Sylapow Muhammetseýit Babaýewiç
Sylapow Muhammetseýit Babaýewiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Sylapow Muhammetseýit Babaýewiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1978 Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasy |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri |
Milleti | Türkmen |
Doglan senesi we ýeri
düzet1978-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
düzetÝokary bilimli. 1999-njy ýlda Türkmen halk hojalyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça ykdysatçy-menejer.
Zähmet ýoly
düzetZähmet ýoluna 1999-njy ýylda «ANAIS» hususy kärhanasynda hasapçy wezipesinde başlady.
2000-2002-nji ýyllarda Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň pensiýalar müdirliginiň esasy hünärmeni.
2002-2011-nji ýyllar aralygynda Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň gözegçilik-derňew bölüminiň baş hünärmeni, bölüm başlygynyň orunbasary, pensiýalar müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi.
2011-nji ýylyň aprel aýyndan iýun aýyna çenli Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa üpjünçiligi müdirliginiň başlygy.
2011-2016-njy ýyllarda şu ministriigiň zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary.
12.2017-26.01.2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
26.01.2018-nji ýyldan Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipelerine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
düzet- «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly.
Çeşmeler
düzet- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden[permanent dead link] //www.turkmenistan.gov.tm
Edebiýat
düzet- "Türkmenistan" gazeti, №24-25 (28961) 2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 27-si, S.3.