Türkmen halkymyzyñ Beýik Filosofy hem Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyñ Şygyryet güni mynasybetli: Kitap hem Kitaphana.

Türkmen halkymyzyñ Beýik Filosofy hem Akyldar Şahyry Magtymguly Pyragynyñ Şygyryet güni mynasybetli: Kitap hem Kitaphana. düzet

XVIII – XIX asyrlarda parlak ýyldyzlary bolup dünyä inen nusgawy edebiýatymyzyñ wekilleri: Dӧwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Şeýdaýy, Gurbandurdy Zelili, Şabende, Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Seýitnazar Seýdi, Annagylyҫ Mätäji we başgalar. Atlary altyn harplar bilen taryha ýazylan şahslarymyzyñ biri-de, Magtymguly atamyzdyr. Umumyadamzat medeniýetimiziñ rӧwşen ҫyraglarynyñ biri, beýik şahyr, akyldar alym, belent mertebeli Magtymgyly atamyzyñ, 2014-nji ýylda 290-ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geҫildi. Bu uly senäni, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ ýolbaşҫylygynda, diñebir Türkmenistanda däl, eýsem türkmenleriñ ýaşaýan ýurtlarynda, akyldar şahyrymyza hormat goýýan ähli dӧwletlerde dabaraly bellenilip geҫildi. Dӧwletmämmet atamyz dӧwrüniñ ýokary bilimli, abraýly şahslaryndan bolup, ol türki, arap, pars dillerini suwara bilipdir we sol dillerdäki golýazmalary ürҫ edip okap ӧwrenipdir. Olaryñ maşgalasynda uly bolmadyk kitaphana bolupdyr. Kitaphananyñ hazynasy Türkmen, türki, pars, arap dillerindäki dürli mazmunly kitaplardan düzülipdir. Magtymgyly atamyzyñ kitaplar hem kitaphanalara bolan hӧwesi entäk 3-4 ýaşlaryndaka başlapdyr. Onuñ ata-enesinden soñ gӧzüni aҫyp gӧreni kitap bolupdyr. Onuñ kitaba, bilime, sowada bolan hӧwesiniñ ir oýanmagynda kakasy Dӧwletmämmet ahunyñ, güniñ dowamynda birnäҫe sagatlap kitap okap, dӧredijilik, hat-ýazuw işleri bilen meşgullanmagy ӧz täsirini ýetiripdir. Magtymguly atamyzyñ zehinliliginiñ aýratynlygy onuñ ҫagalykdan dürli dilleri ӧwrenmeklige bolan ukybydyr. Onuñ ilkinji mekdep mugallymy barada, gӧrnükli edebiýatҫy-alymymyz Mäti Kӧsäýew: “Niýazsalyh diýen adam Magtymgulynyñ ilkinji mugallymy bolyar. Onuñ ajaýyp zehinliligi, kitaplary ҫakdanaşa kӧp okaýanlygy Azadyny hem mollasyny bir tarapdan guwandyrsa, ikinji tarapdan howatyrlandyrýardy” diýip belleýär. Magtymguly atamyz “Düşen günlerim “- atly goşgusynda: “Onbirimde tutdym dӧwlet galamy, okyp-okyp magny saҫan günlerim”- diýip onuñ eýýäm enҫeme kitaplary okandygyny, galybersede 10-12 ýaşlaryndan eline galam alyp goşgy düzüp başlandygyny habar berýär. Şol ýyllarda geljekki, beýik şahyrymyzyñ durmuşynda uly waka bolup geҫýär. Ony Magtymguly atamyz ӧzüniñ “Turgul”- diýdiler” atly täsin hem täsirli goşgusynda şeýle beýan edýär: “Bir gije ýatyrdym, tünüñ ýarynda, Bir dӧrt atly gelip: “Turgul”- diýdiler” “Men bilmedim, birzat guýdy üstümden, ýolugan dӧwrandyr, “sürgül”-diýdiler” “Ẏel boldum, ýügürdim ýerniñ damarna, nazarym ýetişdi Arşyñ keremne” Magtymguly atamyzyñ zehininiñ, düşünjesiniñ, biliminiñ kämilleşmeginde obadaşlarynyñ esasanam ýaşuly adamlaryñ täsiri uly bolupdyr. Sebäbi ol 10-12 ýaşlaryndan gijelerine adamlaryñ üýşen ýerlerinde (metjitlerde, ӧýlerde) dessanlary, dini kitaplary labyzly okap berer ekeni. Bu medeni ҫäre häli-häzire ҫenli dowam edip gelýär. Häzirki wagtda radio hem telegepleşiklerde bu ҫäreler yzygiderli alnyp barylýar. Magtymguly atamyz okan dessanlarynyñ gahrymanlaryny Ẏusup hem Züleýhany, Leýli hem Meƶnuny, Gül hem Bilbili, Şirin hem Perhady birnäҫe goşgularynda ussatlyk bilen beýan edýär. Muña mysal edip Beýik şahyrymyzyñ “Sӧýmüşem seni”- atly şygyrynda: “…Aşyk Ẏusup – Züleýhany…,” “…Meƶnun – Leýli perizady…,” “…Aşyk Perhat ol Şirini…,” “…Seýpelmelek – Mahjemaly…,” “…Aşyk Nowruz, Gül – Ferhary…,” “…Aryzda Ganwar Arzyny...,” “…Misli ol Tahyr Zӧhräni…,” “…Aşyk Garyp Şasenemi…, Sӧýen dek sӧýmüşem seni” - diýip, edebi ҫeper usul bilen okan yşky – liriki dessanlarynyñ atlaryny birin – birin getirýär. Şygyrýetin taryhy – ylmy düşünjeleriniñ gӧzleginde bolup ýӧren ýaş Magtymguly atamyzyñ, gündogar edebiýatynyñ beýik şahsyýetleriniñ dürli formalarda ýazan goşgularyny bilesigelijilik, yhlas bilen, düýpli ӧwrenýär. Olaryñ eserleri, geljekki beýik şahyrymyza, şygyrýet sungatyny iҫgin ӧwrenmeklige uly ýardam berýär. Magtymguly atamyz ҫagalygyndan diñe bir şygyrýet sungatyna ulaşman, eýsem ol belesigelijilikli taryh, filosofiýa, geografiýa, biologiýa, älem giñişligi, matematika, fizika ylymlaryna degişli kitapdyr golýazmalary hem okapdyr. Magtymguly atamyz ӧz milletiniñ, watanynyñ taryhy bilen ýaşlygyndan tanyşyp, ӧwrenip başlapdyr. Sebäbi Dӧwletmämmet ahunyñ durmuşunyñ esasy maksady il-gününi agzybirlikde, abadanҫylykda ýaşatmak bolupdyr. Şonuñ üҫin Magtymguly atamyzyñ hem ýaşlygyndan, ӧmrüniñ soñky günlerine ҫenli esasy maksady şol bolupdyr. Ol hem iliñ agzyny bir etmekligiñ, adalatly dӧwlet gurmaklygyñ ýollaryny, taryhy, filosofiki kitaplardan gӧzläpdir we kakasy Dӧwletmämmet ahunyñ “Wagzy-Azat”, Kabus ibn Waşymgiriñ “Kowusnama”, Nyzamylmülkiñ “Syýasatnama” atly eserlerini we beýleki eserleri enҫeme gezek okapdyr. Haҫanda biz Magtymguly atamyzyñ goşgularyny okanymyzda, kӧp sanly anyk taryhy, ylmy-ҫeper maglumatlara duşýarys. Olar diñe bir Türkmen halkymyzyñ, watanymyzyñ taryhlary bilen baglanyşykly bolman eýsem ýer ýüzündäki Aziýa, Afrika, Ẏewropa ýaly ýurtlardaky dürli halklardyr dӧwletlere degişli maglumatlar kän. Şonuñ üҫin hem Magtymguly atamyza gӧrnükli gündogar alymy Ẏ.E. Bertels ýӧne ýerden “Jemşidin jamy”-diýmändir. Aýratyn zehinli Magtymguly atamyz-ýaşlygyndan okan kitaplarynyñ mazmunlaryny dolulygyna ýat tutypdyr. Ẏigitlik müҫesine ymykly giren Magtymguly atamyz ӧzüniñ: “Kӧnlüm istär gezsem dünyä-älemni, ganatym ýok, uҫa bilmen neýlaýin. Okyr men,gӧrer men barҫa kelamy, magnysyny saҫa bilmen, neýläýin”-diýip ӧzüniñ ylmy-ҫeper dӧredijiliginiñ entäk kemterdigini duýýar we uzak oýlanmalardan soñ, dogan-garyndaşlaryna maslahat salyp, olaryñ razylygydyr-goldawlaryny alyp, okuwyny medreselerde dowam etdirmekligi ýüregine düwýär. Magtymguly atamyz başda türkmenleriñ arasynda belli bolan, Halaҫ etrabynyñ Gyzylaýak obasyndaky “Idris baba” medresesinde bir ýyla ýakyn okapdyr. Şol wagtlar ol şol ýerde ady belli bolan Nyýazguly ahun bilen tanyşypdyr we olaryñ arasynda halypa-şägirt gatnaşygy ýola goýulypdyr. Magtymguly atamyz Nyýazguly ahundan ӧzüne gerekli bolan sapaklary alypdyr we ol Lebapda ýaşan wagty, okan medresesinden başga Kerki, Garabekewül, Çärjew, Darganata ýaly obalardyr-şäherlerde bolup, olaryñ ýaşaýyşlary, taryhy ýadygärlikleri bilen tanşyp, okumyş adamlar bilen duşuşyp, sӧhbetdeş bolup, olarda bar bolan kitaplary okap, täze dürli maglumatlary toplapdyr. Idris baba medresesiniñ ahunynyñ ýogalmagy bilen, onda okuw togtapdyr we şol sebäpli hem Magtymguly atamyz okuwyny dowam etdirmek üҫin, Buhara şäherine gidipdir. Ol Buharanyñ Gӧgeldaş medresesinde Siriýadan ҫagyrylan mugallym asly Türkmen bolan Nury Kazym bilen tanyşypdyr we dostlaşypdyr. Akyldar atamyz okuwyndan boş wagtlaryny medresäniñ hem-de şäheriñ beýleki jemgyýetҫilik kitaphanalarynda, ӧzüni gyzyklandyrýan kitaplary okamak bilen meşgullanypdyr. Şeýlelikde Magtymguly atamyza Buharanyñ Gӧgeldaş medresesini tamamlamak hem miýesser etmändir. Medresede ýüze ҫykan käbir maglumatlara gӧrä, ilki Nury Kazym soñ Magtymguly atamyz bu medresani taşlamaly bolupdyrlar. Medresäni taşlanlaryndan soñ, iki dost ilki Lebapdyr-Mary sebitlerinde, welaýatlaryñ taryhy ýerlerine, gӧrnükli şahyrlaryñ guburlaryna zyýarat edipdirler we tanyşypdyrlar. Soñra olar Ӧzbegistanyñ, Samarkant, Margelan ýaly şäherlerinde bolup, olaryñ ilaty, gӧrnükli şahslary, taryhy ymaratlary we medeni merkezleri bilen tanyşyp häzirki, Gazagystanyñ ҫäklerine geҫipdirler. Ondan soñra olar Hindistanyñ demirgazyk ҫäklerindäki Islamabad, Lahor ýaly şäherlerinde bolup, ol ýerlerdäki kitaphanalarda ylmy wekiller bilen sӧhbetdeşlikleri geҫiripdirler. Iki ýyldan gowrak syýahatҫylykdan soñ, jahankeşde şahyr Magtymguly atamyz Hywadaky Şirgazy medresesinde okap başlapdyr. Hywada jemgyýetҫilik hem-de ýӧriteleşdirilen kitaphanalaryñ enҫemesi bolupdyr. Pelsepeҫi şahyr Magtymgyly, mümkinҫilikler bolan wagty medresäniñ mugallymlary bilen sӧhbetdeş bolup, olardan kӧp zatlary ӧwrenipdir. Ol ӧzüniñ “Gӧzel Şirgazy” –atly goşgusynda: “Sende tälim aldym, aҫyldy gӧzüm”-diýip belleýär. Magtymguly atamyz medresede okan ýyllarynda diñe bir Türkmen taryhy bilen gyzyklanman, eýsem gündogar halklarynyñ, arap ýurtlarynyñ hemde Ẏewropa dӧwletleriniñ taryhy bilen hem iҫgin gyzyklanyp, olar boýunҫa kitaplary ürҫ edip okapdyr. Umuman, akyldar atamyz, dana şahyr, ӧñdengӧrüji-alym we dünýewi ylymlardan baş ҫykaryp bilen, beýik şahsyýet bolupdyr hem-de onuñ kitaplar we kitaphanalar bilen gatnaşygy, dostlugy ӧmrüniñ soñky pursatlaryna ҫenli dowam edipdir. 2016-njy ýylyñ Gahryman Arkadagymyzyñ başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany ӧzgertmek ýyly diýlip atlandyrylmagy biz talyp ýaşlaryñ kalplarymyzda ҫäksiz guwanҫ duýgusyny dӧretdi. Bu dӧwletli geҫmiş mirasymyza bolan hormatyñ hem-de sӧýginiñ subutnamasydyr. Berkarar dӧwletimiziñ bagtyýarlyk dӧwründe milli medeniýetimize, onuñ aýrylmaz bӧlegi bolan edebiýat-sungatymyza giñ ýol acyldy. Goý, biz ýaşlara şular ýaly mümkinҫilikleri dӧredip beryän milli Liderimiziñ jany sag, ӧmri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýlägem rowaҫ alsyn. Taýýarlan: Halkara Ynsanperwer Ylymlary we ӧsüş Uniwerstitetiniñ Filosofiya hünäriniñ ikinji ýyl talyby Gülşat Gylyҫýazowa.