Türkmen pasporty
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasportyny 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň häzirki wagtda ulanylýan pasportlary 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklaýar.
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.
- Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar.
- Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.
- Pasport Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär. Pasport Türkmenistanyň her bir raýatyna, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara resmileşdirilýär.
- Pasport raýatyň şahsy arzasy boýunça berilýär. Ýaşy 18-e çenli bolan çagalara we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasport olaryň ata-enelerinden ýa-da kanuny wekillerinden biriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen towakganamasy esasynda resmileşdirilýär. Pasport kämillik ýaşyna ýetmedik çaga resmileşdirilende onuň bolmagy hökmandyr.
- Pasport on ýyla çenli, 16 ýaşa ýetmedik çagalara – bäş ýyla çenli möhletde berilýär. Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.
- Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.
- Zerur halatlarda pasportlar raýatlaryň arzasy boýunça çalşylyp bilner. Pasportlar şu halatlarda çalşylýar: hereket edýän möhleti tamamlananda; familiýasy, ady we atasynyň ady üýtgände; ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda; ulanmaga ýaramsyz bolanda; ygtyýarnamalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.
- Pasportlar olary resmileşdirmek üçin bellenilen tertipde çalşylýar. Pasportyň eýesi: pasporty aýawly saklamaga; ygtyýarly wezipeli adamlaryň talaby boýunça ony görkezmäge; onuň ýitirilmegi ýa-da tapylmagy barada migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda habar bermäge; täze pasport alanda könesini tabşyrmaga; pasport ulgamynyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyr. Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.
Almak boýunça gerekli resminamalaryň sanawy
düzetTürkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2010-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda 512 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy:
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin arzasy;
- 30mm x 40mm ölçegde bir sany reňkli surat;
- Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we onuň nusgasy;
- Dogluş hakynda şahadatnama we onuň nusgasy;
- Hemişelik ýaşaýan ýeri hakynda delilhaty;
- Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy;
- Harby bilet we onuň nusgasy ýa-da harby gulluga degişliligi barada harby wekillikden kepilnama;
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin döwlet pajynyň töleg kagyzy (30 manat) ýa-da pasport almak (çalyşmak) üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylandygyny tassyklaýan resminama; 16 ýaşy dolmadyk çagalar; uruş weteranlary; zähmet weteranlary; ähli derejedäki maýyplar;
- Ata-eneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň pasportlary we olaryň nusgalary (16 ýaşy dolmadyk çagalar üçin);
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny almak (çalyşmak) üçin ata-enelerinden ýa-da beýleki kanuny wekillerinden biriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen towakganamasy (18 ýaşy dolmadyk ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar üçin);
- Kanuny wekil diýlip bellenen raýatyň wekildiginiň hukugyny (kanunylygyny) tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
- Şahsy maglumatlaryny üýtgeden raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminamasy we onuň nusgasy;
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty ýitirilen ýa-da ogurlanan halatynda: Türkmenistanyň çäklerinde ýitirilen ýa-da ogurlanan bolsa, pasportyň yitirilendigi ya-da ogurlanandygy barada Türkmenistanyň içeri işler edaralary tarapyndan berlen kepilnama; Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýitirilen ýa-da ogurlanan bolsa, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan berlen ýurduna dolanmak hakynda şahadatnama;
- Türkmenistanyň raýatynyň pasporty bilen bir hatarda beýleki daşary ýurt döwletiň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) bar bolan raýatlaryň daşary ýurt döwletiniň (döwletleriniň) pasporty (pasportlary) ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy we onuň nusgasy.
Halkar
düzet- Biometriki maglumatly pasport Archived 2013-03-13 at the Wayback Machine
- Biometrik maglumatly pasporty almak boýunça gerekli resminamalaryň sanawy Archived 2013-03-07 at the Wayback Machine
name of the bot |
{{{bot}}} |
Programming language |
[[{{{programming language}}}]] |
name of operator |
[[{{{operater}}}]] |
activities |
{{{activities}}} |
contact page |
{{{contact}}} |
Emergency bot shutoff button |
• |
Administrators: Use the button if the bot is not working properly. |
Bu pasport makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |