Onuň bina edilen wagty seljuklar neberesiniň dolandyran wagtyna gabat gelýär. Ol seljuk soltanlary Mälik şa we Alp Arslan tarapyndan XI asyryň ikinji ýarymynda-XII asyryň başynda saldyrylan bolmaly. Bu hem onuň soltanlaryň saldyran galasy - Soltangala hökmünde adykmagyna sebäp bolupdyr. Gapdal diwarlary 1,7den 2,2 kilometre çenli uzaýan Soltangala Gäwürgalanyň duldegşir günbatarynda ýerleşýär. Bu iki galanyň arasyndan bolsa gadymy döwürlwrden tä mongol goşunlary tarapyndan weýran edilýänçä uly ykdysady ähmiýetli kanal bolan al-Ruzeýk (al-Razik) ýaby akypdyr. Soltangalanyň boýy 8-9 metre ýetýär, diwarlarynyň düýbi esasan 4,5 metre ýetýän galyňlykda pagsadan tutulypdyr. Iki metre çenli çürelip gidýän ýokarky gatlaklarynda bolsa 31×31×7 sm we 27×27×5 sm ölçegdäki çig kerpiçler ulanylypdyr. Gäwürgala bilen deňeşdirilende Soltangalanyň diwarlary has gowy saklanypdyr.