Täçmämmet Jürdekow
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda eneden bolýar. Onuň çagalykdan çeper söze bolan uly höwesi, ymtylşy özüniň oňat netijelerini berýär. Türkmen edebiýatynyň satira bölüminde ymykly orun alan ýazyjy bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde teneli sözleriň taýsyz ussady hökmünde tanalýar. T.Jürdekowyň eserleri birnäçe daşary ýurt dillerine hem terjime edildi. Onuň birnäçe kitaplaryny aşakda agzap geçeliň:
- Başlyk aga bagyşla
- Gaplaň gerekmi?!
- Ody özüňe bas...
- Däliden dogry habar
- "Menin milisiyam meni talayar"
- "Uly bashlyk"
- "Garashsyzlygyn galkyndyran gudraty"
we ýenede birnäçe eserleri bar.
Täçmämmet Jürdekowyň 1996-njy ýylda çykan Däliden dogry habar diýen kitabynda, özi barada şeýle "terjimehalyny" ýazýar:
Uly ile aýan bir hakykat bar ýaşamak üçin ilki dogulmaly. Hudaýa şükür, menem häli-häzir ýaşap ýörün. Diymek, haçanam bolsa bir wagt menem dogulypdyryn onuň anyk senesi, ýagny näçenji ýyldygy aýy güni okyjy üçin hökmanmyka?! Eger şeýle bolsa, onda, otyryňda özüňiz hasaplap görüň meniň dogulan ýylym luw ýyly ekeni. Satirik şahyr Kemine panydan bakyýete "Geçenden" ylaýyk ýüz ýyl soň dünýä inipdirin. Has takygy şu asyryň ahyrynda, ýagny 2000-nji ýylyň 15-nji maýynda, nesip edip ýaşap ýörsek bizem 60 ýaşaýarys.
Meniň nirede dogulanlygym bilen kimiň näme işi barmyşyn?! Juda belesigeliji bolsaňyz, aýdaýmaly bolarda. Hawa, gadymy Gökdepäniň Kelejar diýip bir obasy bar. Ine, şol ýeri meniň göbek ganymyň daman ýeri.
Wiý, ýogsada "göbek" diýemde bir zat ýadyma düşdi. Göbek enem pahyr maňa köp gezek gürrüň beripdi. Çaga dünýä inende çyrlap aglaýar, men weli ýylgyrypdyryn. Adatdan daşary bu ahwalaty enem atam özüçe tesbirläpdirler. Gowlyga ýorupdyrlar.
--Oglumyz ulalansoň degişgen, wäşi bir ýigit bolup ýetişer...
Käbä deňelýän ene-atanyň uly ynamyny ödemezlik uslyp däl. Şonuň üçinem... bolýar, ol barada azajyk soňurak.
Hawa men öz kakam Jürdek Atajyk ogly bilen juda oňaýsyz ýagdaýda "duşuşdym". Ol watan üçin bolan söweşleriň birinde 1942-nji ýylyn 29-nji dekabrynda, ýagny men 2 yaşymdakam wepat bolupdyr. Ony gözlap, idäp tapmaklyk maňa 42 ýyldan soň (1984ý) başartdy. Sowuk mazaryň astynda ýatan 25 ýaşly kakam özüniň 44 ýaşly ogly bilen Nowgorod oblastynyň Staraýa Russo şäherinde şeyleräk "gurru" etdi.
--Oglum jahany uruş belasyndan gorap saklasaňyz, biziň üçin iň uly sylag serpaý şoldyr.
Gulagyma eşidilen ata sargydy uly nesliň özünden soňkylara eden pendi bolup ýaňlandy.
Men 1948-nji ýylyň aýylganç ýer titremesini hem görmeli boldym, agyr ýitgini başdan geçirdim. Özümden iki ýaş uly ýalňyz gyz doganymdan jyda düşdim. Ejem ikimiz gugaryp galdyk. Shol döwüriň agyr kynçylyklary, durmuşyň apaty biziňem deňämizden göni geçip gitmedi. Ony öz gerdenmizde çekmeli boldyk. Ýöne adamyň başyny alyp durýan zat ýok eken, hemme zat öz nobaty bilen gelip-geçip dur. Ynha, men indi alty çagaň atasy agtyklarymyň sany hem, Hudaýa şükür, köpelip gidip otyr.
Ýazyw pozuwa ýedi ýaşymda başladym. Geň görmäň, döredijilige däl. Birinji klasda okap ýörkäm edýän ýazuwymdan, edýän pozuwym kändi. Şeýdip şeýdiwem ahyry ýazyjy boldym. 1982-nji ýyldan bäri ýazyjylar birleşiginiň agzasy.
Men Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumyny (1959ý), soňra hem Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny (1964ý) tamamladym. Dürli kärlerde işledim. Goşun hatarynda gullyk etdim.
Häzir "edebiýat we sungat" gazediniň baş redaktory bolup işleýän.
Döredijilik diýilyan jadyly senet bilen ymykly meşgullanyp başlan döwürim 70-nji ýyllaryň ahyrlaryna degişli.
Meniň esasan edebiýatyň satira bölümi bilen meşgullanýandygymdan, megerem, okyjylar habarlydyr. Türkmenistanyň döwürleýin metbugatydyr. Radio-telewideniýanyň işgärleri-hä maňa beletdir. Hekaýalarym çap edilmedik gazet-žurnal ýok bolsa gerek. Öz başdak çap bolup çykan kitaplarymyň atlaryny yatda saklamak juda aňsat.
-"Uly başlyk"(1982ý.),
"Aýtsaň bolmaýarmy?!"(1984ý.),
-Hüş, "Il bir eşitmesin"(1988ý.).
-"Başlyk aga, bagyşla"(1991ý.).
Onsoňam, "Ody özüne bas,..."(1992ý.). Şulardan başga, Moskwada "Krokodil" žurnalynyň kitaphanasynda "Piscebumashnyy tigr"(1990y.) ady bilen hekaýalar ýygyndym özbaşdak kitapça bolup çykdy.
Wiý, ýogsa-da, meniň tebipçilikden hem başym çykman duranok. Ynanmasaňyz "Diagnozy:ýygnak" (1993ý.) diýen kitabymy okap göräýiň. Körpe okyjylary hem gözden salmajak bolýan. Olara "Esger papagy"-ny (1990ý.) sowgat etdim. Ondaky ýerleşdirilen çaklanja powestdim hem-de hekaýalarym belli bir derejede öz durmuşymyň beýanydyr. Käbir ýygyndylarda hem ("Ynamly nesil", "Şatlyk gözleginde") aýry-aýry hekaýalarym çap bolup çykdy. Dogry men bir goşgy ýazyp ýören şahyr däl eýsemde bolsa, kompazitorlar bilen bilelikde 10-a golaý aýdymy ýazdym. Umuman, gol gowşyryp otyrmaga wagtym ýok.
Maglumat üçin ýene-de bir zat aýdyp biljek. Tutuş kitabyma däl, ýöne aýry-aýry hekaýalarym özbek, gazak, başgyr, latyş, mangol, türk dillerinde çap edildi.
Çeper terjimede hem öz güýjümi synap görýän. Aýry-aýry hekaýalardan daşary çeper kinofilmlerin 10-larçasyny rus dilinden türkmen diline geçirdim. Özüm "prodýuser" hökminde üç sany ("Aýhan Hajyyew", "Gämidäki toý", "Täze adatlar") dokumental filmin awtory.
Jemgiýetçilik işlerine hem işeňgir gatnaşýaryn. Magtymguly Halkara baýragy Komitetiniň, Daşary ýurtlar bilen dostlyk jemgiýetiniň prawleniýasynyň agzalary.
Bu işleriň daşyndan bolsa jahankeşdeligi halaýan. Häzire çenli dünýäniň 7 ýurdynda (ABŞ, Hindistan, Mangoliýa, Bolgariýa, Siriýa, Malta, Eýran) boldym.
Ýene-de essem-pesemim ýok däl, ýöne ol baradaky söhbeti wagtyň özi dowam etdirer.
Howwa, "Iş bitirseň il tanar" diýilişi ýaly, meniň çekýän zähmetim köpüň gözünden sypmady. Mähriban Prezidentimiziň Permany bilen maňa "Türkmenistanyň Halk Ýazyjysy" (1993ý.) diýen hormatly at dakyldy. Bu meniň üçin el ýetmez bagtdyr.