Skandinaw ýurtlary XI – XV asyrda
Mowzuk: Skandinaw ýurtlary XI – XV asyrda
1. Skandinaw ýurtlarynda iri ýer eýeçilik gatnaşyklaryny ýüze çykarmagyñ özboluşlylygy
2. Daniýa, Şwesiýa, Norwegiýa korollygynyñ emele gelmegi
3. Skandinaw ýurtlary XV asyrda
Skandinaw ýurtlary bolan Daniýa, Şwesiýa we Norwegiýa iri ýer eýeçilikli jemgyýetleriñ täsiri bu ýerlere giç aralaşdy. Urug gatnaşyklary uzaga çekdi.
Irki iri ýer eýeçilik gatnaşyklaryna geçiş döwri Ýewropa ýurtlarynda X-XI asyrlarda tamamlanan bolsa bu ýerde XII-XIII asyrlara çenli dowam etdi. Bu ýeriniñ özboluşly aýratynlyklary boldy. Daýhanlary ýere berkitmek we işläp bermek Norwegiýada bolmady diýen ýaly; ýöne wassal gatnaşyklary dowam etdi.
Skandinaw döwletlerinde zähmet öndürijiliginiñ pes bolmagynyñ sebäbi onuñ tebigy geografiki şertleri bilen hem baglanyşyklydyr. Deñiz dag landşafty bolup ekerançylyk üçin amatly ýer örän azdyr: köller, batgalyklar, şaglawuklar, deñiz aýlaklary günbatar ýarym adany bölüp aýyrýar.
Norwegiýa we Şwesiýada ekerançylyk ýönekeýje kätmenler bilen özleşdirilýär. Köplenç dary we hojalykda maldarçylyga esasy üns berilipdir. Demirgazykda tokaýlyk welaýatlarda sütükli derili haýwanlary we dag goçlaryny awlapdyrlar. Derýa kenarlaryndaky welaýatlarda , balykçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olar gämi gurluşygy we deñizde ýüzmekde deñi taý tapmak kyn bolupdyr.
Ýutlandiýa ýarym adasy we Daniýada ekerançylyk üçin amatly ýerler bolupdyr. Ýeri ozal bilen bejerip ýylda 2-3 hasyl alypdyrlar. Skandinawiýada demiri daglyk ýerlerden gazyp alypdyrlar.
Irki döwürden başlap ilatyñ esasy bölegini azat adamlar – bondlar düzüpdir. Olara ekerançylar, maldarlar, awçylar, balykçylar girip, aýry oba jemagatlary bolup ýaşapdyrlar. Köplenç paý ýerlerini umumylaşyp bejeripdirler. Urug-taýpa gatnaşyklary VIII-IX asyra çenli çekendigi üçin şeýle ýeri bejermek hem uzaga çekipdir.
Olar ýerleri dolandyryşa – tingi diýip at beripdirler. Ýörite ýygnak çagyryp erkek adamlar maslahatlar geçiripdirler.
Tingide harby demokratiýanyñ köp sypatlary saklanyp galypdyr. Tapawutlanýan ýokary gatlak wekilleri, mal sürüsi köp adamlar gämili, garakçylyk edip baýlyk üýşürenler (wikingler) uruşlarda ýesir düşen gullara ýer bölegini paýlap berip işledipdirler.
Ýutland ýarym adasynda tapawutlanýan ýerler peýda peýda bolupdyr.
Ilatyñ dürli gatlaklara bölünmegi netijesinde döwletiñ hem döremegine mümkinçilikler döräpdir.
Ilkinji Skandinaw şazadalary taýpa başlyklaryndan bolupdyr.
X asyryñ II ýarymynda patyşa Harold Sinezubyý karol häkimýetini berkitdi , deñizkenar slawýanlary we prussiýa bilen göreşdi. Köp taýpalary özüne birleşdirip, XI asyrda Norwegiýa tutuş birleşdirildi. Norwegiýa Dat patyşasy Knuta (1018-1035ýý) degişlidi, ol Daniýa we Angliýany özüne birleşdiripdi. Knut aradan çykandan soñra Norwegiýada Dat karolyna boýun boldy. Angliýa özbaşdaklygyny aldy.
Şotlandiýada uzak wagtlap iki korollyk saklandy. Demirgazykda swewler, günortada gýotlar (ýotlar) korollyklary. Ol korollyklar XI asyrda birleşdirildi. Korol häkimýeti Hristian buthanasyna daýanýardy. Germaniýa we Angliýadaky buthana täsiri şol ýerden bu ýerlere-de aralaşypdyr. Hristian buthanasy X-Xi asyrlarda berkedi. 1103-nji ýylda Skandinaw ýurtlarynyñ (arhiepiskoplygy) buthana guramasy Lun şäherinde döredildi. Soñra aýry Norwegiýa we Şwesiýada döredi. Bu edaralaryñ maksady buthana üçin halkdan alynýan salgytlaryñ sanyny artdyrmakdy. Ol bolsa halk gozgalañlaryna eltdi. Ol gozgalañlar kynçylyk bilen ýatyryldy.
Korollar öz goşunynda gulluk edýän adamlaryna we gullukçylaryna gulluk üçin ýer paýlapdyrlar. Azat ilatyñ arasyndan saýlanyp çykan “Güýçli adamlar”, tapawutlanyp öz ýerleri bolup, onda işleýänlere dürli jerimeleri salypdyrlar. Ýöne Şwesiýada daýhanyñ hususy ýeri köp wagtlap saklanypdyr.
Iri ýer eýeçilige geçiş döwründe karol häkimýetide wajyp rol oýnapdyr. Ol daýanlary özüne tabyn edip, ýer salgydyny dürli önümler görnüşde töledipdir. Ony özi tarapyndan bellenen adamlar ýygnapdyr. Wagtyñ geçmegi bilen olar oro ýer eýelerine öwrülipdirler, daýhanlar bolsa olara bagly bolupdyrlar.
XIII asyrdan başlap Daniýa, Şwesiýada köşkler gurulyp başlanypdyr. Maksat ýurtda parahorçylygy saklamak, halkdan salgyt ýygnamakdy. Pond diýen ekerançy bolman, maldarçy, balykçy, awçy bolup aýry jaýda (hutorda) ýaşapdyr. Olaryñ ýaragy bolupdyr. Zerur halatynda karola gulluga çagyrylypdyr, goşunda gulluk edipdir. Pondlar öz serişdeleriniñ hasabyna harby gämileri gurmaly bolupdyr, şonuñ üçin karol köplenç olar bilen ylalaşmaly bolupdyr. Emma soña baka iri ýer eýeçiligine gecildigiçe eziş hem güýçlenipdir, salgytlar artypdyr.
Norwegiýada XII asyryñ ahyrynda XIII asyryñ başlarynda raýat uruşlary bolup geçipdir. Gozgalaña Swerrur ýolbaşçylyk edipdir. 1174-nji ýyldaky gozgalañ ýeñipdir, halk täze patyşadan köp zada garaşypdyr, emma Swerrup häkimýete geçenden soñ (1184-1202) iri ýer eýeleriniñ islegini kanagatlandyrýan adama öwrülýär. Gozgalañ uzaga çekýär. Halk ondan närazy bolýar. Diñe buthana bilen döwletiñ arasynda ylalaşyga gelinenden soñ gozgalañ togtadylýar.
Norwegiýada karol häkimýeti XIII asyrda berkeýär. 1274-nji ýylda karol Magrus kanun çykaryjy ýurdy dolandyrypdyr. Ol ýurtda esasy işleri kanun esasynda ýola goýmaga çalyşýar.
XII asyrda Daniýada irki göreşler başlanýar. Olaryñ öñüni almak üçin Karol Waldemir I (1157-1182ýý) buthana bilen soýuz bolup iş alyp barjakdygy barada german imperatory Fridrih I Par baroskä söz berýär. Sebäbi Daniýada döwlet işlerinde buthananyñ täsiri güýçli bolupdyr.
XII asyrda Daniýada rysar goşunlary döredilýär. Olar harby işe çekilip, dürli salgytlardan azat edilýär. Beýleki Skandinaw döwletlerine seredende Daniýa günbatar Ýewropadaky iri ýeçiligiñ ösüşi täsirini ýetirýär.
Iri ýer eýeçiligine geçiş Daniýa we Norwegiýa seredende Şwesiýada haýal geçipdir. Hususy ýeri bolmadyklar daýhanlar bolupdyr. Azat daýhanlar hem az bolmandyr.
Ýarla – goşunynyñ ýolbaşçysy Ýarl Pirger Finlandiýa garşy haçly ýörişi (1249-1250) geçiripdir we onuñ günbatar welaýatlaryny Şwesiýa boýun egdiripdir. Öz ogluny ol ýerde oturdyp täze nebereligi döredýär. (1250) Şwed iri ýer eýeleriniñ Rusa çozup Newa ýakasyny eýelemek planyny Nowgorod knýazy Aleksandr Ýaraslowiç Newa söweşinden soñ Newskiý puja çykarýar. (1240ý).
Karol häkimýeti hemişleik salgytlar salyp, bondlary özüne tabyn edip berkitdi. XIII asyrda şwed iri ýer eýeleri (flesler) atly goşunda gulluk edip, salgytlardan azat bolupdyrlar. Şäherlere syn etsek XI asyrda şäher hünärmentleri az sanly bolup (sehlere) ussahanalara birleşmändirler. Irki söwda gowşak ösüpdir. Obada söwdada pul az ulanylypdyr. Alyş – çalyşda mal , mawut mata we ş.m. harytlar ulanylypdyr. XII asyryñ ikinji ýarymynda XIII asyrda daşky söwda ösdi. Balyk, sütükli deri we eýlenen deri daşry ýurtlara çykarylypdyr. Stokolym şäheri ýokary galypdyr. Norwegiýa bugdaýy Germaniýadan getiripdirler. Daniýa , Norwegiýa , Şwesiýa korollary nemes söwdagärlerine we süýthorlaryna karz pul berýär ekenler. Şwed şäherlerinde maslahata nemesler hem gatnaşypdyr. Nemesleriñ bu ýurtlarda söwdanyñ ösmegine kömek edýän bolsa, beýleki tarapdan ony bökdäpdirler. Norwegiýada ýerli brýuger hojalyklaryñ ösmegine zyýan ýetiripdirler.
Karol hökümýeti tarapyndan geçirilýän syýasaty üstünlik gazanyp biljek däldi, sebäbi karol we wassallar daşary ýurtlardan hemaýat gözleýärdiler.
1282-nji ýylda Daniýa karoly Erik Klipping hartiýa gol çekýär, şol boýunça her ýylda danehof döwletiñ umumy maslahatyny çagyrmaly bolýar. Oña iri ýer eýeleri gatnaşyp, olaryñ azat hukuklary saklanypdyr.
1282-nji ýylda Erik Klipping hartiýa gol çekip her ýylda Danehof – döwletiñ umumy maslahatyny çagyrypdyr. Oña iri ýer eýeleri giripdir. 1284-nji ýylda Daniýadaky ýaly Şwesiýada hem maslahat çagyrylypdyr. Oña howdag diýip at beripdirler.
1319-njy ýylda bulagaý turuzyp, şwed korolyny kowup, ýerine ýetginjek Magnus Eriksson geçýär. Onuñ düzümine Finlandiýa we Saksan welaýatlary girýär. Şwed we Norwegiýa (uniýasy) ylalaşygy (1319-1363) baglaşylýar. Patyşa Albreht döwründe nemes täsiri güýçlenýär.
XIV asyrda “gara mergi keseli” zerarly Skandinaw ýurtlarynyñ hojalygy pese gaçýar.
Daniýada Wladimir IV Atterdag (1340-1375ýý) buthana we harby iägärleriñ kömegi bilen karol häkimýetini berkitmek başardýar. Ganza bilen bolan söweşde Daniýa uly kynçylyklara sezewar bolýar. 1370-nji ýylda Ştralzun şertnamasyna laýyklykda Dat karollary olaryñ razyçylygy bolmasa tagta geçip bilmändirler. 1397-nji ýyldaky Kalmar ylalaşygy netijesinde Margarit Erik Pomeramskiý Daniýa, Şwesiýa, Norwegiýanyñ koroly diýip yglan edilýär. Bu döwletler öz aralarynda biri-birine kömek beripdirler. XIV – XV asyrda Norwegiýa pese gaçyp başlaýar. Karol häkimýeti güýçlenýär. Iri ýer eýeleriniñ ezişine çydam edip bilmedik daýhanlar gozgalañ turuzýarlar. 1436-njy ýylda halk hereketi uly gerime eýe bolýar. Karol Erik daşary ýurda Daniýany taşlap gaçyp gidýär. 1468-nji ýyldan başlap golland täsiri bu ýurtda güýçlenýär.
XV asyrda karol Daniýada Kopengagen şäherinde ýerleşýär.