Gadymy Sparta

Spartaly

1. Sparta döwltiniň döremegi, gurluşy.

2. Spartanyň ilatynyň düzümi we olaryň kärleri.

3. Spartalylaryň ýaşaýşy we terbiýelenişi.

4. Peloponnes bileleşigi.

1. B.e.öň VII asyryn II ýarymyndan başlap, Peloponnesdäki döwletleriň içinde Sparta şäheri öňe sýlanypdyr. Sparta şäheri b.e.oň XI ýa-da X asyrda doriler Zakoniýa aralaşansoň we Ýewrot jülgesiniň hasylly ýerlerinde ornaşansoň esaslandyrylypdyr.

Doriler Lakoniýany basyp alansoň, öz aralygyny ykrar eden ilaty lakedemon döwletiniň düzüminde periekler (“töwerekde ýaşaýanlar”) hukugy bilen girizipdirler. Periekler ilatlardan tapawutlylykda, şahsy taýdan azat bolup, öz ýaşaýan jemgatyndaky ýa-da polisindäki raýat-hukuklaryndan peýdalanypdyrlar.

Spartanyň döwlet gurluşynyň esaslary b.e.öňki VIII asyrda goýlupdyr. Onuň irki taryhynda Messeniýa uruşlary uly orun tutýar. B.e.oň VIII asyryň ortalarynda, beýleki grek döwletlerinde bolşy ýaly, Spartada hem ýer ýetmezçiligi bolupdyr. Spartalylar bu meseläni özleriçe çözüpdirler. Olar uzaklarda täze ýerleri özleşdirmän, goňşularyň ýerlerini basyp alypdyrlar. Esasy basylyp alnan ýerem, Peloponnesiň günorta-gündogar bölegindäki baý we giň Messeniýa welaýaty bolupdyr.

I Messiniýa urşy b.e.oň VIII asyryň II ýarymynda bolup 20 ýyl töweregi dowam edipdir. Uruşda spartalylar ýeňip, Messeniýanyň ilatyny ýyllyk hasylyň ýaryşyny paç görnuşinde tölemäge mejbur edipdir.

B.e.öň VII asyryň II ýarymynda messeniýalylar gozgalaň turzup, öňkiçeräk uzaga çeken we gazaply bolan II Messeniýa urşy nolupdyr. Messeniýalylar ýene-de ýeňlip, ilotlara öwrülipdirler.

Messeniýa basylyp alansoň, Sparta demosy harby goplitleriň ýapyk gatlagyna öwrülipdir. Olar ýaragyň güýji bilen ilatlaryň üstünden agalyk edipdirler. Spartalylar döwlet we harby iş bilen meşgullanypdyrlar. Messeniýalylar we beýleki ilotlar spartalylar garşy gozgalaňlar turzupdyrlar. Ilotlaryň sany spartalylardan köp ekeni. Plutarhyň maglumatlaryna görä, sparta hökümeti wagtal-wagtal ilotlaryň üstüne duýdansyz dökülipdirler. Ony “kriptiýalar” (“kroptos” – “gizlin”) diýip atlandyrypdyrlar. Gysga gylyçlar bilen ýaraglanan ýaş spartalylar iň güýçli ilotlary duýdansyzlykda öldüripdirler.

Sportada “Likurgyň kanunlary” adyny alan möhüm durmuş özgerdişleri geçirilipdir. Onuň netijesinde Sporta döwleti bitewi harby lagere öwrülýär. Diňe likurgyň kanunlaryny berjaý edyän adamlar Spartanyň doly hukukly raýatlary bolupdyrlar. Kanun boýunça her bir spartaly öz ogluny 7 ýaşyna ýetirende ýörite “agel” (“süri”) diýilýän lagerlere bermeli bolupdyr. Soň olary şol ýerlerde terbiýeläpdirler. Ähli uly ýaşly spartalylar bile naharlanypdyrlar (sissistiýalar). Sparta döwletiniň doladyryjy toparlaryna ageller we sissistiýalar ýönekeý raýatlara gözegçilik etmäge mümkinçilik beripdirler. Spartada döwlet raýatlarynyň şahsy durmuşyna-da goşulypdyrlar.

“Likurgyň gurluşy” boýunça ähli doly hukukly raýatlar resmi taýdan deň diýlip yglan edilipdirler. Spartada adamlaryň şahsy taýdan baýamazlygy uçin dürli çäreler görlüpdir. Şu maksat bilen altyn we kümüş tenňeler dolanyşykdan aýrylypdyr. Rowaýata görä, Likurg olaryň ýerine demir obollary girizipdir. Ähli spartalylar gelip çykyşyna garamazdan birmeňzeş şertlerde ýaşapdyrlar. Kanun toparyndan girizilen düzgünlere eforlar (“gözegçiler”) gözegçilik edipdirler. Olaryň häkimiýeti ähli beýleki wezipelerden bolupdyr. “Likurgyň kanunlarynyň” girizilmegi bilen eforlyk iň ýokary gözegçilik-dolandyryş organa öwrülipdir. Hat-da eforlaryň patyşalary häkimiýetden çetleşdirip, olary sürgün edyän wagtlary bolupdyr. Spartada iň ýokary häkimiýet organy Halk ýygnagy-apella bolupdyr. Halk ýygnagy ýaraşyk we uruş, kanuny mirasdaryň bolmadyk ýagdaýynda mirasdar bellemek, ilotlary azat etmek, wezipeli adamlary we harby baştutanlary bellemek ýaly meseleleri çözüpdir. Kanunlardaky üýtgeşmeler hem apella tarapyndan ylalaşylypdyr.

Spartanyň döwlet dolandyrylyşynda ýaşulularyň Maslahaty ýa-da gerusiýa möhüm orun tutupdyr. Gerusiýada 30 adam bolup, şolaryň 28-I 60 ýaşdan geçen we saýlananlar bolupdyr. Gerusiýada saýlananlar bu wezipede ömürlik galypdyrlar. Gerusiýadaky beýleki ikisi Spartanyň patyşalary bolupdyrlar. Halk ýygnagynyň kenarlaryny ýatyrmaga haky bolupdyr. Hakykatda gerusiýa ähli meseleleri cözüp, diňe kämahal tassyklamak uçin apella hödürläpdirler. Gerusiýanyň maslahaty her gün bolupdyr. Döwlet dolandyrylyşygynyň ähli sapaklary gerontlaryň-ýaşulularyň elinde jemlanipdir. Eforlar hem öz wezipesiniň möhleti geçensoň, olara hasabat bermeli eken.

Spartada 5 efordan ybarat topar hem täsirli bolupdyr. Olar bir ýyl möhlet bilen saýlanypdyrlar. Iň uly eforyň ady bilen Spartada şol ýyly atlandyrylypdyrlar. Eforlaryň topary apella we gerusiýa garaşly bolmandyr. Olar sparta kanunlarynyň berkligine we durnuklylygyna gözegçilik edipdirler. Sparta kanunlary boýunça, eforlar patyşalara hem gözegçilik edipdirler. Olar her aýda bir gezek patyşalaryň kanunlary ýerine ýetirjekdigi baradaky berýän kasamyny kabul edipdirler. Iki sany efor harby ýöriş wagtynda patyşalaryň ýanynda bolupdyr. Eforlar patyşany gerusiýanyň suduna çekip bilipdirler. Olar beýleki döwletleriň ilçileri bilen gepleşikler geçirip, apellany we gerusiýany çagyryp we mejlislerine başlyklyk edip bilipdirler. Eforlar sparta terbiýesine-spartalylaryň durmuşyna we özüni alyp barşyna hem gözegçilik edipdirler. Sportada üýtgeşik syýasy guramalaryň biri-de patyşa wezipesi bolupdyr. Spartada Agiadlar we Ewripontidler nesilşalyklaryndan bolan iki patyşa dolandyrypdyr. Olaryň gelip çykyşy juda gadymy ekeni. Patyşalaryň häkimiýeti çäklendirilýän hem bolsa, olaryň esasy wezipeleri harby we dini baştutanlyk bolupdyr. Patyşalar gerusiýanyň agzasy bolmak bilen möhüm döwlet işlerini çözmekde möhüm orun tutupdyrlar.

Olaryň harby baştutan hökmünde uruş ýok wagty hem goşunda täsiri uly bolupdyr. Patyşanyň köp ýer almaga, nahary iki esse köp almaga käbir belli günlerde saýlama mal we arpa uny bilen çakyr almaga, mirasdar gyzlary durmuşa çykarmaga baky bolupdyr. Şeýle ýagdaýdaky patyşanyň häkimiýetiniň manarhiýa öwrülmezligi üçin, olara aýratyn üns berilipdir.

Sparta jemgyýeti harbylaşan jemgyýet bolupdyr. Ýokary harby wezipeleriň birine nawarha diýlip, ol sparta deňiz goşunlaryna baştutanlyk edipdir.aristotel nawarha wezipesini “ilkinji patyşa hökümiýeti ýaly” hasaplap, nawarhlary bolsa patyşanyň bäsdeşleri hasap edipdir. Ýöne nawarhlar hem eforlaryň gözegçiliginde bolup, olaryň buýruklaryny berk ýerine ýetiripdirler.

Spartada guryýer goşunlarynyň düzüminde 500-900 esgerli topara “mora” diýlip, oňa polemarh baştutanlyk edipdir. 150-200 adamly harby topara “logah” diýlip, oňa loh, 50-60 esgerli topara “pentekostiýa” diýlip, oňa pentokosterler, 25-30 esgerli topara “enomotiýa” diýlip, oňa enomotarhlar baştutanlyk edipdirler. Polemarhlar patyşanyň töweregindäki we harby maslahaty emele getiripdirler. Patyşanyň ýanynda harbylardan başga-da gomeýler-palçylar, tebipler, fleýtaçy sazandalar; pafiýalar, hakynatutmalaryň harby baştutanlary, goşun uçin ýukleriň baştutanlary bolupdyrlar.

Patyşany 300 ýaş spartalydan ybarat atly goşun gorapdyr. Harby ýolbaşçylaryň kimtarapyndan saýlanylýandygy barada maglumat az. Ýöne olary ilki patyşanyň hödürlemeginde apellada saýlan bolmaklary mümkin.

2. Sparta ýa-da Lakedemon döwletinde ilatyň düzümi dürli bolupdyr. Esasy doly hukukly ilat spartalylaryň özi bolupdyr. Bulardan başga-da ilatlar – ýagny gul edilen ilat we doly hukukly bolmadyk periekler bolupdyr.

Ilotlar bilen bolan II Messeniýa urşundan soň, Spartada Lakaniýanyň we Messeniýanyň bol hasylly ýerlerini 9000 sany meňzeş bölege bölüp, şonça-da spartala paýlanypdyrlar. Bu ýerler üýtgewsiz galmaly ekeni. Ony böleklere bölüp, satyp, sowgat berip bolmandyr. Ýer bilen bilelikde, ilotlar hem ýerlere berkidilip paýlanypdyr. Ilotlar şol ýeri işläp bejerip, hojaýyny we öz maşgalasyny eklemeli ekenler. Öndüren önüminiň, takmynan, ýaryşyny ilot spartala töläpdir.

Beýleki grek ýerlerindäki gullar bilen deňeşdirende ilotlar hojalyk taýdan has özbaşdak bolupdyrlar. Eger olar tölegini töleseler, spartalylar olaryň işine goşulmandyrlar.

B.e.öň VII asyrda – VI asyryň I ýarymynda Spartada çeper hünärmentçiligiň esasy merkezi ýerleşipdir. Lakoniýaly hünärmentçiligiň önümleri ýokary derejede bolupdyrlar.

Spartalylaryň özleri işlemändirler we söwda etmändirler. Olar boş wagtynda döwlet işleri we harby türgenleşik bilen meşgullanypdyrlar. Ähli spartalylar ýönekeý we gödek geýnipdirler, bile iýip-içipdirler. Spartada bezeg we owadanlyk uçin ýasalan zatlary ulanmak we öndürmek gadagan edilipdir. Perieklerden ybarat bolan ýerli hünärmentler iň zerur we ýönekeý zatlary, zähmet gurallaryny, ýaraglary ýasapdyrlar. Sparta kese ýerli önümleri getirmek gadagan edilipdir.

3. Ỳaş nesli terbiýelemek we okatmak döwlet tarapyndan gurnalypdyr.

Sporta terbiýesi űç basgançakdan durupdyr. Birinji basgançakda 7-12 ýaşly oglanlar agelalarda terbiýelenipdirler. Plutarhyń ýazmagyna görä, 7 ýaşan çagalar bilen oýnapdyrlar we okapdyrlar.

Iń ýiti we batyr oglany agelanyń baştutany edip belläpdirler. Çagalar terbiçiden görelde alyp, buýruklaryny ýerine ýetiripdirler, jezasyny çekipdirler, terbiýäniń maksady boýun egmegi öwretmek bolupdyr. Garrylar olaryń oýnuna tomaşa edip, hemişe olary uruşdyrypdyrlar, her bir oglanyń batyrlygyny we ukybyny öwrenipdirler.

Çagalara dińe zerur bolan sowady öwredipdirler, çagalaryń terbiýesine umumy gözegçi we baştutan – pedonom bolupdyr.

12-20 ýaşlaryndaky ýetginjekler II basgançakda terbiýelenipdirler. Bu döwűrde terbiýe has gazaply bolupdyr we harby häsiýete eýe bolan. Olary ulaldygyça gazaply terbiýeläp, saçlaryny gysga kesdirip, aýakýalań we ýalańaç gezmegi gezmegi öwredipdirler. 12 ýaşdan son hiton (grekleriń guşakly ýűń eşigi) geýmegi bes hapa gezipdirler. Dińe ýylyń kä wagtlary ýuwunmaga, geýinmäge rugsat berlipdir. Hemme ýetginjekler bilelikde Ewrotyń kenaryndan öz elleri bilen ýolup getiren gazmyslarynyń űstűnde ýatmaly bolupdyrlar.. ikinji basgançakda harby okuw özleşdirilipdir, ilotlara bolan ýigrenç terbiýelenipdir. Uly ýaşly ýetginjeklere kriptiýleri (ilotlary öldűrmek) geçirmek tabşyrylypdyr. Terbiýeçileriń pikiriçe, bu çäre ýaş spartalylaryń çakganlygyny, mekirligini, gulak asyjylygyny we harby taýýarlygyny görkezipdir. Űçűnji basgançak 20-30 ýaş aralygynda bolup, ol ýaş spartala sissistiýalara girmäge rugsat bermekden başlapdyr, ýagny ýaş spartaly ýer paýyny we ilatlary alypdyr. Ol öz girdejisinden bellenen mukdarda arpa we bugdaý ununy, çakyr, ýag, peýnir we gök önűleri sisristiýalara getiripdir. Her sissistiýada 15 töweregi adam bolup, olar harby bölűm ýaly bolupdyr. Ońa girýänler bile iýmitlenip, köp wagtyny özara söhbetlerde, harby tűrgenleşiklerde geçiripdirler, agşamyna öýűńe dolanypdyrlar.. eger spartaly sissistiýa tölemeli önűleri töläp bilmese, onda ońa gatnaşmak hukugyndan we ähli raýatlyk hukuklaryndan kesilipdir. 30 ýaşda spartaly sissistiýalara gatnaşsada käbir zatlary entek gadagan edipdirler. 30 ýaşda olar öýlenipdirler, öý gurupdyrlar. Soń bularyń öńűnde dűrli wezipeleri eýelemek űçin ýöl açylypdyr.

4. B. e.öń V asyryń II ýarymynda Gresiýada polisler iki sany bileleşmä birleşipdirler. Olaryń biri Peloponnes beleleşmesi bolup, ońa Sparta baştutanlyk edipdir. Beýlekisi Afiýanyń baştutanlygynda Afiny deńiz bileleşmesi bolupdyrlar.

Bular özara garşydaşlara bolupdyrlar. Peloponnes bileleşmesi b.e.öń VI asyryń II ýarymynda emele gelipdir. Ilkibaşda ońa Lakonika, Arkadiýa, Elida giripdir.

B.e. V asyryń ortalaryna çeli Peloponnes bileleşigine Argasdan başga Gűnorta Gresiýanyń köp polisleri giripdir. Ońa girýän polisleriń köpűsi hűnärmentçiligiń gowşak ösen ekerançylyk ýerleri bolupdyr. Olaryń içinde Korinf, Megary, Sikon ýaly ykdysadyýetiń we gulçulygyń ösen ýerleri-de bolupdyr. Olar Pelannoes bileleşiginiń harby – syýasy kuwwatyny ýokarlandyrypdyrlar.

Bileleşmä giryänler özbaşdaklygyny uruş ýagdaýyna çenli saklapdyrlar.

Bileleşmä girýänleriń esasy borky ugurdaş daşary sysyýasat ýöretmek we harby hereketleride billelikde çykyş etmek űçin urşujylary, atlt goşuny gämileri we pul töleglerini bermek bolupdyr. Her goşun özűni azyk, ýarag we beýleki zatlar bilen űpjűn edip, olara öz serkerdeleri baştutanlyk edipdir.

Peloponnes bileleşiginiń ýokary organy ähli ońa girýäńleriń ýygnagy bolupdyr. Her pilisiń bir sesi bolupdyr. Ýygnagyń kararlary sporta apellasy tarapyndan tassyklanypdyr. Pelopannes bilelşmesine girmek we çykman erkin bolupdyr.

Bileleşmäniń agzalarynyń özbaşdaklygynyń hormatlanmagy, içerki işlerine beylekileriń goşulmazlygy, maliýe taýdan gysylmazlygy Peloponnes bileleşmesinin berkligini űpjűn edipdir. Ol 200 öweregi dowam edipdir.

Mowzuk: Attika biziň eramyzdan öň VIII-VI asyrlarda

Meýilnama:

1. Afiny polisiriň döremegi.

2. Kilonyň topalaňy we Drakonyň kanunlary.

3. Solonyň özgerdişleri.

4. Pisistranyň tiranlygy.

5. Klisfeniň özgerdişleri.

1. Attikikadaky arheologik barlaglara görä, bu ýerde neolit zamanynda hem ilat ýaşapdyr. Mikeny döwründe bu ýerde iň gadymy patyşalyklaryň biri bolup, ol hem beýleki aheý merkezleri ýaly b.e.öň müňýyllygyň ahyrynda ýaşamagyny bes edipdir. Döriler Attikany eýeläp bilmändirler. Şonuň üçinem bu ýerde öňki ilat – ioniýalylar we pelasgalar bilen döwürlerden gaçyp gelen käbir aheý ugurlary ýaşapdyrlar.

Gomerçilik döwründe bu ýerde birnäçe urug jemagatlary bolup, olar basileýler we ýaşulularyň maslahatlary tarapyndan dolandyrylypdyr. Ilat 4 taýpa, her taýpa 3 tirä, her tire hem onlarça uruglara bölünipdir.

B.e.öň IX-VIII asyrlarda Attikada säherler we döwletiň ilkinji alamatlary peýda bolup başlapdyr. Hasylly jülgäniň merkezinde ýerleşen Afiny çalt ösüp ugrapdyr. Bu ýerde keramika önümçiligi üçin gowy hilli toýun bolupdyr.

Afiny deňiz kenaryndan 5 km uzaklykda ýerleşip, Akropalda kuwwatly berkitmeleri bolupdyr. Afinynyň töweregine kä meýletin, käte güýç bilen beýleki Attikadaky şäherler we urug jemagatlary birleşdirilipdir. Attikanyň birleşdirilmegini Tezeý bilen baglanyşdyrýarlar. Döwletiň syýasy gurluşynda hem özgerişikler bolup geçýär. Taýpa baştutany basileý arhontlar bilen çalyşýar. Ilki bir arkont bolup, soňra olaryň sany dokuza ýetipdir. Iň köp häkimiýet I arkonta – eponime degişli bolupdyr.

II arhont – patyşa (basileý) bolup, ol ruhany wezipesini ýerine ýetiripdir. III arhont – polemark bolsa goşuna we Afinynyň beýleki döwletler bilen aragatnaşyklaryna ýolbaşçylyk edipdir. Soňra alty * - besofetler kanunlary saklaýjylar bolup, dürli ýygnaklara başlyklyk edipdirler.

Ýaşulularyň maslahaty areopaga öwrülipdir. Möhleti gutaran arkontlar areopaga geçipdirler.

Afinyda agalyk ediji ýagdaýy eýeläp urug begzadalaryna ewpatridler diýipdirler. Olar köplenç arhont wezipesini eýeläpdirler.

2. Afiny jemgyýetinde agalyk edýän toparlardan nazary toparnyşyklar hem bolupdyr. Biziň eramyzdan öň VII asyryň ahyrynda Afinyda Kilonyň topalaňy ady bilen taryңa giren waka bolupdyr. Kilon asly barly maşgaladan bolup, Megaronyň tirany Feagenig giýewi, Olimpiýa oýunlarynyň ýeijisi ekeni. Ol biziň eramyzdan öň 640-njy ýyl töwereginde öz tarapdarlarynyň kömegi bilen Zewsiň hormatyna baýramçylyk bolýan wagty Akropoly eýeläpdir. Ýewparider arhont Megagklyň baştutanlygynda Akroply gabapdyrlar. Kilon gaçyp gutulypdyr. Onuň tarapdarlary açlyga sezewar bolup, galadan erkin çykyp gitmek şerti bilen, arkontlara boýun egipdirler. Ýöne topalaňçylar ybadathanadan çykan batlaryna Megaklyň tarapdarlary olary gyrypdyrlar. Olaryň köpüsi ybadathananyň içinde öldürilipdir. Grekler ybadathanada gan dökmegi ýazgarypdyrlar. Şonuň üçinem Megaşklyň urugy bolan Alkmeonidleri Afinynyň geljekki taryhyndaky syýasy göreşde garşydaşlary şol tegmil bilen garalapdyrlar”.

Biziň eramyzdan öň 621-nji ýylda Afinyda öňden hereket edýän kanunlar ilkinji gezek ýazga geçirilipdir. Bu işi amala aşyrmak arhont Drakonta tabşyrylypdyr. “şonuň üçinem oňa” Drakonyň kanunlary” diýipdirler. Kanunlar biziň günlerimize doly gelip ýetmändir. Bu kanunlara Drakont täze durmuş we ykdysady ýagdaýlary beýan edýän bir näçe düzgünleri hem girizipdir. Öňki gan almak hukugy ýatyrylypdyr. Kazyýet işiniň yäze düzgünleri girizilipdir. Bilkastlaýyn we bilkastlaýyn däl adam öldurmeleriň arasynda tapawut goýulupdyr. Drakonyň kanunlaryna görä jenaýatlaryň aglabasy üçin, adam öldürmek ýa-da gök önüm ogurlamak bolsun, tapawut goýmazdan ölüm jezasy girizilipdir. Plutarkyň berýän maglumatlaryna görä, Drakditdan näme üçin jenaýatlaryň köpüsüne ölüm jezasyny berendigini soranlarynda, ol ownuk jenaýatlaryň şoňa mynasypdygyny, iri jenaýatlar üçin bolsa ondan artyk jeza tapmandygyny aýdypdyr.

Afinyda Drakonyň kanunlarynyň kabul edilmegi ewpatridleriň ezýän ýönekeý raýatlary üçin has möhüm bolupdyr. Sebäbi ewpatridler döwlet tarapyndan köneden gelýän düzgünleri öz bähbitleri üçin ulanypdyrlar.

Ýöne ilatyň köpüsiniň ýagdaýy agyrlygyna galypdyr. Ýerleriň esasy bölegi ewpotridlere degişli bolupdyr.

Aristoteliň berýän maglumatlaryna görä kärende tölegini töläp bilmedik we bergidar adamlar tä şolaryň özgerdişlerine çenli şahsy baknalykda bolupdyrlar.

3. Bizi eramtzdan öň 594-nji ýylda Solon arhont saýlanypdyr. Ol ajaýyp syýasy işgär, akyldar, şahyr bolupdyr. Solon Afinynyň geljegini ykdysadysadyýetiň janlanmagynda görüpdir.

Şolaryň özgerdişleri afiny jemgyýetine hemme taraplaýyn: ykdysady we durmuş gatnaşyklaryna, harby işe we döwlet dolandyrylşyna täsir edipdir.

Ykdysady babatda Solon Attikanyň aba-hojalygynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, zeýtun ösdürmekligi giňeltmek we zeýtun ýagyny daşary döwletlere satmak ýaly işlere üns beripdir.

Solon hünärmentçiligi giňeltmäge, biderek çykdaýjylaryň edilmeginiň öňündi almaga (jaýlaýyş dessurlary sadakalar üçin çykdaýjylary azaltmaga) hem üns beripdir.

Solon ýerden alýan girdejisine görä Afinynyň erkin ilatyny 4 bölege bölüpdir.

1. Pentakosiomedimnaçylar (bäşýüzçüler) – 500 medinna girdeji alýanlar.

2. 300 ölçeg girdiji alýan atlylar.

3. 200 ölçeg girdeji alýan zewgitler (goşa öküziň eýeleri)

4. Iň pes – 200 ölçegden öz girdeýji alýan fetler,

I-II topara girýänler atly goşunda, zewfgitler agyr ýaraglanan tyýada goşunda gulluk edipdirler. Fetleriň bolsa Halk ýygnagynda ses bermäge hukugy bolupdyr.

Solon bergidarlygy we bergidarçylyk gulçulygyny ýtyrypdyr. Karz üçin göterimleri peseldipdir.

Solonyň durmuş özgertmeleriniň ýene biri-de gösgöni mirasdaryň bolmadyk ýagdaýynda emlägiňi birine wesýet edip galdyrmaga rugsat berilmegidir. Öň şeýle ýagdaýda emläk we ýer urgugda galýan ekini Kanunda bellenen möçberinden artyk ýer edinmek hem gadagan edilýär.

Öň goşun urug toparlary boýunça düzülen bolsa, indi jemgyýetiň 4 topara bölünişi esasynda düzülipgir. Solonyň döwründe Halk ýygnagy hem ähmiýetini güýçlendiripdir. Onda möhüm döwlet işleri çözülipdir. Solonyň özgerşlerini hem halk ýygnagynda hem tassyklapdyrlar. Halk ýygnagynyň işini has gowy guramak üçin solon her taýpadan 100 adam girýän 400 adamdan ybarat täze Maslahat döredipdir. 400 –leriň maslahaty halk ýygnagynda seredilmeli işleri taýýarlamaga baştutanlyk edipdir. Käbir dolandyryş işlerini alyp barypdyr.

Täze döwlet organy “Gelieýeýa” dörwdilipdir. Ol ähli raýatlaryň arasyndan saýlanan kazylar topary bolup, wezipeli adamlaryň hasabatlaryny barlapdyr, raýatlaryň arasyndaky dawalary seljerilipdir. Ol iň demokratik gurama bolupdyr. Polisiň mali işlerine ýolbaşçylyk eder ýaly gaznaçylaryň, politleriň (döwlet emlägini kärendesine beripdirler), kollaketleriň (sadakalaryň maliýe wezipelerine gözegçilik edipdirler) wezipeleri we polisiýa wezipelerini ýerine ýetirýän 11 adamdan ybarat topar döredilipdir. Solonyň girizen syýasy täzelikleri döwlet dolandyrşyna halk köpgünlüginiň gatnaşmagyna mümkinçilik beripdir. Şeýle gurluşa demokratiýa diýipdirler. Solonyň özgerdijilik işi netijesinde Atinyda polis demokratiýasynyň esaslary goýulypdyr. Bu bolsa nusgawy (klassyk) döwürde Atiýanyň gülläp ösmegine getiripdir.

4.Solondan soňky döwürde Afinyda 3 sany syýasy toparlanyşyk emele gelipdir.

1. Likurgyň baştutanlygynda pideýleriň urugy,

2. Mekaglyň baştutanlygynda paraliýleriň urugy.

3. Pisitratyň baştutanlygynda diakileriň urugy.

Bularyň syýasy göreşi netijesinde Pisitrat üstün çykyp, b.e. öň 560-njy ýylda özüni tiran diýip yglan edýär. Ol öz düzgün ler ini ila tyň ähli gatnaşyklarynyň göwünden turar ýaly edip guramak isläpdir. Pisistrat ekerançylygy we hünärmentligi ösdürmek üçin çäreler gör ýär. Ol gazna üçin hasylyň 10 göterimi möçberinde sal gyt hem girizýär. Gurluşyk işlerini hem alyp barýar. Akropolda Afinanyň ybadathanasy gurulýar. zewsiň we Apallonyň ybadathanala rynyň gurluşygyny hem başlaýar. Agyz ybadathanalarynyň gurluşygyny hem başlaýar. Agyz suwy bilen Afinany üpjün eder ýaly gurluşygyny ösdürýär. Küýzegärleriň ýasaýan ýeri bolan Keramikada täze ussahanalar açylýar. Gara şekilli wazalar indi has owadan gyzyl şekilli wazalar bilen çalyşýar.

Pisistrat Panafineý we Dionisiý baýramçylyklaryny aýratyn dabara bilen bellemegi ýola goýyar. Afiny, tiranlarynyň daşary syýasaty üstünlikli bolupdyr. Olaryň esasy maksady bogazlara we ondan aňry Gara deňiz kenarlaryna barýan esasy ýerleri eýelemekbolupdyr. Pisistrat Frakiýanyň kenaryndaky baý magdan känlerini, Lemnos we Imbros adalaryny, aziýa kenarlarda Sideň şäherini e ýeläpdir. Pisistratyň garşydaşy, afinaly ewpatrid Miltiad Frakiýadaky Hersonesi eýeläp, bu ýerde afiny bähbitlerini öňe sürüpdir.

Pisistrat Samsyň tiranlary, Fessaliýanyň begzadalary, Argos we Korint şäherleri bilen dostlukly gatnaşyklar saklapdyr. Pisistratyň we onuň ogullarynyň döwründe Afinynyň üstünlikli daşary syýasaty ony grek dünýäsiniň halkara gatnaşyklarynda möhüm orun tutan güýçli polise öwrüpdir.

Pisistratyň ogullary Gippiý we Gippark biziň eramyzdan öň 527-nji ýylda häkimiýeti miras alyp, kakasynyň işini dowam edipdirler. Biziň eramyzdan öň 514-nji ýylda dildüwüşik netijesinde Gippark öldürilipdir. Gippiý bolsa düzgüni gazaplandyrypdyr. Şu döwürde Afinynyň daşary syýasaty hem ýaramazlaşypdyr. Eýran döwleti Kiçi Aziýadaky grek şäherlerini, Egeýdäki adalaryň bir bölegini basyp alypdyr. Afinylylar Frakiýadaky Hersonesden hem çykyp gitmeli bolupdyrlar. Daşary syýasatyň şowsuzlygyndan Alkmeonidler urugy peýdalanypdyr. Olar Delfy bilgijini we Sparta döwletini öz tarapyna çekip bilipdirler. Sporta patyşasy Kleomen uly goşun bilen Attika giripdir we akropoly gabapdyr. Gippiý boýun egipdir we Eýrana sürgünlige gidipdir. Biziň eramyzdan öň 510-njy ýylda Afinyda tiranlyk ýykylypdyr.

5. Klisten tiranlygy ýykan Alkmeoniderden bolup, biziň eramyzdan öň 509-500-nji ýyllarda özgerdişler geçiripdirler.

Ol Attikany administratiw taýdan 10 welaýata bölüpdir. Her welaýatda 3 etrap bolup, olaryň hem hersinde birnäçe dem (iň kiçi administratiw birlik) bolan, Welaýatlar bitewi bolan, olaryň ýerleri Attikanyň dürli ýerlerinde – bir etraby Afinyda, beýlekisideňiz ýakasynda, üçünji Attikanyň içerki böleginde bolandyr. Netijede taýpadyr – uruglar garym – gatym bolup gidipdir, urug gatnaşyklary ýok bolupdyr, we olar syýasy ähmiýetini ýitiripdir. Biziň eramyzdan öň VI asyrda Afiny köp ilatly iri şäher merkezine öwrülýär. Afinyda dürli hünärdäki we kärdäki adamlar bilen beýleki şäherlerden göçüp gelen metekler hem ýaşapdyrlar. Olaryň raýatlyk hukuklary bolmandyr.

Biziň eramyzdan öň VI asyryň ahyrynda Afinyda ýer meselesi ýüze çykypdyr, öz ýerli daýhanlaryň sany artypdyr. Klisten afiny raýatlarynyň hataryna metekleri hem goşupdyr. Attikanyň ähli ýerlerini gaýtadan paýlamaga Klisten ýürek edip bilmändir. Ýöne başga çykalga tapylypdyr. Biziň eramyzdan öň 506-njy ýylda Afiny çozup gelen halkidalary derbi-dagan edipdir we Halkidanyň bir bölegini basyp alypdyr. Ol ýere 4000 sany garyp afinylyny göçürip eltipdirler. Olar zewgitleriňki ýaly girdeji alypdyrlar.

Klisfen 400-leriň Naslakatyny ýatyryp, onuň ýerine täze 500-leriň Maslahatyny döredipdir. Oňa her welaýatdan 50 adam giripdir. Saýlawly wezipeleriň köpüsinde indi 10 adam bolupdyr. Täze wezipeler girizilipdir. Olara 10 apadektiň (maliýe wezipesi) we 10 strategiň (harby baştutanlar) wezipeleri degişlidir. 500-leriň Maslahatynyň mejlisi hemişelik bolupdyr. Ol Halk ýygnagy üçin işleri taýýarlapdyr we dolandyryş işleri bilen meşgullanypdyr.

Areopagyň syýasy täsiri pese düşüpdir, ol kem-kemden kazyýet edarasyna öwrülmäge başlapdyr.

Tertip – düzgüni goramak üçin, häkimýeti basyp almak howpuny salýan adamy ýüze çykarmak ostrakizm girizilipdir. Halk ýygnagynda güýze döwüklerine howply hasaplanýan adamyň adyny ýzyp, ses beripdirler. Eger 6000 küýze döwüginde bir adamyň ady ýazylan bolsa, ony Afinydan 10 ýyllyk kowupdyrlar.

Klisfeniň özgerdişleri Solonyň başlan işlerini tamamlapdyr. Attikada gulçulyk jemgyýeti we döwleti demokratik polis görnüşinde emele gelipdir.