ýyllarda işläpdir.
 Şol ýyllarda ussat ýazyjynyň Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik ýyllary hakynda “Göroglynyň gözleginde” atly powesti ellerden 

düşürilmän okalypdyr. Halyl Kulyýew bu eseri Magtymguly Pyragy hakda şu mahala çenli döredilen eserleriň iň naýbaşysy hasplapdyr.

Bu eser iňňän çeperçilik bilen ýazylan powest bolmak bilen çyndan hem naýbaşydydyr. 1990-njy ýyllarda onuň “Ygrar” romany 

okyjylara gowuşdy, ýene-de “Gökdere ýaýlasynda” we “Bagt hakyndaky rowaýat” ýaly kitaplary hem okyjy köpçüligine ýetirildi.

Onuň “Bagt hakyndaky rowaýat” kitabynda onuň iň saldamly bäş sany powestleri we hekaýalary orun aldy.  Hudaýberdi Diwangulynyň
bellemegine görä ýazyjy we ussat terjimeçi Sapargeldi Annasähedow biçak sowatly, türkmen adatlaryny, edim-gylymyny, edebi dilini, 

kanunçylygy… gaty gowy bilýän okumyş adam bolupdyr.

  Men haçan-da, şu ylmy derňew işim üçin maglumatlary agtaramda ussat ýazyjynyň birnäçe kitap edip çykarylmadyk hekaýalaryna duş 

geldim. Onuň ol hekaýalary öňki “Edebiýat we Sungat” gazetiniň dürli ýyllarynda çap edilipdir. Onuň ilkinji ýazan eserleri “Jygalybegiň çertegi”, “Şireje”, “Garly gije” diýen hekaýalar, “Disertasiýa”, “Arlykçy Sagdy-Wakgas”,“Öýlenjek ýigit” atly bir aktly komediýa eserleridir. Bularyň hemmesi-de “Edebiýat we sungat” gazetinde, şeýle hem ýaş ýazyjylaryň ýygyndylarynda çap edildi. Onuň “Disertasiýa” eserini Tejeniň halk teatry we Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda sahnalaşdyryldy.

Sapargelidi Annasähet Iner Ogly diňe bir ussat ýazyjy ýa-da terjimeçi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol şygyrlary hem 

ýazypdyr. Onuň “Bil ogul” atly goşgusyndan bir bent şu ýerde getirmekçi:

                              “Harby işlerine köp üns bergin,
                               Öz postuňda örän sen ykjam durgun,
                               Milt etse duşmana berk zarba urgun
                               Meniň saňa nesihatym şol oglum.”  

Bu goşguda, atasy ogly Watan goragyna gidip barýakar berýän nesihatlary dogrusynda. Bu ýerde Sapargeldi aganyň

goşgularynda labyzlylyk we goşgynyň ritim bilen ýazylandygy duýulýar. 
  Meniň esasy ugur alan çemelerim bolup çykyş eden iki sany makala, olaryň biri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi 

Diwangulyýewiň “Dünýä edebiýaty” žurnalyndaky makalasy we ýazyjy Hemra Şirowyň makalasy bolmak bilen, şol makalaryň üsti

bilen hem Sapargeldi aganyň türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrandygyna göz ýetirýärsiň. Onuň “Beýtullanyň synmagy”

(käbir çeşmelerde “Beýtullanyň ýumrulmagy” diýip hem berilýär) kyssa eseriniň azajyk mazmuny bermäge synanşaýyn; “Bu eser

taryhy wakalara täzeçe garaýyş bilen ýazylan eser. Gabowdaky Gökdepe galasynyň üstüne sürünýän patyşa leşgerleriniň 

tebil-nagarasy: “Uruş, gemriş, Togtamyş! Çapyş, Gyrlyş, Utamyş! Gusan ganyň lagtamyş. Ahyrzaman wagtymyş” diýýän terzde ýaňlanýar. Ata-enesiniň, dogan-garyndaşlarynyň, obasynyň-iliniň ölümini gören oglanyň ömri weýran. Ulalyp adam bolansoň,

20-nji ýyllaryň gurply daýhany Durdumuhammet ölüm halyndaky aç-hornrus oglanjygyny bir säw bilen öýüne getirýär. Ilkibaşda
ol öz halkyny gyrgyna beren gandarynyň sylaçasyny ýek ýigrenip, oňa ala göz bilen garaýar. Emma kem- -kemden ynsanlyk
duýgusy üstün çykýar…” Bu kyssa eseri Sapargeldi Annasähedowyň “Bagt hakynda rowaýat” kitabynda hem orun alýandyr.  
  Sapargeldi Annasähedow türkmen edebiýatyny we türkmen terjimeçiligini ösdürmekde köp işleri bitiren şahsyýetdir. 

Ynha, onuň 1998-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-sindäki “Edebiýat we sungat” gazetiniň sanynda “Edebiýat derýasynyň sakasynda

(ýazyjynyň oýlanmalary)”ady bilen çykan makalasynda, ol türkmen edebiýatynyň geçen asyrlarda çeken kynçylyklary, türkmen 

edebiýatyny ösdürmekde birnäçe tärleri dogrusynda söz açýar. Men şu ýerde sözümiň gury bolmazlygy üçin şol makaladan bir

parça getirmekçi: “… Biz durmuşdaky täze öwüşginlere howatyr bilen garaýan bolaýmaly. Adamyň tebigaty hem şeýleräk-dä.
Her zadam bolanda, halkyň durmuşy tutuşlaýyn ýazylmadyk hekaýalardan, powestlerden, poemalardan, romalardan ybarat bolup,
ýazyjy-şahyry hyjuwlanyp galama ýapyşmaga çagyrýar. 
  Ine, şu ýerde-de biz täze eser döretmek üçin ýazyjy haýsy temany saýlap almaly diýen meseläniň üstünden gelýär. Dogrudan hem,
täsin wakalar, pikirler, duýgular, ajaýyp obrazlar “meni al-da, meni al” diýip özlerini güjeňläp durýar. Okyjy üçin hut şu gün
zerur gerek zady saýlap almak, ýazjak zadyny ýalňyşmazlyk ýazyjynyň iňňän bilmeli zadydyr. Okyjynyň islemeýän ugruna alyp gitseň,
ol uzaga gitmän, seniň yzyňdan galar. Ýazan kitabyňy okaman taşlar. Çeper eseriň döremegi bilen bagly bolan örän çylşyrymly syrly 

prossesi käbir edebiýatçylar ýönekeý material ýygnamaga syrykdyrýar. Hamala, ýazyjy öz işleýän temasyna degişli näçe köp material

toplasa, şonça-da eseriň şowly bolmagyny gazanýarmyş. Elbetde, material ýygnamak gowy zat ýöne bar işi şuňa syrykdyrmak bolmaz…
Berdi aganyň çeper eseriň döreýşini owadan halynyň dokalşyna meňzedipdi. Biz Kerbabaýewiň şu deňeşdirmesini asla inkär etmekçi däl.
Emma haly sungaty öňünden mälim bolan trafarent-nusga esasynda döreýär. Onuň çitim sany, salynjak nagyşlary, dürli 

reňkleriň gaýtalanmasy başdan kesgitlengi. Halyçynyň ussatlygy şol belli zatlary gelşirip ornunda goýmak, ýöne edebiýat

bilen sungat bu babatda düýp göter tapawutlanýar. Onda ölçege gabat gelmeýän jady-tisim, irrosionallyk bar. Kämahal ýazylýan
çeper eser ýazyjyň islegine boýun bolman başlap, gaýtam oňa buýrup başlaýar: “sen meni eýle ýazmarsyň, beýle ýazarsyň” diýip… ”  
Görşimiz ýaly, Sapargeldi aganyň edebiýat barasyndaky pelsepeleri giň bolup, ol okyjy we ýazyjynyň arasyndaky baglanşygy, eseriň 

gyzykly bolmagy ugrundaky aladalary, eseri ýazmanyň tärlerini bilmekligi, elbetde hem klasiki eserler barasynda, türkmen edebiýatynyň çeken kynçylyklary dogrusynda bu makalasynda giňşleýin durup geçýär.

  Sapargeldi Annasähedow ömrüniň soňrakky ýyllary adynyň yzyna ata-baba sarpalanyp tutulýan ady hem tirkäp, eserlerini 

«Sapargeldi Annasähet iner ogly» diýip çapa berýärdi. Şol sebäpli hem Sapargeldi Annasähedowy “Iner ogly” ady bilen bellidir.

Sapargeldi aga täze-täze romanlar, powestler, hekaýalar bilen kyssa edebiýatymyzy baýlaşdyryp, tüýs iner ogludygyny, ruhunyň
hem edebi gaýratynyň bekdigini subut edip gitdi. 
 Sapargeldi Annasähedowy köpleriň tanamazlygy hem ahmal, ýöne onuň iň bir söýlüp okalan kitaplaryndan biri bolan, 

“Bagt hakynda rowaýat” atly kitabyny agzanyňda weli, ony tanaman galýan ýokmuka diýýärin. Sebäbi bir adam onuň bu

kitabyny okamasalar hem, ony okan adamlaryň olary gyzyklandyryp okamaga iterýär. Men dogrusy bu kitaby edil özüm-hä
okap görmedim, ýöne meniň talyp ýoldaşlarymyň köpüsi okap onuň täsirinden intek-intekler hem çykyp bilmän, kitabyň
tarypyny dillerinden düşürmeýärler. 
                        
                          Terjimeçi Sapargeldi Annasähedow
  Sapargeldi Annasähedow diňe bir görnükli türkmen ýazyjysy bolman, eýsem, ol ussat terjimeçidir. Bilişimiz ýaly,
Sapargeldi Annasähedow “Türkmenistan” neşirýatynyň terjime bölüminiň redaktor bolup işläpdi. Sapargeldi Annasähedow 

çeper terjimäniň baryp ýatan ussadydy. Iner ogly XIX asyryň klassik rus edebiýatynyň proza eserleriniň hem soňky döwrüň

oňat kitaplarynyň elli tomunyň türkmen diline terjime edilmegine gatnaşypdyr. Terjimeçi, redaktor, resezent hem neşirýatyň
bölüm müdiri hökmünde ol A.Gogolyň 5 tomuny, L.Tostoýuň 14 tomuny, A.Çehowyň 13 tomuny, M.Gorkiniň 16 tomuny, A.S.Puşkiniň,
N.Nekrasowyň, A.Kupriniň, N.Çernyşewskiniň, F.Dostoewskiniň, M.Şolohowyň we beýlekileriň aýry-aýry eserlerini, şeýle hem dünýä
edebiýatynda ykrar edilen kän kitaplary türkmen diline terjime edilmeginde olary redaktirläpdi. Olaryň ýokary derejede terjime
edilmegini gurapdy. Sapargeldi Annasähedowyň özi hem özbek ýazyjysy Şaraf Raşidowyň “Gudratly tokun”, täjik ýazyjysy Jelal Ikraminiň
“Günämi boýun alýaryn”, hytaý ýazyjysy Çžao Şi-liniň “Lisžýandaky özgerişler” romanlaryny, rus ýazyjysy N. Korolenkonyň hekaýalar 

kitabyny, meşhur “Müň bir gijäniň” bir jildini (öz halypasy ussat terjimeçi Bäşim Ataýew bilen bilelikde) terjime etdi.

  Sapargeldi aga terjime işini özbaşyna döredijilik işi hasap edýärdi. Ol L.Tolstoýyň dört kitapdan ybarat “Uruş we parahatçylyk”
romanyny we beýleki ençeme  eserleri terjime eden Meret Sopyýewi, M.Şolohonyň üç kitapdan ybarat “Ýuwaş Don” romanyny terjime 

eden Atda Badaýewi, M.Şolohonyň iki kitapdan ybarat “Göterilen tarp” romanyny, A.Fadeýewiň “Ýaş gwardiýa” romanyny terjime eden

Bäşim Ataýewi ussat terjimeçiler hasap eder eken. Ol olara: “Bu ussat çeper terjimäni öz döredijilikleriniň aýrylmaz bölegi
hasap etdiler hem-de edebiýatymyzda yz galdyryp bildiler” diýer ekeni.
  Çeper terjime eserleriniň ýazyjynyň kämilleşmegine täsir edýändiginiň mysallary az däl. Sapargeldi aga terjimäniň
diliňdenem öz ene diliňi, hasam edebi dili gowy bilmelidigini, beýan edilen wakanyň okyjynyň göz öňüne magat geler
ýaly edilmelidigini aýdar erdi. Iner oglunyň öz eserleri özüniň şirinligi we manysy bilen okyjyny özüne çekýär. 
  Terjime sungatynda “Kyssada terjimeçi ýazaryň guldyr, şygyrýetde garşydaşdyr” diýen ýörelge bar. Sapargeldi aganyň bu
pelsepäni şeýle düşündirmek bilen, ol: “Meniň elimde bolsa, Puşkini, Lermontowy, Baýrony, Geýäni Annaberdi Agabaýew,
Atamyrat Atabaýew, Nobatguly Rejepow, Ahmet Gurbannepesow daga terjime etdirerdim. Sebäbi olaryň hyjuwy ady agzalan 

şahyrlaryňka gabat gelýär. Men bularyň içki joşgunyny goşgy ýazyşlaryndan aňýaryn” diýipdi. Sapargeldi aga kyssa eserlerini

terjime edilende, eseriň üstünde ymykly oýlanyp oturmalydygyny; gahrymanlaryň hereketlerindäki şol mahalky ahwalatyny
öz başyňdan geçirmelidigini; gahrymanalaryň milli aýratynlyklaryny, terjime edilýän eseriň haçan ýazylandygyny onda haýsy ýurt,
haýsy ýer hakynda hem-de haçan gürrüň edilýändigini magat bilmelidigini belläp, ynha, şondan soň eseriň gahry-manalarynyň 

aýdanlaryny terjime etseň, türkmen adamsy geplän ýaly bolup duruberer diýerdi. Bäşim Ataýew we Sapargeldi Annasähet Iner ogly halypalar bir möhüm ýagdaýy, ýagny terjime edilýän eseriň milletiniň däp-dessurlaryny, edim-gylymyny öwrenmelidi- giniň

terjime işinde biçak zerurdygyny nygtaýardylar. Çünki islendik eserde özboluşly millilik, edil şonuň ýaly-da milleti dünýä
tanadýan özboluşlyklar bardyr. Bulary içgin öwrenmezden edilen terjimäniň gülkünç ýagdaýlara düşülmegi-de mümkindir. 
  Sapargeldi aga edilýän terjimäniň öz döredijilik täriňe ýakyn bolmalydygyny, çeper terjimäniň ýazyjynyň galamynyň ýiti
bolmagyna, diliniň çeperçiligine oňyn täsirini ýetirýändigini belleýär. Men şu ýerde  Hemra Şirowyň makalasyndan 

getirmekçi: “…Ine, bir gezek, agşamky gezelenjimize çykanymyzda, gürrüňçilik edebiýatyň terjime ulgamyna syrygyp,

bu ugurda soňky ýyllarda depginiň gowşandygyny, dünýä edebiýatynyň täze döreden kämil eserleriniň türkmençä geçirilip
halkymyza ýetiriliş derejesiniň peselendigini Sapargeldi Annasähet Iner ogly gynanç bilen belläp: “Iň bärkisi, nobel
baýragyna mynasyp bolan ne gowy romanlardyr powestlerem terjime edilenok” diýdi. Ol bu babatda gürlemäge hakly adamdy.
Döredijilik ömrüniň belli bir bölegini terjimeçilik işine bagyşlapdy. “Türkmenistan” neşirýatynyň dünýä ýazyjylarynyň
kämil eserlerini aýak aldygyna terjime etdirip, okyjylara ýetirýän geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda neşirýatyň 

terjime bölüminiň müdiri bolup oturan adam, elbetde, bu hysyrdyly işi ussatlyk bilen guran Sapargeldi Annasähedowyň özüdi” diýip, olar gezelenç edip ýören wagtlary Sapargeldi Annasähedowyň beren gürüňlerinden bir parçasyny nygtap

geçýär. Onuň bu makalasynda Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň Bäşim Ataýewa bolan sylagyny, hormatyny has hem 

Sapargeldi aganyň özünden eşiden zatlaryny beýan edip, ol Bäşim Ataýew ýaly ussat terjimeçileriň şu wagtky döwürde

ýetmezçilik edýändigine has ünsi çekýär.
  Ussat terjimeçi we zehinli ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner ogly 2005-nji ýylda aradan çykdy. Sapargeldi aga
aradan çykan hem bolsa ol biziň köňlümizde ussat terjimeçi we görnükli ýazyjy bolup müdimilik ýer alar.

Sapargeldi Annasähedow barada düzet

Hudaýberdi Diwangulyýew “Düýä edebiýaty” žurnal, №1 2012 1. Sapargeldi Annasähedow “Edebiýat we sungat” gazet, neşir 20.11.1998 2. Sapargeldi Annasähedow “Edebiýat we sungat” gazet, neşir 15.10.1988 3. Sapargeldi Annasähedow “Edebiýat we sungat” gazet, neşir 1997-1999 4. www.USSAT%20TERJIMEÇILER%20-%20TALYPLAR.COM.html 5. “Sowet edebiýaty”, neşir №2, 1966 6. Hemra Şirow “Türkmen dili” gazeti, 2011-nji ýylyň 19-njy ýanwary