Täze Nusaý galasy
Täze Nusaý galasyndan hem Parfiýa döwrüniň ýaşaýşyny we durmuşyny häsiýetlendirýän ençeme arhitektura desgalary we zatlary tapyldy. Gadymy şäheriň özi Täze Nusaýyň harabalyklarynda ýerleşýär. Şäheriň daşyna parfýanlar döwründe inli gala diwary salynypdyr, olaryň gönüburçly goranyş diňleri bolupdyr. Günorta böleginde gala diwarlary bilen daşy aýlanan belent (sitadel) içki gala ýerleşýär. Içki galada diwanhanalar, döwletiň däne we şerap ambarlary, begzadalaryň ýaşaýan jaýlary ýerleşipdir.
Begzadalaryň ýaşaýan mähelleleri köplenç hut şäheriň öz çäklerinde ýerleşipdir. Onuň demirgazyk-günbatar böleginde, gala diwarlarynyň ýakynynda dini merkez ýerleşipdir. B.e.öň III-II asyrda bu ýerde owadan ybadathana salnypdyr, onuň daşy sütünli eýwanlar bilen gurşalypdyr, b.e.öň I asyrda bolsa, bu ýerde uly gonamçylyklar emele gelip başlapdyr. Ilatyň gurpsyz gatlaklarynyň ýaşaýan jaýlary şäheriň demirgazyk bölegine gysylyp çykarylypdyr. Ol jaýlaryň diwarlary laýdan salnypdyr, jaýyň (poly) ýeri palçyk bilen şirelenip, oňa boýralar ýazylar eken.
Nusaýyň giň şäher etegi bolupdyr, ol hem gala seňňeri bilen gurşalypdyr. Bu ýerde gul eýeleriniň mülkleri, baglary we üzümleri ýerleşipdir.
B.e. 226-njy ýylynda Arşakitleriň ýykylmagy Nusaýyň ykbalyna hem uly täsir etdi, Arşakitleriň mülkleri bolsa Eýranyň sasanylar döwletiniň eline geçdi. Agdarylan nesilşalyk bilen baglanşykly zatlaryň ählisini nesliň ýadyndan çykarmak maksady bilen, sasanylar parfýanlaryň köp asyrlaýyn sene ýazuwlaryny ýok edipdirler. Arşakitleriň, Köne Nusaýyň – Mitridatokertiň urug merkezleri hem şeýle ýok edilmeklige sezewar bolupdyr. Arheologlar bu ýerde bilkastdan edilen gazaply weýrançylyklara, talanyp alnan baýlyklara we uzak wagtlap ýaşaýyş bolmadyk, taşlanan gadymy şäher harabalyklaryna duş gelýärler.
Türkmenistanyň günorta etraplarynda: Köpetdag eteklerinde we Mary welaýatynda Parfiýa zamananyň köp şäherleri we obalary tapyldy. Olaryň birnäçesi has giçki döwürlerde ýaşalan medeni gatlaklaryň aşagynda galypdyr.
Geçirilen arheologiki barlaglar, diňe bir Ahal welaýatynda Parfiýa döwrüne degişli gadymy mekanlaryň 30-dan köpräginiň bardygyny görkezdi. Olardan Hosrowgalany, Ýelkendepäni (Kaka etrabynda), Garrykäriz (Gökdepe etrabynda), Sarahs galasyny we başgalary ýatlamak bolar. X asyrda Nusaý täzeden ýokary göterilýär. Şol ýokary göteriliş onuň Horasanyň iri ykdysady we medeni merkezine öwrülmegine alyp barýar. X asyryň arap taryhçysy Makdisi Nusaýy Tus we Abywert şäherleri bilen bir hatarda Horasanyň iň baý şäherleriniň biri, Nişapuryň “hazynalarynyň” biri we “galla mesgeni” diýip atlandyrýar.
Nusaý barada Makdisi şeýle ýazýar: „Nusaý uly, sagdyn we owadan şäher, suw bol, ýaşaýyş eşretlerine baý, onda agaçlar biri-birine çyrmaşýar, olarda miweler oňat, metjit owadan, çörek arassa; bazar hatar-hatar bolup ýerleşýär, onda gymmat bahaly we seýrek zatlar bar. Olar bir dine uýýarlar, zatlar mydama arzan, şonuň bilen bilelikde olarda edebiýat, gelip çykyş we geneologiýa, duşman üçin batyrlyk we el ýetmezlik bar. Şol ýerde bagsyz we akar suwsyz öý ýok”.
Orta asyrlar Nusaýy özüniň ýüpegi, nah matalary, küýze önümleri bilen şöhratlanypdyr.Täze Nusaý şäherjiginde geçirilen arheologik barlaglary şu ýerde syrçaly we syrçasyz küýzeleriň, gymmat bahaly suwuklyklary, hoşboý ysly ýaglary, simaby we beýlekileri saklamak üçin aýratyn bişirilýän toýun gaplaryň öndürilendigini görkezdi. Şeýle hem, bu ýerden demirden edilen towuk, aýnadan, süňkden, bürünçden, reňkli daşdan we beýlekilerden ýasalan önümler tapyldy.
XI asyryň başlarynda Nusaý Türkmen Seljuk döwletiniň düzümine girýär, iri şäher bolýar. Nusaýda doglan, soltan Jelal-ad-Diniň taryhyny ýazan, orta asyrlaryň belli ýazyjysy-taryhçysy naip Muhammet ibn Ahmet an-Nesewi XIII asyryň başynda şol barada şeýle ýazýar: “Nusaýda baýyrlyk ýerde salnan iň ajaýyp galalar bar, olar örän ululygy we köp halky öz içinde ýerleşdirip bilýänligi bilen tapawutlanýar, ilatyň baýdygyna ýa-da garypdygyna garamazdan, ählisiniň jaýlary şol galalaryň içinde ýerleşipdir. Onuň ortasynda hökümdarlar üçin ondan beýik başga bir gala salynypdyr, suw bolsa şol beýik galadan pes gala tarap akyp gelipdir. Nusaýyň daşy duşmanlar tarapyndan gabalan günlerde ony suw bilen üpjün eden şol çeşme gadymy şäher harabalygynda biziň günlerimize çenli dowam edipdir, bu çeşme şol ýerde ekilen gök ekinleri suw bilen üpjün edipdir”.
1220-nji ýylda Nusaý Çingizhanyň ordalary tarapyndan elhenç weýrançylyga sezewar edilýär. Olar ony diňe bir weýran etmek bilen çäklenmän, eýsem şäheriň ilatynyň 70 müňüsini gyrdylar, öýleri, metjitleri we kitaphanalary tozdurdylar. Golýazma kitaplaryň bolmanda bir bölegini halas etjek bolup synanyşan An-Nesewi soňra şeýle diýip ýazýar: “Men Nusaýda galdyran zatlarymdan diňe kitaplara gynanýaryn”. Emma, mongol talaňçylygyndan soňra hem, Nusaý külden täzeden döredi. Nusaý galasyndan tapylan sekiz burçly ýyldyz we atanak görnüşindäki ýaş ýigidiň we gojanyň şekili bolan oňat nagyşlanan syrçaly kerpiçler XIII asyryň ikinji ýarymyna degişlidir. Kaşin küýzeleriniň ajaýyp nusgalary XIV asyra degişlidir. Nusaý XIV-XV asyrlarda Teýmiriň we onuň mirasdüşerleriniň häkimligi astynda bolýar. Şol döwürde ol gür ilatly iri hünärmentçilik-söwda merkezi bolýar. Nusaýyň golaýynda Baba Alymes mazarystanyndan tapylan mazar üstündäki ýadygärlik hem-de köwme nagyş we arap haty bilen örtülen sütün görnüşindäki “Çyraghana” XV asyryň başyna degişlidir. Mazar üstündäki ýadygärlikde ýazylan ýazgydan görnüşi ýaly ol, 1417-nji ýylda aradan çykan al-Jelile degişli bolupdyr. Al-Jeliliň mazarynyň üstündäki ýadygärlik we Çyraghana ajaýyp epigrafik ýadygärlikleriň biridir.