Türkiýe respublikasy 20-30-njy ýyllarda
Türkiýe respublikasy 20-30-njy ýyllarda.
1918-1923-nji ýyllaryň milli azat edijilik göreşiniň netijesinde 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkiýe respublika diýlip jar edildi. Türkiýe respublikasynyň ilkinji prezidenti wezipesine türk halkynyň beýik ogly Mustafa Kemal saýlandy. Ýaş respublika öň Türkiýäniň boýnuna dakylan deň hukuksyz şertnamalary, ýurduň maliýe ulgamynyň üstünden gurnalan halkara gözegçiligini ýatyrdy. Soltanlyk we halyflyk düzgüni ýatyryldy.
Ýurtdaky özgerişler 1924-nji ýylyň 20-nji aprelinde kabul edilen Türkiýäniň Konstitusiýasynda berkidildi. 1928-nji ýylda din döwletden aýryldy we ýurt dünýewi respublika öwrüldi.
20-30-njy ýyllarda magaryf, sud işleri boýunça düýpli özgertmeler geçirildi. Aýallaryň hukuklary ýerkekleriňki bilen deňleşdirildi, köp aýallylyk ýatyryldy. Aýallar pürenje geýmekden azat edildi. Köp wagtlap ara alyp maslahatlaşylyp, zähmet hakynda kanun kabul edildi. Mustafa Kemala “Atatürk” - “türkleriň atasy” diýen hormatly ady dakyldy.
M.K.Atatürküň ýolbaşçylygynda ykdysady howpsuzlygy gazanmak ugrunda uly işler edildi. Ykdysady babatda döwletçillik (etatizm) syýasatyny ýöredip, iri-daşary ýurt senagat kärhanalary, demir ýollary döwlet tarapyndan satyn alyndy. Milli senagaty ösdürmäge üns berildi. Döwlet bilen hususyýetçileriň bilelikdäki kärhanalary guruldy. Daşary ýurt algydarlary bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde Türkiýäniň döwlet bergisiniň 10 esse gowrak azaldylmagy gazanyldy.
Türkiýe daşary syýasatynda Dardanell we Bosfor bogazlary hakynda Lozanna ylalaşygynyň kemsidiji şertlerini ýatyrmak ugrunda göreşdi. 1936-njy ýylda Montrýo maslahaty çagyrylyp, Dardanell we Bosfor meselesine täzeden seredildi. Bu maslahatyň karary boýunça jedelli suw geçelgelerine halkara gözegçiligi ýatyrylyp, ol hukuk Türkiýä berildi. Bu Türkiýäniň uly diplomatik üstünligidi. Bu meselede SSSR Türkiýäni goldapdy. Oňki ýagdaýda beýleki döwletleriň harby gämileriniň Gara deňzi sebitlerine erkin aralaşmagy SSSR-iň howpzyslygynada ters gelýärdi.
1938-nji ýylyň 10-njy noýarbrynda M.K.Atatürk ýogalandan soňra, ýurduň Mejlisi tarapyndan Ismet Inenýu prezident saýlandy. Ikinji jahan urşunyň öňüsyrasynda Türkiýe Beýik Britaniýa we Fransiýa döwletleri bilen-de, Germaniýa bilen hem dostlukly gatnaşyklaryny ýola goýdy. Sowet-türk gatnaşyklary bolsa erbetleşdi. Ikinji jahan urşy başalanandan soňra Türkiýe uruşda bitaraplygyny jar etdi.