TÜÝLI ASPLENIUM
TÜÝLI ASPLENIUM Aspleniumlar maşgalasy Ýagdaýy. Derejesi II (EN). Ýitip barýan görnüş. Genofondy gorap saklamakda ähmiýeti. Gadymy, dermanlyk we bezeg ösümligi. Gysgaça beýany. Boýy 5–25 sm bolan köpýyllyk ösümlik. porrugy garamtyl teňňe örtükli. Ýapragynyň uşajyk ülüşleri oturanrak, süýnmegräk — tegelegräk şekilde, düýbi pahna şekilli. Ýaprak sapagy gyzylymtyl-gara reňkli, ýaprak okunyň köpsanly dilinen bölekleri bar. Ýaýraýşy. Merkezi Köpetdag (Çopandag, Hanýaýlag), Köýtendag (Daraýdere jülgesi). Türkmenistandan daşarda — Täjigistan, Özbegistan, Ýewraziýa, Krym, Kawkaz, Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika. Bitýän ýerleri. Demirgazyk daşly gaýalar, gaýalaryň jaýryklary, arçalyklaryň toplumy. Sany we onuň üýtgemek ýagdaýy. 2006‑njy we 2007‑nji ýyllaryň iýul aýlarynda Daraýdere jülgesinde ýeke-täk düýbi gabat geldi, 2011‑nji ýylyň maý aýynda 10 sanysy tapyldy. Esasy çäklendiriji sebäpler. Gaýalaryň ýuwulmagy, adam täsirleri. Biologiýasynyň aýratynlyklary. Sporalar arkaly köpelýär. Ýapraklary martda-aprelde ösüp başlaýar, aprelden awgusta çenli sporalary bişip ýetişýär. Güýzüne ýagşyň ýagmagy bilen ýapraklary ýene-de ösýär. Ýetişdirilişi. Ýetişdirilmedi. Gorag üçin görlen çäreler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizildi. Gorag üçin zerur çäreler. Populýasiýanyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmeli. Barlaglar boýunça teklipler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň Botanika bagynda ösdürip ýetişdirmeli. Täze ösýän ýerlerini gözlemeli, biologiýasyny-ekologiýasyny öwrenmeli. Düzüji O. Ý. Rahmanowa