Täçmämmet Suhanguly (1865-1942)

Täçmämmed Suhanguly1865nji ýylda Gökdepe etrabynyñ Ýangala obasynda eneden bolýar. Täçmämmet aganyñ 2 ogly saza ukyply bolupdyr. Ogly Hojamämmet ökde sazanda bolup ýetişse-de keselläp ir aradan çykýar. Hojamämmet ölümi atasyna diýseñ agyr degýär. Çary Täçmämmet halypa dutarçy bolup ýetişýär.Täçmämmet aga köp ýyllap Türkmenistanyñ radio-synda , döwlet filarmoniýasynda sazanda bolup işleýär. Täçmämmet aga 1932nji ýylda „ Azatlyk“ diýen sazyny döredýär. Bu saz şü güne çenli özüniñ ýokary çeperçiligi bilen halk saz gurallary ansamblynyñ , Orkestirleriñ ýekeligde tamdyra çalýanlaryñ çalymyndan düşmän gelýär. Täçmämmet aganyñ „ Bag içinde“ „Türkmenistanim“ ýaly sazlary hem Türkmen sazynyñ altyn hazynasyna girdi. Täçmämmet aga halk saz gurallary Ansamblary,orkestirleri üçün „Gökdepe mukamy“ „Aýralyk mukamy“ „Dag arman“ „ Gyzdurdy“ ýaly sazlaryñ köpçilik bolup ýerine ýetirilýän nusgalaryny döretdi. Täçmämmet aga 1940nji ýylda Türkmenistaniñ kompozitorlarynyñ birleşik agzalaryna kabul edilýär.Ol tä ömrüniñ ahyryna çenli ýaşlara elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Täçmämmet aga 1942nji ýylda Kaka etrabynda tragyk ýagdaýda aradan çykýar.