Sauzhempton ýaşlar futbol akademiýasy

Umumy maglumat düzet

Taryhy düzet

Iň esasy ýyldyzlary düzet

Garet Beýl düzet

Garet Beýl, Uelsli super ýyldyz Gareth Bale 2005-2006-njy ýyllarda bu klubyň akademiýasynda oýnady, 2006-2007-nji ýyllarda bolsa Suthamptonyň esasy düzümünde oýnady we 2007-nji ýylda Tottenhama transfer boldy. 2013-nji ýylyň tomusyndaky Real Madride transferi bolsa, Baleni dünýä taryhynyň iň gymmat (100 000 000 €) futbolçysy etdi.

Teo Wolkat düzet

Teo Wolkat 2000-2005-nji ýyllarda Southampton futbol akademiýasynda oýnady, soňra bolsa klubyň esasy toparyna (2005-2006-nji ýyllar) geçmegi başardy. Ýaşlar bilen işleşmegi halaýan Arsen Wenger 2006-njy ýylda Theo Walcotty Arsenala transfer etdi. Şol ýyl Germaniýadaky dünýä çempionatyna gidende Walcottyň bary-ýogy 17 ýaşynyň bardygyny bellesek hem artykmaçlyk etmese gerek.

Aleks Oksleýd Çamberleýn düzet

Arsenalyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň başga bir ýyldyzy Aleks Oksleýd Çamberleýn hem bu klubyň akademiýasyndan ýetişdi. 2000-2010-nji ýyllarda Southampton akademiýasynda oýnap, 2010-njy ýylda klubyň A toparyna goşulmagy başardy. 2011-nji ýyldan bäri bolsa Arsenalyň üstünlikleri üçin der dökýär.

Adam Lallana düzet

Sauzhemptonyň häzirki kapitany we Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Adam Lallana hem bu akademiýadan çykan futbolçylardan. 26 ýaşly futbolçy 2000-2006-nji ýyllary Southampton akademiýasynda geçirdi we 2006-njy ýylda esasy topara alynan Lallana 8 ýyl bäri Southamptonda oýnap gelýär.

Alan Şirer düzet

Angliýanyň premýer ligasynyň taryhynda iň köp gol salan futbolçy Alan Şirer hem 1986-1988-nji ýyllarda bu akademiýada oýnady, 1988-1992-nji ýyllarda bolsa Southamptonyň esasy düzüminde oýnady.

Salgylanma düzet

http://wap.ertir.com/index.php?q=blog&view=81973[permanent dead link]