TÄZE WAWILON PATYŞALYGY

MOWZUK:TÄZE WAWILON PATYŞALYGY.

Meýilnama:

1.Wawilon döwleti b.e.öň XII-VII asyrlarda

2.Nawuhodonosor II-niň daşary syýasaty.

3.Wawilonyň Ahemeniler döwleti tarapyndan baslyp alynmagy (b.e.öň 538ý.)

4.B.e.öň VII-IV asyrlarda Wawilonyň ykdysadyýeti we jemgiýeti.

1.B.e.öň XIII asyryň ahyrlarynda Wawilonyň ykdysady we syýasy taýdan pese düş- megi başlanýar.Assiriýa we Elam mundan peýdalanýarlar.Olar XII asyryň ortalarynda Wawilony eýeläp,şäherlerini,ybadathanalaryny talaýarlar.Iň soňky kassit patyşasy we wawilon begzadalary ýesir edilip äkidilipdir.Mardugyň heýkeli elama äkidilýär.Şeýdip Wawilonda kassit- leriň döwri tamam bolýar.Wawilony dolandyrmak üçin elam dikmesi goýulýar.Elamlylaryň garşysyna göreşi Issin şäheri başlaýar.Wawilon kem-kemden güýç ýygnap,Nawuhodonosor I-niň (1126-1105) dolandyran wagtynda ol,gysga wagtlyk bolsa-da,ýokary derejede ösýär. Der galasynyň ýanynda Wawilon tarapyndan Elamyň goşuny derbi-dagyn edilýar.Soňra olar Ela- myň içine girip,güýçli zarba urupdyrlar.Şondan soň üç asyrlap,Elamyň ady çeşmelerde gabat gelmeýär (b.e.öň 821-nji ýyla çenli).

B.e.öň VIII asyra çenli Wawilonyň günbatar we demirgazyk serhetlerinde arameýler ornaşýarlar.

B.e.öň IX asyrdan başlap Wawilonda arameý diliniň bir şiwesinde gürleýän haldeý taýpalary uly täsire eýe bolýarlar.Olar pars aýlagynyň kenarlarynda,Tigr we Ýefrat derýalarynyň aşak akymlarynda ýaşapdyrlar.Olar kem-kemden günortadan demirgazyga süýşüpdirler, Wawilon dinini we medeniýetini kabul edipdirler.

Haldeýler barada ilkinji gezek b.e.öň 878-nji ýylda Aşşurnasirapal II-niň ýyl ýaz- gylarynda agzalýar.

B.e.öňki IX asyrda assiriýalylar Wawilonyň demirgazygyny eýeläpdirler.B.e.öň 744-nji ýylda haldeý taýpalaryna uly zarba urupdyr.B.e.öň 729-njy ýylda bolsa Tiglatpalasar III Wawilony basyp alýar.Şondan soň Wawilon garaşsyzlygyny bir asyrlap ýitiripdir.Ýöne ol Wawilony adaty welaýata öwürmän,Assiriýanyň çäklerinde aýratyn döwlet hökmünde sak- lap galypdyr.

B.e.öň 720-nji ýylda haldeý serdary Marduk-apla-iddin II elamlylaryň kömegi bi- len assiriýalylary ýeňip,10 ýyla golaý wawilon tagtynda oturypdyr.Ýöne Sargon II b.e.öň 710- njy ýylda ilki Elamy,soňra Wawilony basyp alýar,b.e.öň 709-njy ýylda bolsa Wawilonda täç geýipdir.

B.e.öň 705-nji ýylda assiriýa tagtyna Sinakherib geçipdir.Marduk-apla-iddin Günorta Wawilonyň şäherlerine,haldeý we arameý taýpalaryna daýanyp,Assiriýanyň beýleki duş- manlary (Iudeýa,Tir,Arwad,Askalon ýaly finikiýa şäherleri,Elam) bilen bileleşip,gozgalaňa başlaýar.

B.e.öň 703-nji ýylda ol Wawilony alypdyr,ýöne soňra şowsuzlyga uçrap,ony galdyrmaly bolýar we özi-de ýurduň günortasyna gaçýar.B.e.öň 692-nji ýylda ýene-de Wawilon aýaga galýar.Oňa Elam,arameýler,Zagros daglarynyň taýpalary kömek edýärler.Aýgytlaýjy söweş b.e.öň 691-nji ýylda Tigriň boýunda Halule diýen ýerde bolýar.Iki tarapam ýeňip bil- män,diňe köp ýitgi çekipdirler.

B.e.öň 690-njy ýylda Elamyň patyşasynyň ysmaz keseline ýolugyp,onuň Wawilona kömek berip bilmejegini bilen badyna Sinahherib şäheri gabaýar.Şäherde açlyk başlanýar,azyk 75 esse gymmatlaýar,töwerej jesetden dolýar.B.e.öň 689-nji ýylda Wawilon boýun egýär.Si- nahherib öç alyp,ilaty gyrýar we gulçulyga satýar,şäheri tekiz ýumurýar.Wawilony Assiriýa- nyň welaýatyna öwürýär.

Assiriýanyň patyşasy Asarhaddon b.e.öň 669-njy ýylda ýurdy ogullaryna paýlaýar. Assiriýa Aşşurbanopal I-ä,Wawilon Şamaş-şum-ukine berilýär.Şamaş-şum-ukin b.e.öň 652-648-nji ýyllarda Wawilonyň özbaşdaklygy ugrunda göreşip,ahyrda wawilonlylar bilen birlikde ýanyp duran köşgüň harabalyklarynda wepat bolýar.

B.e.öň 626-njy ýylda Wawilon haldeý serdary Nabopalasaryň baştutanlygynda ýene-de Assiriýadan azat bolmak ugrunda göreşe başlaýar.Nabopalasar b.e.öň 626-njy ýylyň Sanjar aýynyň 25-nde Wawilon şäherinde täç geýip,täze haldeý nesilşalygyny esaslandyrýar.

B.e.öň 616-njy ýylda Nabopalasar Aşşury gabaýar,ýöne alyp bilmändir.B.e.öň 614-nji ýylda Midiýa patyşasy Kiaksar Assiriýanyň Arrapha welaýatyny eýeleýär.Soňra Ninewiýany almaga synanyşýar.Ýöne ol basa barmansoň,Aşşury basyp alýar,ilatyny gyrýar.Şäher harabalyga öwrülenden soň bu ýere Nabopalasar hem gelýär.Midiýa we Wawilon özara bileleşik hakda ylalaşyp,Nabopalasaryň ogly Nawuhodonosor II bilen Midiýa patyşasy Kiaksaryň gyzynyň nikasy arkaly ony berkidýärler.

Midiýalylar,skifler we wawilonlylar Assiriýanyň garşysyna urşy dowam edip, b.e.öň 612-nji ýylda üç aý gabawdan soň Ninewiýany eýeläp,ilatyny hem gyrypdyrlar.Assiriýa goşunlarynyň iň soňkulary b.e.öň 609-njy ýylda Harran şäheriniň ýanynda ýok edilýär.Midi-ýalylar Assiriýanyň öz ýerlerini,wawilonlylar onuň Mesopotamiýada basyp alan ýerlerini özüne birleşdiripdirler.

Indi Ýakyn Gündogarda Midiýa,Müsür,Wawilon,Kiçi Aziýada Lidiýa,Kilikiýa ýaly iri döwletler bolupdyr.

2.Wawilon Tigrden günbatarda ýerleşen ýerleri basyp almaga taýýarlanypdyr.B.e. öň 607-nji ýylda Nabopalasar ýurduň içerki dolandyryşyny öz elinde saklap,goşunyny ogly Nawuhodonosora ynanypdyr.B.e.öň 605-nji ýylda ol Karkemişi eýeleýär we Müsür goşunyny ýok edýär.Soňra Siriýany we Palestinany eýeleýär.

B.e.öň 605-nji ýylda Nabopalasar ölenden soň,Nawuhodonosor II patyşa bolýar. Şol ýyl ol Finikiýanyň Askalon şäherini,b.e.öň 598-nji ýylda Demirgazyk Arabystany eýele- ýär.Şol wagtlar Müsüriň goldamagynda Iudeýa bölünip aýrylýar.B.e.öň 597-nji ýylda Nawu-hodonosor ony ýene-de eýeläpdir.Şol bir wagtda-da müsürliler Finikiýanyň Gaza,Tir,Sidon şä- herlerini eýeläpdirler.Iudeýany hem Wawilona garşy gozgalaňa galdyrypdyrlar.Nawuhodonosor II iki ýyl gabawdan soň ,b.e.öň 587-nji ýylda Iýerusalimi basyp alypdyr we Iudeýa patyşalygyny Wawilonyň welaýatyna öwrüpdir.Iýerusalimiň müňlerçe ilaty ýesir edilip äkidilipdir.

B.e.öň 574-nji ýylda Tir şäheri hem basylyp alnypdyr.

Nawuhodonosor II-niň dolandyran döwründe Wawilonyň ykdysady ýokary göterilişi we medeni taýdan gaýtadan döreýşi bolupdyr.Ol Gadymy Gündogaryň 200 000 ilaty iň uly şäherine öwrülipdir.Ol Ýewfradyň we onuň iki kanalynyň iki tarapynda ýerleşipdir.Şäher uzynlygy 123 m.,ini 5–6 m. bolan köpri bilen birleşdirilipdir.Şäherde esasy ybadathana-Esagila,7 basgançakly zikkurat-Etemenanki (“Wawilon minarasy”),patyşa köşgi bolupdyr.Şäheriň daşyna iki gat diwar aýlanypdyr.Onuň daşynda içi şuwly garym bolupdyr.Şäheriň 8 sany derwezesi bolupdyr.Iştar derwezesiniň beýikligi 12 metr bolup,fantastiki jandarlaryň şekilleri bilen bezelipdir.

3. B.e.öň 562-nji ýylda Nawuhodonosor II ölenden soň, begzadalar we ruhanylar syýasata güýçli täsir edip başlapdyrlar.Uzaga çeken uruşlardan soň,tagta Nabonid (556-539ý.) çykypdyr.Onuň kakasy arameý taýpalarynyň biriniň hökümdary bolupdyr.Ejesi bolsa Harranda aý hudaýy Sinanyň ybadathanasynda ruhany aýal bolupdyr.Harrany midiýalylar basyp alanda ol öz ogly bilen Wawilona gaçypdyr we ogluna geljekde uly täsir edipdir.Nabonid tagta çykandan soň aý hudaýy Sinany kem-kemden I orna çykarypdyr.Ol şeýdip Alynky Aziýadaky arameý taýpalaryny birleşdirip,kuwwatly döwleti döretmäge çalşypdyr.Eýranlylaryň çozmagy bilen Midiýa patyşasy Astiag Harrandan öz goşunyny äkidýär.Mundan peýdalanyp,Nabonid bu şäheri b.e.öň 553-nji ýylda basyp alýar.Ol Merkezi Arabystanyň demirgazyk böleginde Teýma welaýatyny basyp alýar.B.e.öň VI asyrda Ýewfrat akymynyň ugruny üýtgeden soň,Ur şäheriniň üstünden Pars aýlagy bilen söwda etmek mümkin bolmandyr.Nabonid rezi- densiýasyny Teýma geçiripdir.Ol Wawilony dolandyrmagy ogly Bel-şar-usura (Injilde Balta- sar diýilýär) tabşyrypdyr.

Nabonid günbatarda hereket edýän wagty,Wawilonyň gündogarynda eýýäm Mi- diýany,Lidiýany basyp alan Eýran patyşalygy peýda bolupdyr.Urşuň gutulgysyzdygyna göz ýetiren Nabonid Wawilona gelip goranyşy gurapdyr.Ýöne Wawilon eýýäm hemme tarapdan gabalypdy we onuň ýagdaýy çykgynsyzdy.Ondaky dürli ýerlerden ýesir edilip getirilen halklar ruhanylar,söwdagärler eýranlylara kömek etmäge taýýar ekenler.B.e.öňki 539-njy ýylda eýranlylar Tigriň golaýynda Opis şäheriniň ýanynda Belşarusuryň goşnyny derbi-dagyn edýärler.

B.e.öň 539-njy ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 12-nde duşman Wawilona giripdir.17 günden soň,Kir II hem dabaraly ýagdaýda şähere giripdir.Nabonid ýesir alynýar we Kermaniýa welaýatynyň hökümdary edilip,hormatly sürgüne iberilýär,ogly Bel-şar-usur jezalandyrylýar.

Kir II-niň basylyp alnan halklar we olaryň dini babatda alyp baran syýasaty öňki basybalyjylardan tapawutlanypdyr.Parslar wawilonlylaryň dini dessurlaryna,baýramçylyklaryna hormat goýupdyrlar,olara sadaka beripdirler.Wawilona ýesir edilip getirilenlere öýlerine gaýtmaga rugsat beripdirler.Kiriň hökümdarlyk etmegine wawilonlylar kesekiniň agalygy hökmünde garamandyrlar.Sebäbi ol tagty gadymy keramatly däp-dessurlary beýan edip,hudaý Mardukyň elinden kabul edipdir.Kir II “Wawilonyň patyşasy,ýurtlaryň patyşasy” diýen dere- jäni göteripdir.Bu dereje b.e.öň V asyrda dolandyran Kserkse çenli saklanypdyr.

Wawilonda b.e.öň 522-521-nji we 484 hem 482-nji ýyllar parslaryň agalygyna garşy gozgalaňlar bolýar.B.e.öň 482-nji ýylda Wawilony adaty bir satraplyga öwrülýär.

4.B.e.öň VII-IV asyrlarda Wawilonyň ykdysadyýetiniň esasy oba hojalygy bolupdyr.Ýerler ybadathanalara,patyşa maşgalasyna,iri söwdagärlere,patyşa we ybadathana admi- nistrasiýasynyň işgärlerine degişli bolupdyr.Ownuk ýer işläp bejerijileriň 0.33 gektardan bir- näçe gektara çenli ýeri bolupdyr.Suwarymly ekerançylyk bolupdyr.Ownuk ýer eýeleri öz ýerlerini özleri işläp bejeripdirler.Iri ýer eýeleri ýerlerini kärendesine beripdirler.Kärendesine ulanmagyň şertleri ilki şertnamada görkezilen ýa-da hasylyň 3/1-ni hojaýyn,3/2-ni kärendeçi alypdyr.

Hünärmentçiligiň daş ýonujylar,dokmaçylar,demir,mis,agaç,gurluşyk,şaý-sepleriň ussalary,kir ýuwýanlar,çörek bişirýänler,piwo gaýnadýanlar ýaly görnüşleri bolupdyr.

Wawilon jemgiýetinde şäherleriň doly hukukly raýatlary,erkin,ýöne raýatlyk hu- kugy bolmadyk adamlar,ýarym garaşlylar we gullar bolupdyr.

B.e.öň I müňýyllykda patyşa hojalyklary ýurduň ykdysadyýetinde esasy orun tutmandyrlar.Esasy orun hususy we ybadathana ýerlerine degişli eken.

Dariý I Eýranyň ähli ýeri üçin darik pul birligini girizende bolsa,Wawilonda içer-ki söwdada töleg serişdesi kümüş tokgalary bolupdyr.Olaryň garyndylary dürli görnüşde bolup,garyndynyň derejesi tokgalarda görkezilýär ekeni.Altyn haryt bolupdyr we pul hökmünde ulanylmandyr.Wawilon ortaýer deňiz gündogar kenar ýurtlary,Mesopotamiýadan günortada we gündogarda ýerleşen welaýatlar bilen söwdada aralykçy orun eýeläpdir.Wawilon söwdagärleri Müsürden,Iiriýadan,Elamdan we Kiçi Aziýadan demir,mis,galaýy,agaç,çakyr we ş.m. getiripdir.Özünden galla,ýüň matalar we eşikler öndürip,Eýrandaky ýurtlara satypdyr.