Türkmen milli göreşi —Türkmen medeniýetiniň  aýrylmaz bölegi bolup durýar. Sportuň bu görnüşi örän gadymylygyna garamazdan özüniň jemgyýetdäki ähmiýetini häli-häzire çenli birjikde ýitirmeýär. Gaýtam asyrlaryň dowamynda kämilleşen sportuň bu gadymy görnüşi biziň günlerimizde has  uly meşhurlyga eýe bolýar.

 Türkmen halkynyň geçmişinde, köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşimiz biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Munuň şeýledigine biz edebi miraslarymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Halkymyzyň geçmişinde ençe asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip, biziň günlerimize ýeten, türkmen halkynyň geçmişini, edim-gylymyny şöhlelendirýän ‘’Görogly’’ şadessanyny okanymyzda, Göroglynyň, Bezirgeniň keşplerinde, gelin-gyzlaryň arasynda Harmandäliniň, Aýsoltanyň keşplerinde, biz halkymyzyň durmuşynda göreşiň nähili ähmiýete eýe bolandygyny, halkymyzyň pälwanlara nähili hormat-sarpa goýýanlygyny aýdyň görýäris.Türkmen milli göreşi taryhyň ähli döwürlerinde halk köpçüligi tarapyndan söýlüpdir. Hut şu sebäpli hem göreş tutýan adygan pälwanlara il içinde uly hormat goýlupdyr. Jedelli meseleler ýüze çykanda ony agzybirlikde çözmek üçin,  taraplary ylalaşdyrmak üçin atly pälwanlary töwella iberipdirler. Olaryň töwellasy bolsa ähli halatlarda diýen ýaly diňlenilipdir.

Taryhy

düzet

Her bir milletiñ medeniýeti,däp-dessurlary we geografiki ýerleşişi özüne özboluşly aýratynlyk berýär.Merkezi Aziýada ýaşaýan türkmenleriñ, özbekleriñ, täjikleriñ, gyrgyzlaryñ, şol sanda gazaklaryñ milli eşikleriniñ biri-birine ýakyndygyny biz bilýäris.Munuñ özi şu halklaryñ geçmişde ýaşaýyş usullarynyñ meñzeşdiginden,howa şertleriniñ meñzeş ugurda ýerleşýändiginden habar berýär.Şeýle bolansoñ, ýaşaýyş üçin edilýän hereketler hem meñzeş bolýar.Şu milletler ,esasan, yssy ýurtlarda gara zähmetleri bilen meşgullanypdyrlar. Ýagny ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgul bolandyklary üçin elmydama billeri guşakly bolupdyr we Günüñ şöhlesinden goranmak üçin uzyn don hem geýipdirler. Şeýlelikde,durmuşyñ talabyna görä, ýuwaş-ýuwaşdan şol halklaryñ milli eşikleriniñ daş görnüşleri ýüze çykypdyr.Elbetde,geçmişde göreş şol gezilip we işlenilip ýörlen ýerlerinde tutulypdyr.Donly we bili guşakly pälwanlar guşaklaryndan tutup göreşmegi amatly hasap edipdirler.Şu halklaryñ milli göreşleriniñ guşakdan tutup göreşilýänligi sebäpli,emelleriñ ýerine ýetirilişinde-de, ýeñşiñ kesgitlenilişinde-de göreşiñ başlanylyşynda-da meñzeşlikler bardyr.