Serdar Azmun 1995-nji ýylda Eýranyň Türkmensähra sebitiniň Kümmet Gowuz şäherinde eneden doguldy.

Eýran Ýokary Ligasynda Sepahan FK klubynda oýnaýan Serdar 2012-nji ýylda Eýranyň ýaşlar topary milli ýygyndysy bilen 2012-nji ýylda Russiya Federasiyasynda geçirilen dostluk kubogynda oýnap 6 oýunda 7 gol urup iň gowy hüjumçi adyna eýe boldy.

Serdar 2011-2012-nji ýyl Eýran Ýokary Ligasynda Sepahan topary bilen birinji orny eýeledi.

2009-2011-nji ýylda ýetginjikler milli toparynda 9 oýunda 6 gol uran Serdar Azmun 2011-nji ýyldan şu wagta çenli-de Eýranyň ýaşlar milli toparynda 10 oýunda 14 gol urdy.

Serdaryň kakasy Halil Azmun öz döwründe Eýranyň we Kümmet Gowuzyň iň meşhur woleýbol sportsmenlerindendi.

Eýran futbolynda özünden söz etdiren Serdar Azmun, Rubin Kazan toparynyň baş tälimçisi bolan Gurban Berdiýewiň islegi bilen Rubin Toparynda transfer boldy.

Eýran ýaşlar milli futbol topary ýygyndysynda oýanaýan Serdar, Türkmen bolany üçin Gurban Berdiýew bilen aňsat şekilde gepleşip biljekdigini we gowy futboly bilen Rubinde öz ýerini tapyp biljekdigini nygtaýar.[1]

Serdar hem Jelil Gülçeşme yaly Eýranda ýaşaýan Türkmenlerden meşhurlyk gazananlaryñ biridir.

Çeşme düzet

[1] [2] Archived 2012-12-22 at the Wayback Machine

  1. "Eýran%20Türkmen%20talyparynyň%20websaýty". Archived from the original on 2012-12-22. Retrieved 2012-12-16.