Osman gazy türkmen Osmanly döwletiniň ilkinji soltanydyr.Ärtogrul gazynyň ogludyr.23 ýaşynda Osman beg Sögütde uç begliginiň başyna geçýär. Osman beg türkmen görmegeý ýigit bolupdyr.Ol uzyn boýly,giň döşli,gür we çytyk gaşly,ala gözli we goç burunly bolupdyr.Iki gerdeniniň arasy gaty giň,göwresiniň bilden ýokary bölegi aşaky bölegine görä has uzyn bolupdyr. Osman gazy hökümdarlygynyň ilkinji döwürlerinde Kastamonydaky uç ýagny serhetýaka begleri bolan Çopanogullaryna garaşly bolan bir goýun begidi.Çopanogullarynyň Wizantiýa garşy giň uruş hereketlerini gowşadandygyndan peýdalanyp Osman bu sebitde öz harby hereketlerini güýçlendiripdir.