Sarymsagyň adam saglygyna peýdasy
Oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň her biri özlerine mahsus bolan peýdaly alamatlary boýunça tapawutlanýarlar. Şeýle ekinleriň biri hem sarymsakdyr.
Sarymsak dürli naharlary we işdä açarlary taýýarlamakda häzirki wagtda giňden peýdalanylýar. Gadymy wagtlardan bäri peýdalanyp gelinýän sarymsagyň adam saglygyna peýdaly taraplary örän uludyr.
Sarymsaklar dört müň ýyl mundan ozal Merkezi Aziýada, Eýranda we Päkistanda ösdürilip ýetişdirilipdir. Ol Gadymy müsürlileriň gündelik iýmitinde aýratyn önüm bolup, agyr zähmet çekýän adamlara güýç beriji we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýan serişde hökmünde peýdalanylypdyr.
Häzirki wagtda dünýä boýunça sarymsagy iň köp sarp edýän ýurtlara Italiýa, Hytaý we Koreýa degişli bolup durýar.
Sarymsagyň 100 gramynyň iýmitlik gymmaty 149 kkal-dyr. Şeýle hem onda 6,5 gr beloklar, 0,5 gr ýaglar we 30 gr uglewodlar bardyr. Ol aşgazanda suwuklygyň bölünip çykyşyny we iýmit siňdirişi gowlandyrýar hem-de iç gatamada oňat dermandyr. Mundan başga hem ol adamyň immunitetini ýokarlandyrýar. Şeýle hem sowuklama, burun akma, bokurdak agyry, dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleriniň döremeginde sarymsak ygtybarly önümdir.
Sarymsak bedendäki holestriniň derejesini peseldýär, gan damarlaryň diwarlaryny elastik edýär, gan aýlanyşygyny gowlandyrýar we ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar hem-de ýüregiň işleýişiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Adam saglygyna örän uly peýdasy bolan bu önüm bagryň we öt haltanyň keselleri üçin ulanylýar. Ol öt haltasynda daşlaryň döremeginiň öňüni alýar.
Sarymsak bedendäki bakteriýalaryň, wiruslaryň we kömelekleriň ösmezligini üpjün edýär. Onuň antioksidant häsiýeti bardyr.