Seýit Ysmaýyl Gürgenli

Seýit Ysmaýyl Gürgenli, ynamly taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, 1057-nji ýylda Gürgende dünýä inipdir. Alymyň «Jürjany», ýagny «Gürgenli» diýen lakamy hem muňa güwä geçýär, sebäbi Gürgeniň gadymy ady Jürjanydyr. Ol 80 ýaşap, Merwde (häzirki Maryda) 1137-nji ýylda aradan çykypdyr.

Ol özüniň keselleri anyklamakdaky, bejermekdäki baý tejribesini beýan edýän «Tebipçiligiň ýan kitaby» eserini şol döwürde däp bolşy ýaly arap dilinde ýazman, ýerli halklara düşnükli bolar ýaly, pars dilinde ýazýar. Bu kitap Lukman Hekimiň (Awisennanyň) «Kanunlaryndan» soň tebipçiligiň iň ygtybarly ýygyndysy hasap edilýär. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu kitap şol döwrüň tebipleriniň köp ulanan ýan kitapçasyna öwrülýär.

Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» atly kitaby iki bölümden, on sekiz bapdan, ýedi makaladan durýar. Bu kitapda berilýän saglygy goramak we howa baradaky bölümlerini talyplara dem alyş ulgamlaryny düşündirilende giňden ulanmak bolýar.

Hereket etmek barasyndaky babyny, adam anatomiýasynda bogunlary öwrenmekde ulanmak bolýar. Hereketi haýsydyr bir ugur boýunça başlamaklyk ýa-da ony bogunlaryň biomehanikasy bilen baglanyşdyrmak bolýar.

Hereketde adam bedeniniň iň işjeň agzalary bolup durýan muskullaryň ýyg- rylmagyny we olaryň hereketlerde ýerine ýetirýän işlerini (funksiýalaryny) düşündirmek bolýar.

Adam anatomiýasynyň newrologiýa bölüminde temperamentleri ýa-da adam bedenindäki dört sany suwuklygyň haýsysynyň täsiri agdyklyk edýän bolsa, şoňa laýyklykda holerik (ödüň täsiri köpelse), sangwinik (gan köpelse), melanholik (gara öt täsiri köpelse), flegmatik (nem köpelse) nerw görnüşleriniň (adam häsiýetleriniň) bolýandygyny belläp geçmek bolar.

Adamyň nerw ulgamyndaky torly (retikulýar) gurluşyň işini uky we oýalyk barasyndaky baby bilen baglanyşdyrmak bolýar.

Gan aldyrmak we çirtmek barasyndaky babynda damarlar hakynda düşünje, olaryň işleri (funksiýalary), görnüşleri berilýär. Adalgaşynaslykda damarlaryň gelip çykýan atlary berilýär: Cephalis vein – kelle wenasy; Basilic vein – boýun damary (baslyk); Shaphena – ýamyz damary; Meodian Cutaneous – ýan damary (çigniň- egniň deriasty damary); Radius – bilek süňki; Wrist – Carpus – bilek damary; Uterus – ýatgy; Tenelon – siňir; Fasia – et perdesi; Musculus – muskul; Ischiadicus – otyrýer (nerwe degişli); Lentifornis – merjimek; Cruris – baldyr, injik; Thumb – başam barmak. Bölüp çykaryşyň birnäçe ugurlar bilen gidýänligini (peşew, sümük, tüýkülik we sülekeý, jyns gatnaşygy, iýmit çökündisi) nygtaýar. Bölüp çykaryş ulgamyndaky çökündileriň biri-de peşewdir. Urine – peşew; Saliva – tüýkülik, sülekeý; Small Intestine – inçe içege. Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» ýazgylaryndaky berilýän aýratyn keseller, olaryň bejerilişi barasyndaky baplaryny adam anatomiýasynda içki agzalaryň ulgamlary öwrenilende, her bir ulgama haýsy agzalar degişlidigini nygtap geçmek üçin ulanmak bolýar.