Türkiýe XX asyryň ortalaryndan XXI asyryň başlarynda

Ikinji jahan urşundan soňra Türkiýäniň içeri we daşary syýasatynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. 1946-njy ýylda Türkiýe köp partiýaly ulgama geçdi. Ýagny Atatürküň partiýasy bolan “Respublikan halk partiýasynyň” (Cumhuriýet halk partisi) ýanyna “Demokratik partiýasy” (Demokrat parti) hem goşuldy. 1950-nji ýyldaky saýlawlarda “Demokratik partiýa” halkyň sesleriniň 53%-den gowragyny alyp döwleti dolandyrmaga başlady. Şol ýyl bu partiýanyň gurujylaryndan Jelal Baýar Türkiýäniň 3-nji Prezidentligine saýlandy. Jelal Baýar Türkiýäniň taryhynda harby ulgamyň içinde ýetişmedik ilkinji prezidentdir. Bu döwürde Türkiýäniň taryhynda din-syýasat gatnaşyklary uly mesele boldy. Ilki bilen Ismet Inönüniň döwründe metjitde türkçe okalýan azan, arapça okalmaga başlandy. Mekdeplerde din derslerini okamaklyk mejburi edildi. Şeyle-de radioda dini programmalary ýaýlyma goýbermeklige rugsat berlipdir. Türkiýäniň premýer-minisri Adnan Menderes 7 ýyl içinde 15 müň metjidiň gurlandygyny, 86 metjidiň bolsa oňarylandygyny aýdýardy. Türkiýäniň içeri syýasatynda bu wakalar bolup ýören döwründe daşary syýasatda hem möhüm işler amala aşyrylýardy. Ikinji dünýä söweşinden soňra 1949-njy ýýlda ABŞ, Kanada, Angliýa, Fransiýa, Daniýa, Lüksemburg, Gollandiýa, Portugaliýa, Norwegiýa, Italiýa, Islandiýa we Belgiýa arasynda gol çekilen şertnama bilen NATO guruldy. NATO-nyň gurulyş maksady SSSR-e garşy blok ýaratmakdyr. Staliniň toprak islegine garşy, Türkiýe NATO girmek bilen jogap berdi. Türkiýe 1952-nji ýyldan bäri resmi taýdan NATO-nyň agzasydyr. 1960-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkiýede hökümet agdarylyşygy bolup geçdi. Netijede hökümet adamlary tussag edildiler, Premýer-ministr Adnan Menderes, daşary işler ministri we maliýe ministri dar agajyndan asyldylar. 1961-nji ýylyň iýulynda Türkiýaniň 1924-nji ýyldan bäri ulanyp gelýän Konstitusiýasy ýatyryldy we täzesi yglan edildi. 1961-nji ýylyň oktýabrynda Türkiýäniň pyýada goşunlarynyň generaly Jemal Gürsel Türkiýäniň 4-nji Prezidenti boldy. Onuň döwründe 1962-nji ýylda Türkiýede Konstitusion kazyýet guruldy. Indiden beýläk mejlisiň alyp barýan işleri kazyýetiň gözegçiliginde boljakdy. 1964-nji ýylda Türkiýe telewideniýe we radio edarasy (TRT) guruldy. 1966-njy ýylda Jemal Gürseliň saglyk ýagdaýy agyrlaşdy we Jewdet Sunaý Prezidentlige saýlandy. Onuň döwründe 1970-nji ýylda Stambuldaky Aziýany we Ýewropany birleşdirýän köprüniň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Jewdet Sunaýyň ýedi ýyllyk prezidentlik wagty dolanyndan soňra 1973-nji ýylda Fahri Korutürk Türkiýäniň Prezidentligine saýalandy. 1980-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkiýäniň taryhynda ikinji harby hökümet agdarylyşygy bolup geçdi. Syýasatçylaryň aglabasy tussag edildiler. 1982-nji ýylda Türkiýäniň Baş serkerdesi Kenan Ewren Prezident boldy. 1983-nji ýylda Turgut Ozal Ene Watan (Anawatan) partiýasyny gurdy we bütin türk halkyny gujaklaýyjy syýasat alyp bardy. 1989-njy ýylda Konstitusiýa laýyklykda Kenan Ewreniň Prezidentlik möhleti doldy we şol ýylyň 31-nji oktýabrynda Turgut Ozal Türkiýänin 8-nji Prezidentligine saýlandy. Turgut Ozalyň döwründe Türkýe-ABD gatnaşyklary ýygjamlaşypdyr. 90-njy ýyllarda Yraga garşy söweşde Türkiýe ABD-niň iň ýakyn soýuzdaşlaryndan biri bolan hem bolsa uruşdan soňra iň köp zyýan çeken döwlet Türkiýe bolupdyr. Onuň Prezidentligi döwründe döwletdäki býurokratiki işler azaldylypdyr, ýagny mesele iň gysga wagta çözülmäge başlapdyr, aşakdaky dolandyryjylaryň güýji artdyrylypdyr, awtoulag ýollary köpelipdir. 1990-njy ýyllarda Türkiýede radio we telewideniýe ulgamynda düypli özgerişlikler boldy. Bu döwürde hususy radio we telewideniýeleriň açylmagy netijesinde aragatnaşyk ulgamy kämilleşendir. 1983-1991-nji ýyllar arasynda Türkiýäniň ykdysadyýeti 5,2 % ösüpdir. 1993-nji ýylyň 17-nji aprelinde Prezident Turgut Ozal ýogaldy. Turgut Ozal Atatürkden soňra wezipesiniň başynda wagty ýogalan Türkiýäniň ikinji prezidentidir. Turgut Ozalyň garaşylmadyk ölüminden soňra 1993-nji ýylyň 16-njy maýynda Süleýman Demirel Prezidentlik wezipesine saýlandy. 2000-nji ýylda Demireliň Prezidentlik möhleti dolanlygy sebäpli Ahmet Nejdet Sezer Türkiýäniň 10-njy Prezidenti boldy. 2008-nji ýylda Prezidentlige saýlanan Abdylla Gül häzirki wagtda Türkiýäniň Prezidentidir.