Sefi I
Sefi I – Sefewi türkmenleriniň döwletiniň altynjy şasy. Ol 1629-1642-nji ýyllarda şa bolupdy. Ol Abbas I-niň uly ogly meşhur Sefi Mürzäniň ogludyr. (Sefi Mürzä kakasy Abbas I gepe girip öldürdipdi).
Sefi I häsiýeti boýunça gaharjaň, ynjyk, rehimsiz , gazaply bolupdyr. Diňe müňkürlik edip, aslynda hiç zat ýok ýerden döwletiň iň ökde harby serkerdesi Ymamkuly hany jezalandyryp öldüripdi.
Daşary syýasatda Sefi I özbek hanynyň çozuşlaryny yza serpikdirse-de, Beýik Mogollardan ýeňilipdir. Ol Beýik Mogollara Gandagary bermäge mejbur bolýar. Sefi I türklerden hem ýeňlýär. Türkiýe bilen 1639-njy ýylda Kasra-Şirin şertnamasyny baglaşyp, ol boýunça 1612-nji ýyldaky serhet dikeldilýär.