Türkmen bagşyçylyk sungaty

Ýitip, ýok bolup barýan sungat. Häzirkiler Bagşy däl, ogry!

Dünýäniñ çar ýanyna ýaýran türkmenleriñ aýdym-saz sungaty umumy türki halklarynyñ aýdym-saz sungatynyñ aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Muña ol halklarda aýdylýan aýdymlaryñ äheñleriniñ bir perdeden gopýan görnüşleri hem köp ýerlerde şaýatlyk etse, köne döwürde ulanylan  ilkinji saz gurallary bolan gupuz, tüýdük, dambura (tamdyra) ýaly saz gurallarynyñ hemme türki halklar üçin aralyk bolmagy-da muny doly tassyklaýar.

Elbetde, belli bir halkyñ goñşyçylykda ýaşan beýleki bir halkyñ aýdym-saz sungatyna öz täsirini ýetirişi ýaly, türki halkyñ aýdym-saz sungaty beýleki bir halka, beýleki bir halkyñ aýdym-saz sungaty bolsa türkmen halkynyñ aýdym-saz sungatyna özüniñ täsirini ýetirendir. Bu meseläniñ barlagy örän uly bolup, biz bu ýerde diñe Eýran türkmenleriniñ saz-sungatynyñ gözbaşy barada gysgaça durup geçmekçi. Çünki aýdym-saz sungaty hem belli bir derejede halkyñ ruhy medeniýetini kesgitleýär. Şol ruhy medeniýetiñ kökleri bolsa asyrlaryñ jümmüşine ornap gidip, olaryñ döreýşi, kemala gelşi, ösüşi taryhy wakalardan gözbaş alýar.

Umuman, türkmen saz-sungatynyñ öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaýybynyñ Buhara emiriniñ huzurynda aýdan “Gelende bardyr” atly şygyrynda şeýle teswirlenỳär:

Saz bilen söhbeti ýaman diýmäñler,
Adam ata dünýä gelende bardyr. 78

Dutaryñ döreỳşi hakda dürli rowaỳatlaryñ biri hem beỳik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyñ belläp geçişi ỳaly aỳdym-saz, adam ata döränden bardyr, diỳen çuññur filosofiỳadan gözbaş alỳan sözüñ esasynda aỳdylỳar. Ol rowaỳat aşakdakydan ybarat bolỳar: “Hudaýtagala adam atany döredende palçykdan hamyrmaýa emele getirip onuñ adam şekilli heýkelini bütin 40 gün saklapdyr. Haçanda öz ruhyndan adamyñ meýdine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu beýik ruhy götere bilmän her sapar ýapyk teniñ içinden daş çykypdyr. Derhal hudaý tagalanyñ emri bilen ruh ynsanyñ toprakdan gurulan tenine jaýlaşar ýaly elleri dutarly üç sany perişde saz çalyp başlaýarlar. Allatagalanyñ ruhy ýürege baryp ýetende ynjalyk tapyp şeýle diýýär: “Eý bir hudaýa! Meni sazyñ güýji bilen teniñ kapasynda jaýladyñ. Şonuñ üçin her sapar sazyñ owazyny diñlesem, özümden gidip, kalbymyñ heýejan-tolkunlaryny duýýaryn”. Türkmenleriñ ynamyna görä, heniz hem adamlar dutaryñ ýürek tolkundyryjy owazyny eşiden badyna göwni uçgunmagy şonuñ üçindir. Sebäbi allanyñ ruhy toprakly tende sazyñ güýji bilen siñipdir”.

Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyñ arasynda “Osaz” ady bilen başlangyç sungaty bolupdyr. Ozanlaryñ öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ỳerine ỳetiripdirler.

S.Demidowyñ barlag etmegine görä, XI-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalan Ahsan şih Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen Söýünhany türkmenleriñ meşhur oguznamaçysy bolupdyr.

Onuñ repertuaryndaky oguznamalaryñ golýazmasyny soñra Hywa hany Abulgazy özüniñ “Türkmenleriñ şejeresi” diỳen işine girizipdir.

XVII asyrda Mañgyşlak türkmenleriñ arasynda Amandöwlet bagşygalmyklaryñ çozuşyny deñze balyk awlamaga giden türkmenleri saz heñi bilen ägä edip. Olary hem özlerini duşmanyñ elinden halas edipdir.

1846-njy ỳylda rus etnografy A.P. Arhipow Maññyşlak türkmenleriniñ Ýusupkazy obasynda üç günläp myhmançylykda bolup, olaryñ aỳdym-sazlaryny höwes bilen diñläpdirler.

Şol bagşylaryñ arasynda meşhur Garry şahyr, Muhammet bagşynyñ ogly Allaguly bagşy, Ajymyrat bagşy, belli Kör bagşy Süleỳman dagylar şol döwürde Günbatar Türkmenistanyñ belli aỳdymçy bagyşylary bolupdyrlar. Emma bu bagşylaryñ ỳaşan döwri belli bolsa-da, döreden saz-mukamlary häzirki döwre çenli bize onçakly mälim däldir. Emma nesilleriñ üsti bilen biziñ günlerimize gelip ỳeten käbir saz-sungaty biziñ baỳ sungatymyzyñ bolandygyna şaỳatlyk edỳär.

XIX asyrda ỳaşap geçen Amangeldi Göni, Gulgeldi ussa, Garadäli Gökleñ, Ýegen Oraz bagşy, Hajygolak, Nobarniýaz bagşy, Oglan bagşy, Hemra şyh, Ýow bagşy, Durdy bagşy, Şükür bagşy, Çowdur bagşy, Wejen bagşy ... we ỳene-de şoña meñzeş tanymalbagşy-sazandalaryñ käbir aỳdym-sazlary dolulygy bilen bize gelip ỳetipdir.

Öz ỳaşan döwürleriniñ her hili kynçylyklaryna döz gelip, halkyñ ody bilen girip, küli bilen çykan bu bagşy-sazandalar gapma-garşylykly ỳowuz wakalaryñ beỳanyny saz arkaly halkyna miras goỳupdyrlar. Bu halypa bagşylaryñ atlary halk arasynda rowaỳata öwrülipdir. Bu rowaỳatlar bolsa, dilden-dile, nesilden-nesile geçip, häzirki döwre çenli gelip ỳetipdir.

Halkymyzyñ uzak taryhynyñ akymyndan gözbaş alan ruhy medeniỳetimizde aỳdymdyr-sazlaryñ uly orna degişlidigine professional derejede döredilen mukamlarymyz doly şaỳatlyk edỳär. Esasan türkmen halkynyñ häzirki döwre çenli gadymdan durgunlaşan dutar (tamdyra), gyjak, tüỳdük (ỳedi bogun, dilli tüỳdük, şadyỳan tüỳdük), gopuz ... ỳaly saz gurallary bolupdyr. Şu saz gurallarynyñ iñ gadymkysy dilli hem-de gargy tüỳdük bilen gopuz bolmaly. Häzirki wagtda soñky dörän klawişli saz-gurallary (akardiỳon, pianino, garmon, organ, sintizator ...) hem-de kirşli saz gurallary (skripka, gitara, sitara ...) toỳ-baỳramçylyklarda bagşyçylyk ỳolunda hem estrada dürli aỳdym formalarynda peỳdalanyp gelinỳär.

Haçanda aỳdym-saz sungaty hakda gürrüñ gozgalanda türkmen halkynyñ ähli saz gurallarynyñ arasyndan ilkinji bolup dutaryñ owazy gulagyñda ỳañlanỳar. Dutaryñ has irki we gadymy gural bolany üçin bu guralyñ döreỳşi hakda belli bir maglumat galmandyr. Emma şu babatda dürli rowaỳatlar üsti bilen käbir çaklamalar bar. Hezreti Alynyñ döwründäki Babagammaryñ ady bilen baglanşykly rowaỳat hem şolaryñ biridir.

Rowaýata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyñ Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iỳm iỳmändir. Bu atyñ seỳsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Şeỳle bir ỳagdaỳda ol örän ökde sazanda bolany üçin, Hezreti Aldyan on gün möhlet alyp, bir dutar ỳasapdyr. Babagammar atyñ öỳüne iỳm döküp, ỳasan dutary bilen atyñ garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül dutaryñ owazyna gulagyny keỳgerdip, öñündäki dökülen iỳme ymsynyp başlapdyr. Şeỳlelik bilen ol at kem-kemden iỳmi ysgap ỳuwaşlyk bilen iỳipdir. Şeỳlelikde at halas bolupdyr. ...

Türkmenler haçanda çaga gyzamyk örende, oña dutardyr tüỳdügiñ owazy bilen şypa beripdirler. (Eỳran türkmenleriniñ arasynda bu köneden galan däp-dessur henize çenli dowam edip gaỳdypdyr). Şu hakykatyñ özi ỳokarky rowaỳaty reallaşdyrmaga ỳardam edỳär.

Türkmen halkynyñ arasynda şeỳle derejä göterilen dutary Abunasry Faraby iki topara bölỳär. Biri “Tanbure-ýe-Bagdad” (Ýagny Bagdat tamdyrasy). “Tanbura” sözi bolsa, türkmen dilinde fonetik özgerişe sezewar bolup, “Tamdyra” görnüşinde aỳdylỳar.

Orta Aziỳanyñ saz-sungatyny öwreniji meşhur alym W.A.Uspenskiỳ Türkmenistanda geçiren öz ekspedisiỳasynda 1927-nji ỳylda Esenguly etraplarynda bolupdyr. Ol ỳerde Eỳran türkmenleriniñ arasynda ady belli bagşylar bilen duşuşypdyr.

“Bu alym Esengulyda ỳerli sazandalaryñ üçüsi bilen duşuşỳar. 56 ỳaşly Mämmetnepes Berdi oglundan birnäçe saz ỳazyp alỳar”.84

Ýazyjy Kasym Nurbadow “Hojaniỳaz aga salam aỳdyñ” diỳen eserinde Mämmetnepes bagşy barada gyzykly maglumatlar berilỳär. Onuñ “Maỳa sepjä”, “Waỳ, Kelläm” diỳen sazlary döreỳiş wakalary bilen baglanşykly hekaỳalarynda Mämmetnepes aganyñ güỳçli sazanda bolany beỳan edilỳär. Hatda, onuñ saz çalyp, köşegini almaỳan maỳa köşegini aldyryş ynandyryjy teswirlenỳär:

“... Aýdymyñ soñuny saza ỳazdyrỳar. Çalyp otyrka, Mämmetnepes, biri-ä geline, birem köşegini alman duran maỳa gözüniñ gyỳtygyny aỳlap-aỳlap göỳberỳär diỳỳär. Bir görse, öñ köşeginden gaçyp ỳören maỳa usullyk bilen köşegine tarap baryberdi diỳỳär. Soñam ysgaşdyryp ugraỳar. Köşegi-de şol wagt sokjap, enesini emip başlaỳar. Mämmetnepes aga-da kakuwy köşegiñ sokjap-sokjap emişine görä sazlaỳar. Sazyñ kakuwyna görä-de, köşek sokjaỳar diỳỳä. Ýagşy garny doỳan köşek enesiniñ aşagyndan çykỳar-da, wagty çaỳe bolup böküp, oturan ỳerinden köşegi kowalap ugraỳar. Şol barmana, ỳañky maỳa-da köşeginiñ böküşine görä böküp başlaỳar. Gözüñ bilen görmeseñ, ynanar ỳaly däl, boldy bir hezillik diỳỳä. Goñşy- golamyñ bary çykdy diỳỳä daşary. Bir görseñ-ä, enesi bilen köşek saza görä bökỳän ỳaly, bir görseñem saz maỳa bilen köşegiñ böküşine öỳkünilip çalynỳan ỳaly, haỳran galaỳmaly diỳỳär bu gudrata. Çagalaram böküşip, gygyryşyp ugrady diỳỳär: “Maỳa sepje!”, “Maỳa, säpje!”. Iller şondan soñ, Mämmetnepes  aganyñ  bu  çalan  sazyna “ Maỳa sepje ” diỳip, at goỳupdyrlar diỳỳär.

Bu eserde Mämmetnepes bagşynyñ meşhur Çowdur körüñ hem ilkinji  halypasydygy ỳatlanỳar.

Şol ekspeditsiỳada W.A. Uspenskiỳ Mämmetnepes bagşydan Eỳran türkmenleriniñ arasynda meşhur bolanaỳdym we mukam sazlarynyñ birnäçesini ỳazga geçiripdir. Olaryñ arasynda “Nowaỳy”,”Ýar garagözli”, “Jenanym”, “Azat eỳlegil”, “Ýandy bagrym”, ỳaly sazlar bar.

“Türkmen saz sungatyny öwreniji A.Ahmedowyñ aỳdyşy ỳaly, türkmen halky geçmişde oturumly halk bolman, esasan çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Netijede olaryñ saz sungaty hem şol şertlere laỳyklykda ösdürilipdir. Munuñ şeỳledigine tüỳdügiñ çopan saz guralydygy-da, türkmen dutaryñ, öỳüñ dört tärmine niỳetlenen “pes sesli” gural bolmagy-da şaỳatlyk edỳär.”

Onuñ bu pikiri professor W.M. Belỳaỳewiñ pikiri bilen utgaşyp gidỳär: “Türkmen sazy bu halkyñ psihologiỳasyny ỳüze çykarỳar. Şol bir wagtyñ özünde-de şol ỳurdyñ tebigatyny şöhlelendirỳär. Biz onda ỳa-ha ỳaỳrap ỳatan giñ sähralaryñ (wokal sazy, tüỳdük sazlary) ỳa-da öỳ içiniñ keỳpi-sapalarynyñ (dutar sazlary) beỳanyny görỳäris – diỳip, W.A. Belỳaỳew ỳazỳar. Uly märekäniñ ỳygnanşan ỳerinde, açyk howada garşylaşyp oturan iki tüỳdükçiniñ sazy adatça, mümkin boldugyça köp adamyñ ünsüni özüne çekmek üçin çalynỳan zowwam seslerden ybarat bolỳar. Dutar hakda aỳdylanda welin, onda şeyle baỳlyklaryñ aỳratyn goỳaldylan hususyỳetlerñ göwrüminiñ türkmen ỳaşaỳan öỳi we ony ähli maşgalasy bilen gar-gaỳdan ygtybarly goraỳan gara öỳüñ göwrümine gowy sazlaşyp gidỳändigi bilen tapawutlanỳar.”

Şeỳle şertlerde taỳpa-tireler bolup, dagynyk ỳaşan türkmen halkynyñ bagşyçylyk sungaty dürli ỳollar bilen ösdürilip gelnipdir. Aragatnaşyk serişdeleriniñ juda ujypsyzlygy sebäpli, biri-birinden aralary has üzñe türkmen tireleriniñ hersine dutar çalmak, saz sungatynyñ umumy özdürilşi dürli usullar, özboluşly aỳratynlyklar arkaly amala aşyrylypdyr. Şonuñ üçin hem dutarçylykda we bagşyçylykda olaryñ hersinde, esasan özlerine mahsus usullardyr aỳratynlyklar ornaşyp gelipdir. Şeỳle bir ỳagdaỳda dürli ỳollar emele gelip, oña “Bagşyçylyk ỳollary” diỳlip at berilỳär. Mysal üçin: “Damana ỳoly”, “Ahalteke ỳoly”, “Salyr-salyk(saryk) ỳoly”, “Çowdur ỳoly”, “Ýomut-Gökleñ yoly”, “Etrek-Gürgen ỳoly” ỳaly ỳollar halk arasynda ỳörgünli bolupdyr.

Eỳran türkmenleriniñ bagşyçylyk ỳoly öz ỳerli taỳpa-tire şertleri boỳunça, “Ýomut-Gökleñ ỳoly” , “Etrek-Gürgen ỳoly” we ş.m. ỳaly bilen kesgitlenipdir.

Türkmen sazyny öwreniji görnükli alym W.A. Uspenskiỳ Esengulyda bolanda ýomyt-gökleñ sungaty barada şeỳle belläpdir: “Ýomutlaryñ aýdym pýesalarynyñ labzy juda ỳiti, köplenç halatda olar kuwwarta bilen kiwintanyñ çäginde oýnaýarlar”.

XI-XVII asyrlarda günbatarda, ýagny Mañgyşlak we Üstýurtda ýurtda aşaỳan türkmenler ol ýerdäki ỳerli ỳaşaỳyş şertleriniñ üỳtmegi zerarly, ỳerli- taỳpa-tireleriñ köp bölegi, ondan öñki asyrdaky ata-babalarynyñ giden yzlaryny yzarlap, käbirleri günorta-gündogara tarap we käbirleri bolsa Kaspi deñziniñ gündogar kenarlaryny syryp Günorta Türkmenistana (Gürgen Etrek) tarap süỳşỳärler. Häzirki bagşyçylyk ỳolunyñ dürli ỳol boỳunça tapawutlansyrylştna garamazdan, şol asyrda türkmen bagşyçylyk sungaty biri-birine örän ỳakyn bolupdyr. Munuñ esasy sebäbi şol döwürde türkmen taỳpa-tireleriniñ biri-biri bilen ỳakyn gatnaşykda agzybir bolup ỳaşandyklaryndan gözlenilmelidir.

Türkmenler käbir ỳagdaỳlarda daşky duşmanlaryñ garşysyna agzybir bolupdyrlar. Bu agzybir bolup bileleşmeler bolsa, öz gezeginde, saz-sungatynyñ ösüş derejesine hem degerli täsir edipdir.

“XVII asyryñ ahyrlarynda Balkan sebitlerinde dörän Teke-Ýomut birleşigi demirgazykdan oñat ỳaraglanan we Russiỳanyñ raỳatlary hasaplanỳan Galmyklaryñ çozuşlaryny yzyna serpikdirmekde türkmenleriñ agzyny birleşdirmäge ỳardam edipdir”.

Ýene-de şol taryhy maglumatlaryñ habar bermegine görä, “XVII asyrda Günbatar Türkmenistanda suw ỳetlezçiligi sebäpli (Uzboýyñ suwy kesilip, Sarygamyş suwunyñ şor bolmagy), köp ilaty eklemäge resurslary bolmandyr, oña görä-de şol asyryñ ahyrlarynda Ýomutlaryñ – Tekeleriñ iri bölegi Günorta Türkmeistana süỳşüp başlapdyrlar”.

Öñde belläp geçişimiz ỳaly, şol asyrda Amandöwlet bagşy şeỳle bir agzybir taỳpa-tireleriñ görnükli başgasy bolupdyr. Ýatlanan hadysada ỳerine ỳetiren sazy hem “Gyryldy” ady bilen henize çenli bagşy-sazandalaryñ arasynda ỳörgünlidir.

Şeỳle ỳagdaỳlarda, ỳagny ỳer-ỳurdy taşlap, aỳry ỳerlere göçmek we dagynyk ỳaşamak prosesiniñ kynçylygy, galmyklar, Hywa Buhara emirleri we Eỳran şalygy ỳaly daşky duşmanlar tarapyndan edilen çozuşlar we çaknyşyklar günbatar türkmenleriniñ saz sungatynyñ pese düşmegine sebäp bolupdyr. Soña baka bu etrabyñ türkmenleri oturymlaşyp başlanda, Hywa we Daşoguz ýomutlary bilen aragatnaşyklary üzülmändir. Hatda käbir äbir agdaỳlarda Daşhowuz ỳomutlary bilen Gürgen-Etrek ỳomutlarynyñ bagşyçylyk ỳoly ỳakyn meñzeşlikde bolupdyr. “Gürgende maly bolanyñ, Hywada garny dok” diỳlen hem nakyl irki döwürlerden bäri Gürgen türkmenleriniñ Daşhowuz sebitleri bilen gatnaşykda bolandygyny añladỳar.

W.A. Uspenskiỳ bilen W.M. Belỳaỳewiñ “Türkmen sazy” atly ylmy işinde esengulyly bagşy Mämmetnepes Berdi oglunyñ hywaly Niỳazguly Biçemekär bagşydan, şagadamly bagşy Kowus Satyl oglunyñ Niỳazguly bagşynyñ şägirdi Aman bagşydan pata alandygy hakda aỳdylşydan pata alandygy hakda aỳdylỳar.92[5]

Bu tassyklamalar bolsa, Gürgen-Etrek etraplarynyñ bagşyçylyk ỳolunyñ Daşhowuz ỳomutlarynyñ bagşyçylyk ỳoly bilen gatnaşykda bolandygyny bize mälim edỳär.

XIX asyryñ 2-nji ýarymynda, XX asyryñ 1-nji ỳarymynda Kümüşdepe – Hijanepes etrabynda ỳaşan belli Wajan bagşy, Durdy bagşy dagy Esengulyly Mämmetnepes Berdi oglunyñ şägirdi bolup, olaryñ üsti bilen Ýomut-Gökleñ bagşyçylyk ỳoly Eỳran türkmenleriniñ arasyna giñden ỳaỳradylypdyr.

Şeỳlelik bilen, 1917-1945-nji ỳyllarda, geçen asyryñ 1880-1888-nji ỳyllaryñdaky “Ahal şertnamasyna” esaslanylyp, Türkmensähra (Günorta Türkmenistan) bilen Günbatar Türkmenistanyñ arasyna serhet çekilip, Türkmenistanyñ esasy bir bölegi Eỳran patyşalygyna tabyn edilip goỳulỳar. Şol döwürden bäri Türkmensähradaky bagşylar bagşyçylykda öz ata-baba däbini ỳowuz aỳralyga garamazdan, saklap gelỳärler.

Aşgabat döwlet konserwotoriỳasynyñ dosenti H. Amangeldiỳew Eỳranyñ Hojanepes obasyna baryp görenden soñ, şol şol ỳerde ỳaşaỳan ähli türkmen taỳpa-tireleriniñ aỳdym-saza goỳan uly sarpasynyñ bardygyny belläp, ol ỳerdäki ỳaşaỳan türkmen taỳpalaryñ aỳdym-saza ykyplylygyny, saz eşidişleriniñ, ritm duỳgularynyñ, saz ỳatkeşlikleriniñ ỳokary derejededigini guwanç bilen gürrüñ berỳär.

Ýöne gynansak-da, aragatnaşyklar kesilenden soñ, güỳçli halypalar bolmany üçin, hem-de bu sungaty Eỳran patyşalygynyñ pars şowinistik ideỳaly sistemasynyñ ỳoỳmagy sebäpli, türkmen aỳdym-saz sungaty pese düşürildi. Şeỳle-de bolsa, soñky döwürlerde bu ỳol Garaşsyz Türkmenistanyñ radiỳosy we telewideniỳesi arkaly häli-şindi efire göỳberilip durlandygy we ony Eỳranda ỳaşaỳan türkmenleriñ-de diñlemäge mümkinçilik tapandyklary sebäpli, bu ỳol belli bir ösüşleri başdan geçirỳär. Efir üşti bilen Ýomut-Gökleñ ỳolunyñ häzirki zaman meşhur bagşysy Nurberdi Gulowyñ Eỳran türkmenleriniñ arasynda-da şägirtleri döredi. Gazak Pañ (Omçaly obasyndan), Hoja Şargy. Atjy Bähri, Amangeldi şargy (Kümüşdepeden), Annamuhammet Kötük (Sallah obasyndan), Näzberdi bagşy, Abdy bagşy, Şirmämmet bagşy (Bendertürkmen şäherinden), Ýahỳa Muhammetzade, Kaka Wejany, Mantak Dinaỳy (Kümüşdepe şäherinden), Gapur Kör, Täçmuhammet Şih, Hajymuhammet Kör (Hojanepes şäherinden ol häzir aşgabat şäherinde ỳaşaỳar), Hoja bagşy (Hoja Kel Garaagaçly obasyndan), Arazmuhammet Bahoşi, Aşyrgeldi Gerkezi (Kelala şäherinden), Baỳly Teke, Nazarly Mahjuby, Gylyç Anbary, Mennat Ahangary, Dini Berkeli (Kümmetkowus şäherinden), Durdy Törrük, Bähmen Delije (Akgala şäherinden), Hämze bagşy, Goja bagşy, Toỳguly Nyỳasy, Hudaỳguly Kaşany, Şahym bagşy, Annagylyç Huşỳary, Araz Kelte (Gyjakçy), Rahmangylyç Ýomudy (Gyjakçy), Baỳjy Ýomudy (gyjakçy), Goşly Bezirgen (M.Režim – bu dutarçy sazanda han Akyỳowyñ şägirdi bolup pata alan sazandalaryñ biri), Mejit Teke, Rowaşy, Annaberdi Weždany, Maşat Gylyçtagany (gyjakçy), Abdyl Ýomudy, Hekim Kör, Gurbangeldi Kör (Geldijan) ... ỳene-de şular şular ỳaly bagşy-sazandalar azda-kände häzirki döwürde türkmen halkynyñ aỳdym-sazyna hyzmat edip gelỳärler.

1958-1960-njy ỳtllardan başlap, tä 1978-1979-njy ỳyllara çenli pars feodallarynyñ arasyndan dörän Rza şanyñ ogly Muhammetrza Pählewi amerikan imperialistleriniñ goldamagy bilen Eỳranda uly güỳje eỳe boldy. Şol döwrüñ aralygynda Eỳran halklarynyñ ählisiniñ arasynda diỳen ỳaly medeni-syỳasy we jemgyỳasy we jemgyetçilik taỳdan durgunlyk ỳyllary emele geldi. Ol döwür halkyñ ruhy medeniỳetiniñ ösüş basgançaklaryndan pese düşen ỳyllary hasaplanỳar. Eỳran oppozisiỳon güỳçleri tarapyndan ol döwür “Amerikanyñ agalyk süren durgunlyk döwri” diỳlip atlandyryldy. Sebäbi Muhammetrza Pählewiniñ şowinistik ideỳasy boỳunça diñe pars jemgyỳetçiligi ündelip ösdürilỳärdi8. Emma olardan gaỳry milletleri assimilleşdirmeklik göz öñünde tutulyp, bu ugurda dürli çäreler amala aşyrylỳardy. Türkmen halkynyñ ata-baba gelỳän saz-sungaty, dili we edebiỳaty gysylyp, beter halkyñ gözünden düşäỳmezlik üçin hem, onuñ öçügsi görnüşi Gürgen radoỳostansiỳostansiasynyñ üati bilen hälki bir ỳatan çykan köne falklỳor hökmünde efire göỳberildi.

Şu hili jemgyỳetçilik şertleriniñ esasynda, türkmen halk aỳdym-sazlary öz taryhy ähmiỳetinden düşürilip, toỳ-tomaşalarda onuñ deregine, Elbrus daglyklarynyñ gür jeññeli eteklerinde ỳaşaỳan az sanly milleti näbelli bolan syganlara çalyşdym “gowdarlar” diỳlen toparlar türkmenleriñ toỳuna gelip, şadyşadyan (tüỳdük) bilen nagara (laññara) çalçalardylar. Olaryñ arasynda bir erkek kişi aỳal egin-eşiginde türkmen ỳaş ỳetginjekleriniñ arasynda tans aỳnap, baỳrak alarasynda tans aỳnap, baỳrak alardy. Olar il syryp, haỳsy öỳüñgapysynda toỳ-tomaşa gidip duran bolsa, şol ỳere baryp şagalañ turuzỳardylar. Olar ähli toỳlarda aşakdaky ỳlarda aşakdaky aly iki setir goşgyny “türkmençe” gaỳtalaỳardylar:

Ejewjan, Ejewjan hatda gideỳli,
Hatdanyñ üstünde gürrüñ edeỳli ...

Emma beỳle görnüşdäki şagalañlary türkmen halkynyñ sungat medeniürkmen halkynyñ sungat medeniỳetine hiç hili dahylynyñ ỳok sebäpli, halk olara örän ähmiỳetsiz garaỳardylar. “Gowdarlaryñ” çalỳan sazlarynda türkmen medeniỳetiniñ hiç hili nyşany ỳokdy. Diñe “Şadyỳan” diỳilỳän gural, käbir maglumatlara görä, taryhyñ käbir etaplarynda türkmenler arasynda ulanylypdyr. K. Nurbadowyñ berỳän maglumatyna görä, şadyşadyan tä ikinji jahan urşuna çenli Etrek-Gürgen sebitlerinde at çapyşyklary çalnypdyr. 93   [6] Gürgen radiỳostansiasynyñ türkmen aỳdym-saz sungatyny assimilleşdirmek barasynda türkmenleriñ arasynda alyp barỳan sysyasaty hakda taryh ylymlarynyñ kandidaty Serdar Ataỳew “Eỳran Gürgen radoỳostansiasy we onuñ ideologiỳasy” atly işinde giñişleỳin maglumat berỳär.

1968-1970-nji ỳyllardan soñ, häzirki dowam edỳän durgunlyk döwrüne garamazdan, toỳ-tomaşalarda täze çykan saz gurallaryny peỳdalanmak mümkinçiligi ỳüze çykyp ugrady. Ilki türk-azerbaỳjan sazlary ỳerine ỳetirilip, soñra onuñ ỳeri täze dörän türkmen aỳdym we oỳun sazlary çalşylyp ugraldy. Şu   mesele babatda Aşgabat we Bakuw radoỳostansiỳalarynyñ efire göỳberỳän aỳdym-saz programmalary halka oñaỳly ỳardam edỳärdi.

Şol döwürde Türkmensährada ỳaşaỳan türk sazandarlaryndan:

M. Seỳdi Haşym, Ybrahym Alyzade, Jemşit (Hemmesi Kümmetkowusdan), türkmen sazandalaryndan: Ý. Dibaỳ, A. Dibaỳ, T. Nedimi (Kümmetkowusdan), Tawana, A.Jemaly, T. Berdiỳar, H. Ownuk, I. Kör Bendertürkmen şäherinden, belli garmonçy hem aỳdymçy H. Geldihany Kümüşdepe şäherinden, Annakaka Ownuk Hojanepes obasyndan dagylary ỳatlamak bolar.

Klawişli saz gurallaryny ulanmak arkaly ỳaş sazandalar estrada görnüşdäki ansambllary döredỳärler. Şol döwürde Gürgen radoỳostansiỳasynda çykyş eden belli estrada aỳdymçylarynyñ hatarynda Ýakup Kör, Nuraly Japary Hojanepesden, Hydyr Geldihany, A. Huzeỳni, G. Küçeki Kümüşdepeden, Ata Kör, gyzlar topary Bendertürkmenden, Gurbandurdy Medeni, Jelal Sowgy Akgaladan, Annabedi Wejany, Şirmuhammedi, F. Gylyçtagany, H. Berkelinežady Kümmetkowusdan we başgalaryñ atlaryny agzamak mümkin.

Emma 1981-nji ỳylda Eỳran türkmenleriniñ gazanan awtonomiỳa erkinligi ỳygnalandan soñ, ähli ỳaş ösüp barỳan türkmen estrada ansambllarynyñ wekilleri kem-kemden zor bilen ỳygnalyp, aỳdym-saz medeniỳetiniñ bu ugrunyñ güỳçden düşürilmegine sebäp boldy.

Şu aỳdylanlar bilen baglanşykly, Eỳran türkmen halkynyñ Medeni-syỳasy guramasynyñ “Il güỳji” atly Medeni-syỳasy žurnalynyñ sahypalarynda şeỳle belliklere duş gelỳäris:

“1972-nji ỳylyñ tomsunda Kümmet-Kowus şäheriniñ ỳaşajyk ösdürimleriniñ tomaşa zalynda türkmen progressiw ỳaşlary tarapyndan birnäçe belli-belli bagşylar sazandalar ỳygnalyp, üç günlik konsert programmasy geçirilỳär. Türkmen halkynyñ aỳdym-saz muştaklary ähli künjeklerden oña tomaşa etmäge ỳygnanşỳarlar. Bu dabaraly konsert programmalary Eỳran şasynyñ howpsuzlyk guramasy tarapyndan ỳatyrylỳar”.95 [8]

Şular ỳaly ỳagdaỳ ondan soñky döwürler üçin hem mahsusdyr.

1981-nji ỳyldan soñ bolan wakalaryñ esasynda türkmenler arasynda aỳdym-saz meselesi käbir babatlarda Yslam Respublikasynyñ dindar toparlary tarapyndan gadagan edildi. Şonuñ bilen baglanşykly ỳene-de S. Ataỳew beỳan edỳär:

“... Türkmenlerde entek çylşyrymly ỳagdaỳlarda saklanyp galỳar. Hususan-da haỳsydyr bir baỳramçylyk geçirilende, türkmenler öñünden yslam rewolỳusiỳasynyñ sakçylarynyñ garşysyna taỳarlyk görüp başlaỳarlar. Şeỳle bir wakada boldy. Türkmenleriñ Akgala şäherinde toỳ tutulyp, bagşy çagyryldy. Olar şol tuỳuñ dabara-şagalañyny eşidilmez ỳaly bir ỳol tapmaly bolỳarlar.Ýagny 2-3 kilometrlikde traktorlary goỳup, ş olaryñ motorlarynyñ sesiniñ kömegi bilen toỳ geçiripdirler.”.96 [9]      

Eỳranda şaỳilaryñ şerigaty bilen tapawutlylykda türkmenleriñ sünni şerigatynda bagşyçylyk meselesinde açyk şertiñ bolany sebäpli, soñky döwürlerde (1979-njy ỳyldan soñ) halk bagşyçylygy, ỳagny dutar-gyjak bilen aỳdym-saz etmek öz hakyky we tebigy ösüşine eỳe bolup ugrady. Muña ilkinji taryhy sebäp Muhammetrza şanyñ tagtynyñ ỳykylmagy bolan bolsa, beỳleki sebäp Sowet Türkmenistanyñ radiỳo we telewideniỳesi arkaly efire göỳberilỳän türkmen halk aỳdym-sazlaryñ programmalary boldy. Emma şonda-da häzirki döwürde türkmen aỳdym-sazynyñ ösüşiniñ öñüne geçilỳän (bökdelỳän) pursatlary az bolmaỳar.

“1991-nji ỳylyñ maỳ aỳynyñ birinji güni Bendertürkmen şäherinde Yslam Respublikasynyñ pasdarlary (sakçylary) bir türkmen ỳaşulysyny gökdeklik bilen atỳarlar. Şeỳdip olar geçip duran toỳ-tomaşany gana bulaỳarlar. Pasdarlaryñ biri toỳda ediljek bolunỳan saz-söhbetiniñ öñüni almak üçin ol ỳere baranda, ỳaşuly Ylỳas aga Nazgylyjy ondan diñe bir sagat aỳdym-saz etmäge rugsat sorany üçin, ol ony awtomat okuna tutỳar. Ýaşulynyñ gursagyny parran ỳaryp çykan awtomat oky ỳene iki adamy ỳaralaỳar. Şeỳlelik bilen döwletiñ goragçylary türkmeniñ toỳ-şagalañyny toỳ-şagalañyny ỳasa öwürỳärler”

Şeỳlelikde Beỳik Magrymgulynyñ:

Ile döwlet geler bolsa.

  Bagşy bilen ozan geler,

    Ilden döwlet gider bolsa,

    Molla bilen tozan geler –

Diỳip, bilelik bilen aỳdan sözleriniñ hakykatlygy şu günki Eỳran Türkmenleriniñ durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçỳän pajygaly ỳagdaỳlar hem doly subut edỳär.

Eỳran türkmenleriniñ saz-sungaty barada iñ soñky elimize gelip gowuşan maglumat, Eỳran türkmenleriniñ meşhur bagyşysy Nazarly Mähjubiniñ nahoşlap aradan çykmagy barada berilipdir. Gülistan welaỳatynyñ belli neşirỳatynyñ biri “Gülistan-Eỳran” atly aỳda bir gezek çykỳan gazỳetiniñ 2000-nji ỳyl awgust aỳy ,40-njy nomerindäki 7-nji sahypada Kümuşdepe şäheriniñ häkimi Musa Jürjäni bilen “Türkmen bagşylary goldawa mätäçdir.” Diỳilen söhbetdeşlikde şeỳle maglumatlara gabat gelỳäris: “Türkmenleriñ iñ meşhur bagşylarynyñ biri halypa Nazarly Mähjubydyr.”(Bu barada 1989-njy ỳylyñ tomusynda Aşgabat radiostansiỳasynda hut özüm hem ỳörite gepleşik geçiripdim.(awtor). “Çaỳgowşan” atly obada (Kümmetkowus şäheriniñ 15 metr demirgazyk-gündogarynda ỳerleşỳär.) ỳaşaỳar. Türkmen klassik sazynyñ halypasy Nazarly Mehjuby gadymy köne dutary bilen durmuşa agyr geçirilenhasratly azaplardan söhbet açyp, geçmişleri ỳatlaỳar. Ol häzir ömrüniñ iñ soñky günlerini öz obasynda nahoşlyk düşekçesiniñ üstünde geçirỳär. Onuñ tynha ỳoldaşy şol dutardyr. Ol nahoşlyk döwründe ỳeke özi derdu hasrat bilen hemra bolup galypdyr. Hiçkim hem ony soramaga barmaỳar. Nazarly hasratly gözleri bilen gadymy we köne dutaryna göz gytagy bilen seredip, eline alyp, ony söỳgi bilen öpüp oña şeỳle diỳỳär: “ Durmuşymyñ şat günlerini ỳadyma salỳan ỳeke-täk gural sensiñ !”- diỳip, ỳuwaşlyk bilen ekelik sazyny çalyp, boguk owazy bilen tynhalyk aỳdymyny pyşyrdaỳar.

Dogurdanam bu garry halypa ỳeke galypdyr. Geliñ, onuñ durmuşynyñ soñky günlerinde, öz minnetdarlygymyzy bildireliñ.

Esasy biziñ bagşy-sazandarlygymyz diñe dutar bilen gün-güzeranlaryny aỳlamany, eỳsem maldarçylyk, daỳhançylyk we beỳleki işler bilen hem meşgullanypdyrlar.

Musa Jürjäni bu ỳerde beỳleki bagşy-sazandalar hakda hem şeỳle ỳatlap geçỳär: “Akgalanyñ bir kilometr günbataryndaky Akgabyr obasynda ỳaşaỳan halypa Durdy Törrük, soñ Kümüşdepeli merhum halypa bagşy Hoja Şargy, Bendertürkmen şäheriniñ bir kilometr günortasyndaky Ýomutly obada ỳaşaỳan gyjakçy Rahmangylyç Ýomudy, Bendertürkmen şäheriniñ 7 kilometr gündogaryndaky Garagaşly obasynda ỳaşap geçen we on ỳaşynda dutar alyp kyrk ỳaşa çenli aỳdym aỳdyp bagşyçylyk eden Hoja bagşy (Hojakel bagşy), hem-de Kümmetkowus şäherinde-de belli halypa bagşylar döräpdir. Häzir ol ỳerde iki topar bagşylar bar. Biri Azady adyndaky we beỳekisi bolsa Magtymguly adyndaky bagşylar topary bolup durỳar. Bu toparlarda Türkmensährada meşhur bolan bagşy we sazandalar iş alyp barỳarlar. Şolaryñ arasynda 25 ỳyl bagşyçylyk edỳän Gylyç Anweri, Kelala şäheriniñ gündogarynda ỳaşaỳan “Arazmuhammet Bahoşi, ỳene-de halypa Nazarly Mähjubynyñ oñat şägirtleriniñ biri halypanyñ obasynyñ ỳanyndaky Gerkez obasynda ỳaşaỳan Aşyrgeldi Gerkezi we onuñ gyjakçy dogany Hojageldi Gerkezi, hem-de halypa Nazarlynyñ ỳaş şägirdinden Mansur Suhuby (sazanda) Durdy Törrük, Halat Sagadat, Aşyrmämmet Gerkezi hem-de Abdylmennan Ahengeri  dagylar bu halypanyñ şägirdi diỳip ỳatlasa bolar.

Bu gepleşikde beỳleki halypa bagşylar hem-de ỳatlanyp geçilỳärler. Şolar arasynda atly halypalaryñ biri ỳañy-ỳakynda merhum bolan Dini Gerkezi hem-de ỳeri gelende ỳatlamaga mynasyp halypalaryñ biri 1980-nji ỳylda merhum bolan Gargy-Omçaly şäherinden halypa Gazak Pang dutar çalmakda ỳeke-täk bagşylaryñ biridir. Ol esasan ỳomut-gökleñ bagşyçylyk ỳolunyñ wekilidi. Onuñ ady diñe Eỳranda däl-de, eỳsem Türkmenistanda-da meşhur bolupdy. Şeỳle hem Nazarly Mähjuby bilen Durdy Törrügiñ aỳdymlary birnäçe gezek hem programma boỳunça Türkmenistan efire göỳberildi”. 98; [11]

Şeỳle bu gepleşikde Kümüşdepäniñ häkimi döwletiñ şu mesele baradaky jogapkär işgärlerinden bagşy sazandalaryhemaỳat edilmegini talap edỳär. Olara aỳlyk tölenip, goldaw çärelerini ỳerine ỳetirmekligi haỳyş edỳär.

Şeỳle hem Türkmensähradaky görnükli ỳazyjy, şahyrlar we sazandalar bagşylaryñ wepat bolmazdan öñ we soñ sylag hormatlanylmagy barada aỳdylỳar.

“Halypa Nazarly Mähjubynyñ wepat bolandygy “Sähra” gazỳeti hem 2000-nji ỳylyñ awgust-sentỳabr aỳyndaky 23-nji sanynda 2we 7-nji sanypalarynda habar berỳär”.

Onda Gülistan welaỳatynyñ “Färhäng-ä erşad-e islami (Yslam Medeniỳetiniñ ỳolsalgy ösüşi)” edarasynyñ esasy müdiri Glyçlynyñ çykyşy bilen bellenilỳär.

Şol san gazỳetde bagşynyñ terjimehaly barada gysgaça maglumat hem berlipdir. Bu halypa bagşy 1929-njy ỳylda Garaşsyz Türkmenistanyñ Gyzyl-Etrek etraby bilen serhetdeş Daşlyburun etrabynyñ Garamahr obasynda dünỳä inỳär. Onuñ atasy “Ürküt” ady bilen tanalypdyr. Ürküt aga demirçi ussa bolupdyr. Ol bagşyçylyga örän gyzyklanypdyr. Nazarlynyñ birinji halypasy hem şol öz atasy bolupdyr.

Nazarly halypa 11aşyndan dutary eline alyp başlaỳar. Onuñ bu käre meşgullanmagynyñ esasy sebäbi şol bir wagtdaky  goñşysy “Aşyrbagşy” tarapyndan onda bagşyçylyga bolan has gyzyklanma döräpdir. Aşyr bagşy öz döwründe belli bagşy bolup Nazarly bagşy öỳünde elmydama dutar çalyp aỳdym aỳtmagy öwredipdir. Yagny Nazarlynyñ birinji resmi halypasy hem şol bagşy hasaplanỳar. Nazarly bagşy ỳene-de “Çalman bagşy”, “Welimkör bagşy” we “Subhan sazanda” ỳaly halypalaryñ hem şahyry bolandygyny ỳatlap geçỳär. Merhum Nazarly birnäçe wagt Kümmet şäherinde ỳaşaỳar. Emma durmuş güzeranynyñ agyrlygy sebäpli Çaỳgowşan diỳlen oba göçüp obanyñ bir ter-çemenlik meỳdanlarynyñ birinde mekan tutỳar.

Bu halypa Gürgen radoỳosynyñ açylmazyndan öñ hem harby merkeziniñ türkmen bölüminde bagşyçylyk edipdir. Gürgen radiỳosynyñ türkmen bölüminiñ düỳbüni tutup efire göỳberilmeginde bu bagyşa degişlidir.