Mowzug: Türkmen jemagaty.

Meýilnamasy:

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen jemagaty barada.

2. Türkmenlerde jemgyýetiñ dolandyrylyşy.

3. Türkmenleriñ hojalygy.

4. Türkmenleriñ esasy işleri we zähmet gurallary.

Beýik Serdarymyz Saparmyrat Türkmenbaşy özüniñ Mukaddes Ruhnamasynda türkmen jemagaty barada, onuñ häsiýeti, ugurtapyjylygy, mertligi, adalatlylygy, paýhaslylygy barada ep-esli maglumatlar berýär. Şolaryñ biri hem türkmen oba tutunjak bolanda ulanýan tärleri. Ata-babalarymyz ýurt, oba tutunjak: ýerleriñ birnäçesinde bir küze suw bilen uzyn şyrygy dikip, oña el ýaly eti dañyp goýupdyr. Göçmeli wagt gelensoñ oba kethudasynyñ hut özi birki sany goja bilen aýlanyp görýär. Nirede et porsap, suw sadyr atan bolsa, şol ýer-de mesgen tutmaýarlar. “Ýurt düşmedi, ýer kabul etmedi” diýen düşünjeler hem türkmeniñ ýeriñ paýdaly hem zyýanly zolaklaryny bilendigine kepil geçýär.”

Ata – babalarymyz ekin ýerleri üçin ýap gazjak bolanlarynda özleriniñ ugurtapyjylygy bilen tapawutlanýar. Mysal üçin: “baýtalyñ boýnuna halta doly çägäni basyp, ony suw akdyrylmaly ugra tarap kowupdyrlar. Boýny agyr ýükli baýtal ýeriñ iñ peselip gidýän ugruny saýlapdyr”. Şol ugur boýunça, bellik üçin her ýerräkde gazyk kakyp, ýap, kanal gazypdyrlar.

Türkmenleriñ syýasy ulgamy olaryñ däp bolup galan gadymy “Töreçilik” dessury türkmenlere bütinleý deñligi we garaşsyzlygy üpjün edipdir. Her bir türkmen Töre kadalaryna boýun bolup, şoña kadany bozjak bolsa, ony derrew çetleşdirip, türkmen jemgyýetinde kowup çykarypdyrlar.

Türkmenleriñ irki taryhynda düşündirilişi ýaly, türkmenler Oguzlara degişlidir. Oguzlar bolsa türki halklaryñ arasynda esasy toparlaryñ biri bolup durýar.

“Töre” diýmek näme? Töre gadymy türkmenleriñ sosial durmuşyndaky zerur prinsipleriñ guramaçysy diýmekdir. Ýusuf Has Hajyb özüniñ 1070-ýylda ýazan “Kutadyk – Bilig” diýen eserinde şeýle belleýär: “Töre – adalat, bilim we parasatlylykdy. Bu – paýhasly başdy. Töre syýasat ýöreden mahalynda we ýurdy edara edende, hiç bir wakalaryñ adyl çözgüdini öz hususy ýykgyn edýän duýgusy bilen baglanyşdyrmaýardy. Ol hemmeleri deñ ynsan hasap edýärdi; şonuñ üçinde, ol dünýä gün we aý ýaly ýagty salýardy. Töräniñ ýagtysy hemme ýere deñ düşýärdi. Ol her bir adamyny deñ hasap edýärdi.

Jemagat diýlende ähli adamlar umumylykda göz öñünde tutulýar. Türkmen jemagaty köp sanla taýpalardan ybarat bolupdyr. Taýpalaryñ düzümine bolsa gaty köp tireler uruglar, kowum-garyndaşlar girýärdi.

Biziñ bilşimiz ýaly soñky 700-ýylyñ dowamynda türkmenlerde döwlet bolmandyr. Şeýle-de bolsa türkmenlerde özboluşly kada kanun bolupdyr. Baş-başdaklyga eden-etdilige ýol berilmändir. Sebäbi, olaryñ özboluşly syýasy – jemgyýetçilik gurluşy ony dolandyrmaklyk patriarhal esasda alnyp barylandyr. Ykdysady we syýasy durmuşda gadymdan gelýän demokratik we deñhukuklyk däbi saklanyp galypdyr.

Türkmen jemgyýetinde oba jemagatynyñ orny biçak uly bolupdyr. Türkmen oba jemagaty bütewi döwletiñ ýok şertlerinde döwletiñ esasy wezipesini ýerine ýetiripdir. Ol türkmenleriñ durmuşynda dowam edýän adatyñ we şerigatyñ kada-kanunlary esasynda bütin obany dolandyrypdyr.

Türkmen jemgyýetini dolandyryş ulgamynda iñ ýokary organ maslahat bolupdyr. Maslahat saýlawly organdyr, onuñ düzüminde esasan hanlar, serdarlar, miraplar, kethudalar ruhanylar we başga-da atly – abraýly adamlar girýärler. Maslahat umumy tire – taýpa we oba jemagaty derejesinde geçirilipdir.

Umumy taýpa maslahatyna onuñ düzümindäki tireler, özüniñ adam sanyna laýyklykda wekil iberipdirler. Maslahata esasan umumy taýpa hanlary baştutanlyk edipdir. Olaryñ bu ýerde artykmaç hukuklary bolmandyr. Maslahatda taýpanyñ harby hemde hijalyk meselelerine seredipdirler we ol boýunça degişli karar kabul edipdirler. Umumy taýpa maslahatyna Ahalda, maslahat, Maryda Geñeş diýipdirler. Döwrüñ talapyna umumy taýpa maslahatynda onuñ baş hany hem saýlanypdyr. Meselem XIX asyryñ 50-nji ýyllarynda Ahalda Nurberdi han, Maryda Gowşut han baş hanlyga göterilipdir.

Tire derejesinde geçirilen maslahatda bolsa şol tiräniñ harby – goranyş we hojalyk meselelerine garalypdyr. Tire maslahatynda tiräniñ hany hem saýlanypdyr. Tire hany Baş Han bilen ugurdaş işläpdir.

Oba maslahatynda oba jemagatynyñ doly hukukly ähli agzalary gatnaşyp bilýän eken. Maslahatda obanyñ gündelik durmuşy bilen baglanyşykly meselere – ýapgazmak, ony arassalamak, ýer-suw paýlamak, mirap saýlamak, jemagatyñ düzümine täze agzalar kabul etmek ýaly ençeme başga meselelere garalypdyr. Maslahatda garalýan meseleler köplenç adama we şeragata esaslanyp çözülipdir. Onda özara çekişmeler, jedeller köp bolýan eken. Ýöne her bir dawaly meselede azlyk köplüge boýun bolupdyr. Hatda hanlar, serdarlar, kethudalar ruhanylar hem şoña boýun eken. Maslahatyñ kararlarynyñ hemmeleriñ deñ derejede ýerine etirmegi borçly edilipdir. Egerde kimde kim ony ýerine ýetirmese, ol adam jemagatyñ uly hukukly agzalygyndan hemde ýer-suw paýyndan mahrum edilipdir.

Türkmen maslahatynyñ biziñ günlermize hem jemagaty dolandyrmakda uly ähmiýetiniñ bardygyny bellemek gerek.

Hanlar, serdarlar, ruhanylar jemagatda uly hir5mata eýe bolupdyrlar. Hanlar we serdarlar pähim-paýhasly, ugur tapyjy batyr, edermen harby tälime ökde adamlardan saýlanypdyr. Olar maslahat tarapyndan özlerine tabşyrlan tabşyryklary ýerine ýetiripdirler. Hanlyk we serdarlyk wezipeleri miras boýunça nesilden-nesle geçmändir. Halk olary ynamy ödemedik mahaly aýryp hem bilipdir.

Türkmen halklarynyñ hemişelik goşuny we zyndany bolmandyr. Olar göwünlerine ýaramadyk adamlara jeza berip bilmändir. Emma uruş wagty olaryñ hukuklary we borçlary has uly bolupdyr. Halka diýenini etdiripdirler, baş-başdaklyga ýol bermändirler.

Günorta Türkmenistandan tapawutlylykda Hywa hanlygynda, Buhara emirliginde ýaşaýan türkmen tire-taýpalarynyñ baş hany bolmandyr. Olar Hywa hem-de Buhara ýaly döwletleriñ düzüminde bolany üçin oña mümkinçilik hem bolmandyr. Hywa hanlygynda her bir türkmen tiresiniñ özbaşdak hany ýa-da kethudasy bolupdyr. Olar tire-taýpanyñ we obanyñ ähli içki işlerini özara maslahatlaşyp çözüpdirler. Hywa hanlary her bir türkmen tire-taýpalarynyñ üstünden gözegçilik eder ýaly ýörite özleriniñ emeldarlaryny belläpdir. Olar ýerlerde türkmen kethudalarynyñ üsti bilen hereket edipdirler.

Türkmen jemgyýetinde etniki we sosial deñsizlik bolupdyr. Emma muña garamazdan baýlar we garyplar bilen gapma-garşy durýan synp hökmünde orta çykmandyrlar. Ýagny ykdysady taýdan agalyk, syýasy taýdan agalyga öwrülmändir. Baýlaryñ hem köpüsi fiziki zähmete gatnaşypdyr. Olar hem edil beýleki adamlar ýaly jemagatyñ harby goranyş we hojalyk işlerini berjaý edipdirler.

Men barly ýa-da baý diýip garyp-gasara, garamaýaga sütem etmäge, özleriçe jeza bermäge hukulary bolmandyr. Munuñ özi beýleki halklara garanda türkmenleriñ hiç kime meñzemeýän jemgyýetçilik gurluşynyñ aýratynlygyny añladýar.

Türkmenlerde merkezleşdirilen döwlet bolmasa hem syýasy we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiñ hukuk esaslary bolupdyr. Ol adamdan we şerigatdan ybarat bolupdyr. Jedelli meseleler çözülende köplenç gadymdan gelýän adata eýeripdirler.

Türkmenlerde ýazylmadyk kada – kanunlara adat diýilýär. Ony bozan adam jenaýatçy hasaplanypdyr. Olar obadan çykarylypdyr ýa-da güýç bilen tertibe boýun egdirilipdir.

Jemagatyñ hukuk gatnaşyklary cözülende kazylaryñ roly uly bolupdyr. Her obanyñ tire-taýpanyñ ýörite öz kazysy bolupdyr. Kazylar mesele çözenlerinde şerigatyñ kadalaryndan ugur alypdyr. Obanyñ tire, taýpanyñ öz içindäki jedelli meseleler maslahatda kazylaryñ gatnaşmagynda çözülipdir.

Türkmen jemagatynda kesekiniñ zadyny ogurlamak agyr günä hasaplanypdyr. Ogry uly iliñ öñünde paş edilipdir. Şonuñ üçin hem ogurlyk juda az bolupdyr.

Din wekilleri türkmenleriñ syýasy, jemgyýetçilik gurluşynda möhüm rol aýnapdyr. Köp meseleler babatynda olardan maslahat soralypdyr. Olar hanlaryñ we serdarlaryñ ýakyn maslahatçysy bolupdyrlar.

Türkmenlerde mydamalyk goşun bolmandyr. Ýöne her bir ýaş ýigit at üstünde her hili harby hereketleri etmegi başarmaly eken. Ok, ýaý atmany, gylyçdyr, naýzany ussatlyk bilen işletmegi öz wagtynda öwrenmegi borçly edeilipdir.

Goşun ýurduñ, obanyñ üstüne howp abananda hanyñ çakylygy ýa-da maslahatyñ karary boýunça meýletin toplanypdyr. Has güýçli duşman çozan wagty ähli erkek adamlar bilen bir hatarda aýallar, ýetginjekler hem ýaraga ýapyşypdyrlar.

Türkmenler esasan gylyç, pelteli we hyrly tüpeñler, naýzalar, gamalar bilen ýaraglanypdyrlar. Sapança seýrek bolupdyr. Ýarag ýetmezçilik eden wagtynda uzyn syrygyñ ujyna gyrkylyp dañyp söweşipdirler.

Türkmenlerde maşgala we öý durmuşy hem özboluşly bolupdyr. Olarda maşgalabaşy erkek kişiler hasap edilipdir.

Türkmen maşgalasynda ata-enäniñ roly örän ýokary hasaplanýar. Olara goýulýan sylag-hormatyñam özboluşly aýratynlyklary bardyr.

Türkmenlerde sözüñ doly manysynda ýörite kazyýet bolmandyr. Olar öz taýpalarynyñ arasynda saýlanan wekillerinden türkmen parlamentinde başlygyñ baştutanlygynda aksakkallar toparyny düzüpdirler. Kazylar, kazyýet hökmünde hereket edipdirler. Öz işlerinde şerigatdan - yslam kanunlaryndan ugur alypdyrlar, emma şerigat türkmenleriñ arasynda beýle ýorgünli bolmansoñ, ol özleriniñ “Töreçilik” düzgüñleri bilen ýaşanlaryny kem görmändirler.

Kethudalaryñ öñunde çekeleşilýän jedeller kazyýet çekişmesine käbir meñzemeýär-de, eýsem gep ýaryşdyrylýan tomaşa meñzeýärdi. Ahyrsoñunda jedelleşýänler kethudalaryñ delillerine boýun bolmaly bolupdyrlar. Ahyrky karar günäkäriñ hak ýa-da mal bermegi bilen tamamlanýardy. Ýer-suw bölüşmek ýaly has uly jedeller ýa-da meseleler umumy maslahatda çözülipdir.

Türkmenleriñ oba hojalyk durmuşy iki topara bölünipdir. Birinjiden, ekerançylyk ygal ýagmagyna baglydy. Eger ýyl ygally gelse, olar esasan hem bugdaý we arpa ekinleriniñ oñat hasylyny alypdyrlar. Eger ýyl gurak gelse, olaryñ alýan hasylyda az bolupdyr. Türkmenistanyñ howasy gurak bolan soñ, hasylyñ bitmeýän wagtlary ýygydan – gaýtalanypdyr.

Çomur hojalyklarynyñ ikinji toparyna derýalaryñ ýakasyndaky ýerler degişlidi. Bu ýerlerde ekerançylyk derýalaryñ suwuna we suwaryş desgalarynyñ ýagdaýyna bagly bolupdyr. Bu barada türkmenler: “Nirede suw bolsa, şol ýerde-de ýaşaýyş bolýar” diýip aýdypdyrlar. Şoña görä-de türkmenler esasan-da, olaryñ güýçli taýpalary Amyderýa, Tejen, Murgap, Etrek, Gürgen derýalarynyñ ýakalarynda, şeýle hem Köpetdagyñ gündogar etegindäki köp sanly kiçijik çeşmeleriñ ugurlarynda mekan tutupdyrlar.

Pendi, Tejen, Sarahs we Etrek etraplarynda suwaryş ulgamlary Murgapdaka garanyñda garyp bolup, taýpalaryñ arasynda paýlanylýan suw hem azdy. Türkmenistanyñ köp ýerleri suwsyz çöl-beýewan bolup, maldarçylyk giñden peýdalanylypdyr.

Çarwalar tomus möwsümini geçirmek üçin, Nowruz aýy bilen Magtymguly aýynyñ aralygynda ýazlaglara (baýyrlaryñ arasynda we dag eteklerine) göçüpdirler. Gyşlamak we ýelden-ýagyndan goranmak üçin Garaşsyzlyk aýynda yzlaryna, jülgelere gaýdyp gelipdirler. Ýaz, tomus we güýz aýlarynda türkmenlermallaryny otluk örülerde we ýazlaglarda bakýan wagtlary, şol bir wagtyñ özünde olar gyş möwsümi üçin ýorunjadan arpadan , jöwenden ot-iým taýýarlapdyrlar.

Hünärmençilik türkmenleriñ durmuşynda uly orun tutupdyr. Ol hojalygyñ ekerançylyk we maldarçylyk pudaklary bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Hünärmençilik önümleri köplenç natural görnüsde alyş-çalyş edilipdir. Onuñ halyçylyk, dokmaçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik görnüşleri has kämilleşipdir. Söwda-satyk üçin käbir uly obalarda we şäherlerde hepdäniñ belli bir günleri bazarlar geçiripdirler.


Ýer eýeçiliginiñ görnüşleri:

Ýer suw paýlamak we oña gözegçilik etmek işleri hem oba jemagaty tarapyndan amala aşyrylypdyr. Türkmen jemgyýetçilik hojalyk durmuşynyñ esasyny ýer – suwa bolan eýeçilik düzüpdir. Onuñ sanaşyk, mülk, atlyk, wakyf ýaly görnüşleri bolupdyr.

Ýer – suw oba jemagatynyñ agzalarynyñ sanyna görä öz aralarynda bije atmak arkaly paýlaşylan görnüşine köplenç sanaşyk ýer eýeçiligi diýipdirler. Türkmen adatyna görä jemagatyñ her bir agzasyna onuñ kimligine garamazdan diñe bir ýer-suw paýy berilipdir. Ölçeg birligi hökmünde ýer däl-de suw hasap edilipdir.

Her obanyñ hany, serdary, miraby işany, mollasy bolup, olaryñ ilat arasynda sarpasy uly bolupdyr, şonuñ ýalyda olaryñ jemagatyñ tabşyrygyny ýerine ýetirýänligini nazarda tutulyp olara goşmaça ýer-suw paýy berlipdir. Oña sylag suwy diýipdirler.

Mülk ýerler sanaşyk ýerler bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Ýurt ýeri hökmünde berilýän ýerlere mülk ýeri diýlip atlandyrylypdyr. Mülk ýeriniñ möçberi hemme ýerde birmeñzeş bolmandyr.

Hywa we Lebap türkmenlerinde ýer-suw eýeçiligi başgarak görnüşde bolupdyr. Sebäbi ol ýerlerde ähli ekerançylyk we öri meýdanlary hökümdarlaryñky – döwletiñki hasaplanypdyr.