Türkmen halysy

düzet

Eger-de siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzlaryny görse bolýar: haly önümi dünýäni göz öňünde janlandyrýar.Haly Türkmenislanda iň meşhur geçginli haryt hasap edilýär, ol adamlary birleşdirýär, ysnyşmak, umumylyk wc hyzmatdaşlyk duýgusyny ösdürýär. Türkmen halysy öz gözbaşyny mähriban topragymyzdan alyp gaýdýar - onuñ

üstünde bitýän ösümliklerden iýmitlenýän goýunlaryň ýüňündcn dokalýar, goýun ýüňleri şu toprakda bitýän ösümliklerden, güllerden we miwelerden alynýan tebigy boýag bilen boýalýar we hala çitilýär. Türkmen halysyndaky keşdeler hem ekin meýdanlary, gülleri, haýwanlary, çaýlary, derýalary, şeýle hem Güni, Aýy we ýyldyzlaryň şekilleri bilen tebigaty şöhlelendirýär. Çak edilişine görä, ilkibaşda haly yssy howada we gurak çöllük we daglyk ýerlerde çarwa öýlerini örtmek we düşeklik üçin döredilen bolmaly. Haly ýokarky görkezilen şertlerden goranmak üçin örän gowy oýlanylyp tapylan serişdedir, şeýle hem olary bir ýerden başga ýere alyp gitmek üçin epläp ýygnamakda örän amatly bolupdyr. Bu bolsa derisini almak üçin gymmatly mallary soýmagyň zerurlygyny aradan aýrandygyny, şol bir waglda olardan ýylyň-ýylyna ýüň alnandygyny aňladýar. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrasyna haly dokalypdyr, soňra ol şol halyda ilkinji ädimlerini ädipdir. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çarwa öýleriniň gapysyndan «gapylyk» atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Onuň ortarasynda ýylyň dört paslyny we ýaşaýşyň möwrillerini aňladyp, ony dört bölege bölýan çäk bolupdyr. Bu hili halylarda Mekge tarapy görkezýän «mihrab» - metjitlerdäki arka görnüşli tagça şekillendirilipdir, ol bu ýerde gapynyň bardygynyda aňladypdyr. Türkmenler her gün halydan dokalan namazlykda namaz okaýar, aradan çykan adamyň üsti hem haly bilen örtülýär. Adamlar halynyň üstünde oturyp naharlanýarlar, ýatýarlar, atlaryny, düýelerini daşarky täsirlerden goramak maksady bilen, haly bilen örlýärler. Türkmen hojalykdaky esasy haly «maşgala daragty» bolup hyzmat edip, ol tiräniň we maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Haly torbalar dürli hili öý goşlaryny, şahsy zallary saklamaga niýetlenilýär.

Turkmenleriň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Ilki başda daş-töweregindäki dünýä bilen adamlary berk baglanyşdyrýan, ýaşaýyş hajaty bolup hyzmat eden haly ahyr netijede sungata öwrüldi. Onuň kämillige barýan ösüşiniň her bir döwründe öz ussatlary bolupdyr. Turkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, Halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr, gadymdan gelýän sungat eneden gyza geçipdir. Haly dokalanda wagt, güýç-gaýrat gaýgyrylmaýar, haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy gymmatlyga deňelýär. Haly halkyň zähmetiň adyllygyna bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, şol ynanç türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Şu günki gün bu medeniýet, bu miras türkmen halkynyň buýsanjydyr. Her ýyl may aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň güni bellenilip geçilýär, onda baýram edilýär we bu sungatyň waspy ýetirilýär.

Türkmenistanda haly dokalýan her bir sebitde sungatyň sazlaşykly utgaşmasy we çitiminiň beýikligi, görnüşleri, reňklemek üçin ulanýan önümleri bilen tapawutlanyp, öz aýratynlyklaryna baglylykda ösüpdir. Dürli hili halylaryň esasy aýratynlygy - olaryň gölleridir ýa-da nagyşlarydyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda hem ýurduň esasy bäş sany, Teke (Ahal), Ýomut (Balkan), Saryk (Mary), Çowdur (Daşoguz) we Ärsary (Lebap) welaýatlaryny aňladýan 5 sany göli gorse bolýar. Şeýle hem beýleki uly bolmadyk gölleri görmek bolýar. Göller töwerekdäki gurşawyň aýratynlyklaryny we tiräniň taryhyny şöhlelendirmek bilen, özboluşly tugra öwrülipdirler. Mysal üçin, ýomut halylaryna tolkun şekilli gök we ýaşyl nagyşlar f mahsusdyr. Bu bolsa ýomut türkmenleriniň Hazar deňziniň boýunda mesgen tutandygyny aňladýar. Ahalteke halylarynda gyzyl we narynç reňkleriň ulanylyşy agdyklyk edýär. Saryk halylary bolsa düýe ýüňüniň reňki - çalymtyl we goňur reňkler bilen doldurylýar. Dürli welaýatlarda ýaşaýan türkmenlere mahsus bolan göllerden başga-da türkmen halylarynda gaty köp sanly keşdeler ulanylýar. Köp gölleriň nämäni aňladýandygy taryhyň sahypalarynda ýitip gidenem bolsa, olaryň köp böleginiň tebigaty şöhlelendirýändigini görmek bolýar. Güller, guşuň aýak yzlary, deňiz pyşbagasy, goýun we geçi şahlary we beýlekiler göllerde anyk görünýär. Gün hem atanak görnüşinde şekillendirilendir. Romb görnüşli şekiljikler şüdügärlenen ekin meýdanyny, şeýle hem esasy dört tarapy - demirgazygy, günortany, gündogary, günbatary aňladýar. Şeýle-de, olar göz degmezlik, ýagny erbet gözlerden goranmak üçin hem çitilipdir. Halynyň ýüzüne çitilýän gölleriň we nagyşlaryň gizlin diline hünärmeniň gözi bilen seretseň, düşünmek mümkin, ýöne islendik adam hem hala ünsli seretse, onuň ýüzündäki nagyşlaryň näme-de bolsa bir zady aňladyp, janlanýandygyny görüp biler. Şeýle hem Türkmenistanyň çeper elli halyçy zenanlary haly dokamak senetçiliginde iki ýüzli halylary hem dokaýarlar. Onuň her ýüzüniň öz reňki we gülleri bardyr. Mundan hem başga halylara milli ýadygärlikleriň şekilleri hem dokalýar. Goýun ýüňünden düşege çenli haly dokamakda ýüpegiňbvg vs ft , pagtanyň we düýe ýüňüniň, seýrek-de bolsa, ulanylýandygyna garamazdan, goýun ýüňi häzirki wagta çenli iň amatlysy bolmagynda galýar. Goýun ýüňüniň hem ýazkysy, iň uzyny saýlanyp alynýar, onuň gysgalaryndan bolsa ýüplük edilýär. Ýüňüň ýumşaklygy, ýaldyrawuklygy we çeýeligi hem üns merkezine alynýar. Goýun gyrkmagy hem türkmenler sungat derejesine çykarypdyrlar. Ýüňi täzeden işlemek bolsa köp asyrlyk tejribeler we usullar esasynda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda reňkleriň birnäçe ýasama görnüşleri ulanylsa-da ýüňi boýamakda ony özbaşdak dokaýar. Türkmen halysy dokalan döwründe aýat-töwirler okalýar, bu adat haly dokalyp bolandan soň, has hem möhümdir. Halynyň üstünlikli dokalyp bolandygy üçin toy etmek, onuň üstünde aýat-töwir okamak üçin, aýdym-saz etmek üçin maşgala agzalary we myhmanlar ýygnanýarlar. Türkmen halky halynyň ruhy bar diýip düşünýär, şonuň üçin ony tyg bilen kesmekden saklanýarlar, duş gelen ýere taşlamaýarlar. Halylar uzak wagt saklanýar, ony 300 ýyla çenli ulanmak bolýar.

Halynyň gysgaça taryhy

düzet

Ýazuw çeşmeleriniň we saklanyp galan taryhy maglumatlaryň bolmazlygy haly dokamaklygyň nirede we haçan ýüze çykandygy barada anyk bir kesgitli zat aýtmaga esas döretmeýär. Halyçylyk bilen meşgullanan birnäçe halkyýetler bar, olaryň arasynda häzirki wagtda Gündogar haly guşaklygy diýilýän ýurtlar mälimdir. Olar Gündogar Ýewropadan başlanyp, Hindistandan Hytaýa bürünçden ýasalan haly keseri tapyldy. Türkmen halysynyň nagyşlarynyň nusgalaryna biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda degişli edilen käbir zatlarda gabat gelinýär. Neolit döwrüne degişli keramika böleklerinde şu günlerki halylarda düş gelýän geometriki şekillere meňzeş çyzgylar tapyldy. Şeýle hem ýurduň çäklerinde ýerleşýän köp sanly gadymy arheologik şäherlerde jaýlaryň diwarlarynda we polunda şoňa meňzeş nagyşlar tapyldy. Biziň eýýamymyzdan öňki VII asyra degişli ýylgynlydepe arheologik ýadygärliginde türkmen halylarynyň iň esasy nagyşlarynyň biri «dagdana» meňzeş şekiller tapyldy. Haýsysy - bezelen nagyşlarmy ýa-da haly öň peýda bolupdyr? - bu barada taryh dymýar. Ýöne şekillere taryhyň siňip gidendigi we şu günlere çenli üýtgemän gelip ýetendigi welin, aýdyň hakykat. Türkmen halylary hakynda iň ilkinji ýazuw çeşmesi XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden italýan syýahatçysy Marko Pola degişlidir. Marko Polo türkmen halylary hakynda ýakymly sözler aýdýar, olaryň «dünýäde iň inçe we owadan» halydygyny nygtaýar. Italýan Täzeden döreýiş döwrüniň beýik ussatlarynyň çeken suratlary, mysal üçin, Andrea del Werrokkonyň «Madonna keramatly loan Krestit we Donatus bilen» atly suraty türkmen halylarynyň dünýäde meşhur bolandygyna güwä geçýär. Türkmen halylary nemes flamandlarynyň we Wenesiansyň suratkeşleriniň işlerinde peýda bolýar. Aýratynam, Golbeýniň çeken Gerg Gisziň meşhur portretinde teke gölli haly aýdyň görünýär. Ýöne, muňa seretmezden, halyny kim we haçan döredendigine garamazdan, türkmen halkynyň haly dokamagy sungat derejesine çykarandygyna, şeýdip dünýäde ykrar edilmegini gazanandygyna hiç-hili şübhe ýok.

Çeşme

düzet
name of the bot
{{{bot}}}
Programming language
[[{{{programming language}}}]]
name of operator
[[{{{operater}}}]]
activities
{{{activities}}}
contact page
{{{contact}}}
Emergency bot shutoff button
Administrators:
Use the button if the bot is not working properly.