Stress
Stress — Stress-munyň özi garaşylmadyk we dartgynly şertlerde döreýän emosional ýagdaýdyr. Özüňi alyp arşyn stress ýagdaýy garaşylmadyk, duýdansyz üýtgeýän şertlerde töwekgel hereketler, çalt we özbaşdak, karara gelmek zerurlygyny, döredýän howply ýagdaýlarda reaksiýanyň çaltlylygy ýaly häsiýetlerde ýüze çykýar.
Stress ýagdaýynda maksada gönükdirilen işiň amala aşyrylmagy kynlaşyp, pikiriň başga zada geçmeginden we bölünmeginden başlap, hat-da hereketleriň umumy togtamagy ýa-da doly bozulmagy-da bolup biler. Şeýle bolanynda endikler we öwrendikler üýtgemän galyp, aňlanylan herektleriň ornuny tutýarlar. Stress ýagdaýynda kabul edişiň (duýdansyz peýda bolan betniýet garşydaşlaryň sanyny kesgitlemekde), ýadyň (gowy bilýän zatlaryňy unutmak) ýalnyşlyklary, garaşylmaýan şol bir gyjyndyryjylara dürli reaksiýalaryň bolmagy we ş.m. mümkin.
Ýöne, birnäçe adamlarada güýçli bolmadyk stress hem täze güyç, işeňňirlik, pikirleriň aýdynlygyny we durulygyny döredip biler. Napoleon özüniň marşallarynyň biri hakynda şeýle ýazypdyr: "ol diňe ok-därileriň arasynda, çyklyşyklaryň gümmürdisine aşa parasatly bolup bilýärdi, şol ýerde onuň göz ölçegi (doeie) onuň sowukganlylygy we gujury deňsiztaýsyzsdy, ýöne ol asuda ýagdaýda, kabinetde karta seredip öz operasiýalaryny, öňküsi ýaly gowy taýýarlap bilmezdi".
Haýsydyr bir situasiýanyň adamda stress ýagdaýyny döredip biljekdigini önünden kesgitlemek mümkin däl. Adamyň stress ýagdaýynda özini alyp barşy köp babatlarda onuň şahsy aýratynlyklaryna: ýagdaýa tiz baha bermek başarnygyna, garaşylmadyk ýagdaýlarda derrew ugur tapyjylyk endiklerine, özüne erk edip bilýänligine, töwekgeldigine, hereketleriniň maksada laýyklygyna we sabyrlylygyna, şeýle ýagdaýlardan baş alyp çykmaga tejribäniň barlygynda we ş.m. baglydyr.
Çeşme
düzetProfessor B.B.Basarow, uly mugallym A.A.Esenowa Emosiýalaryň psihologiýasy. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy.– A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. sah.17-18.