Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty

Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty 1992-ýyl da döredildi. Türkmen döwlet ulаg wе аrаgаtnаşyк instituty — Тürkmenistan yň ähli ulaglar we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary bilimli hünarmentleri taýýarlanýan merkezidir. Talyplara hünar bermage 12 kafedra gatnaşyar. Institutyň 4 fakultetinde 1350-ä golaý talyp okaýar. Institutyň kafedralarynda 140-dan gowrak mugallymlar zähmet çekýärler, olaryň 8-si ylymlaryň doktory we professorlar, 28-si ylymlaryň kandidaty we dosentler. Talyplar bilen sapak geçirmeklige ministrlikleriň, müdirlikleriň we ylmy-barlag institutlarynyň alymlary we hünarmenleri hem gatnaşýarlar. 1997-nji ýyldan bäri institutyň demir ýol, aragatnaşyk, ulag gurluşygy we ykdysadýet fakultetinde Türkmenistanyň demir ỳol ministrliginde işlemek üçin orta bilimli hünärmenleri hem taýýarlanylýar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
GörnüşDöwlet instituty
Dinbitarap
FinansDöwlet kömegi
RektorNurnepes Kuliýew
prorektorAnnamuhammet Bagşyýew [1]
kafedra müdiriJumagylyç Mämmedow [2]
Gurlan ýyly1992
Okuwçy sany1350
Mugallym sany140
fakultet sany4
kafedra12
ArabaglanyşykTürkmenistanyň demir ýol ministrligi [3]
salgyAşgabat şäheri, Oguz-han 13 ,744000

Institutyň okuw we material-tehniki bazasy yyl-yyldan berkeýär. Sapaklar täze enjamlar we abzallar bilen üpjin edilen laboratoriýalarda we kabinetlerde geşirilýär. Ylmy ugurlar

Institutyň alymlary tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ulag we aragatnaşyk sistemasynda tehniki progresi çaltlandyrmaga, dürli konstruksiýalaryň, desgalaryň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyrmaga, gün energiýasyny ulanmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde hojalyk strukturalaryň has peýdaly mehanizmlerini işläp düzmeklige, tebigy sredanyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirlendir. Barlaglaryň belli bir bölegi ýokary okuw jaýlarynda okuwyň guralyşyny we planlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek meseleleri, ýaşlary Watany söymek ruhunda terbiýelemek bilen baglanşyklydyr.

Ugurlar we hünärler düzet

Nr. Ugur Hünär
1 Awtomobil ulagynyň ulanylyşy awtomobiller we awtomobil hojalygy
2 Howa ulagynyň ulanylyşy howa hereketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak
3 Demir ýol ulagynyň hereket edýän düzüminiň ulanylyşy we abatlanyşy lokomotiwler; wagonlar; ulagda gatnawy guramak we hereketi dolandyrmak; demir ýol ulagynda awtomatika, telemehanika we aragatnaşy
4 Suw ulagynyň ulanylyşy gämi sürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy
5 Gämi gurluşygy we umman tehnikasy gämi gurluşygy
6 Aragatnaşyk we teleradiokommunikasiýa ulgamlary awtomatiki elektrik aragatnaşygy; köpkanally elektrik aragatnaşygy; radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy (poçta aragatnaşygy); infokommunikasiýa tehnologiýalary; telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat howpsuzlygy
7 Gurluşyk köprüler we ulag nagymlary; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; awtomobil ýollarynyň we uçuş meýdançalarynyň gurluşygy
8 Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ulag we aragatnaşyk kärhanalarynda ykdysadyýet we dolandyryş
9 Menejment logistika
9 Kompýuter tehnologiýasy awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş; hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi

Çeşmeler düzet